Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar Aşgabadyň möhleti dolan tussaglary derhal azat etmegine çagyrýar


Türkmenbaşydaky köne türmäniň koridory. Arhiwden alnan surat
Türkmenbaşydaky köne türmäniň koridory. Arhiwden alnan surat

“Olary diri görkeziň” kampaniýasy geçen ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň prezidentine hat ýazyp, möhleti dolan tussaglaryň haýal etmän azatlyga goýberilmegine çagyrdy.

Kampaniýa 21-nji ýanwarda çap eden beýanatynda bu hatyň ýurduň häkimiýetlerine ýanwaryň başynda gowşandygyna tassyknama alandygyny belleýär.

Prezidente ýazylan hatda onuň Türkmenistanyň milli we halkara hukuk borçnamalaryny berjaý etmek bilen, ynsanperwerçilik kadalaryna eýerip, möhleti dolan tussaglaryň maşgalalaryna gowuşmagyna, ýogalanlaryň jesetleriniň hossarlaryna berlip, milli däpler esasynda jaýlanmagyna şert döretmegi soralýar.

Kampaniýa Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda bu möhüm meseläni çözmekde oňyn ädim ätmegine umyt baglaýar diýip, beýanatda aýdylýar.


2002-nji 25-nji noýabr wakasy, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş bilen baglylykda uzak möhletli ýa ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen onlarça adam 17 ýyldan bäri jemgyýetden doly üzňelikde saklanylýar, “Olary diri görkeziň” kampaniýasy bu tussaglaryň otuza golaýynyň (azyndan 27) tussaglykda ýogalandygyny habar berýär.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagtda diri ýitenleriň sanawyndaky adamlaryň bir toparynyň türme möhleti tamamlandy ýa-da tamamlanyp barýar.

Mysal üçin, Esen Buriýewiň, Isa Garataýewiň türme möhletleri 2017-nji ýylda, Bazar Gurbanowyň türme möhleti 2018-nji ýylda, Annageldi Akmyradowyň, Mamur Ataýewiň, Konstantin Şyhmyradowyň möhletleri 2019-njy ýylda tamam boldy, Rustem Jumaýew, Saparmyrat Muhammedow, Batyr Sarjaýew dagy bolsa şu ýyl azatlyga çykmaly. Orazmämmet Yklymow, Öwezmyrat Ýazmyradow dagy gelýän ýyl azatlyga çykmaly diýip, beýanatda bellenýär.

Kampaniýa bu tussaglaryň haýal etmän azatlyga goýberilmegine çagyrýar.


2021-nji ýylda türme möhleti dolýan Orazmämmet Yklymowyň inisi, Şwesiýada ýaşaýan ykdysatçy we aktiwist Saparmyrat Yklymow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde öz türmede ýiten garyndaşlarynyň aýatda diri däldigini, muny ir wagtdan bäri bilýändigini aýtdy, ýöne detallary açmady.

Özi hem S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygyna goşulmakda aýyplanan S.Yklymow bu iş bilen baglylykda türmede ýiten üç doganyny –Orazmämmet we Amanmuhammet Yklymowlary 1994-nji ýylyň tomsundan soň, Yklym Yklymowy 1995-nji ýyldan soň görmändigini, olar bilen hiç bir aragatnaşygynyň bolmandygyny gürrüň berdi.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasy Gulgeldi Annanyýazowyň ykbalyna hem ünsi çekýär, onuň derhal azat edilmegine we Norwegiýada ýaşýan maşgalasyna gowuşmagyna şert döredilmegine çagyrýar.

Annanayýazow, noýabrçylardan tapawutlylykda, 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy guralan protest ýörişi bilen baglylykda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi we soňra, halkara hukuk toparlarynyň tagallasy bilen azatlyga çykyp, Norwegiýadan syýasy gaçybatalga aldy.


Şol döwürde ol Azatlyk bilen söhbetdeş bolup, S.Nyýazow prezidentlikden aýrylmasa, “biziň halkymyzyň gelejegi ýok” diýipdi.

G.Annanyýazow Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň, Berdimuhamedowyň reforma wadalaryna bil baglap, Aşgabada dolandy we, serhetden bikanun geçmekde aýyplanyp, 11 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, onuň türme möhleti geçen ýylyň martynda doldy. Ýöne ol şondan soň, azatlyga goýberilmegiň deregine, Garabogaz şäherçesine, 5 ýyllyk möhlet bilen içerki sürgüne ugradyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň Birleşen Ştatlarda saparda bolup, Kolumbiýa uniwesitetinde bu adamlaryň “diridigine ynanýandygyny” aýtdy, ýöne şondan soň hiç bir detaly açmady. Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri bu tussaglaryň käbiriniň jesetlerini garyndaşlaryna jaýlamaga berdi.

Halkara hukuk toparlarynyň koalisiýasy 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň türmelerinde doly üzňelikde saklanylýan tussaglaryň 120-den gowragynyň işini dokumentleşdirdi we hakykatda türmede ýitenleriň sanynyň has kän bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG