Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanan Begenç Beknazarowyň 50 ýaşy doldy


Begenç Beknazarow
Begenç Beknazarow

2002-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşykda aýyplanan Begenç Beknazarowyň 11-nji ýylda 50 ýaşy doldy. Bu barada Türkmen.News habar berýär.

Garaşsyz neşir Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň öňki ofiseri Begenç Beknazarowyň ýubileý senesine gabatlap onuň Ysraýylda ýaşaýan aýal dogany bilen geçiren söhbetdeşligi çap etdi.

Begenç Beknazarow türkmen türmelerinde dereksiz ýiten türkmenistanlylaryň ykbaly barada maglumat toplaýan "Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasynyň 120 adamdan gowrak sanawdaky şahslaryň biridir.

Türkmen.News neşri Begenç Beknazarowyň ykbalynyň 14-ýyldan gowrak wagt bäri nämälim galýandygyny belleýär. Ol 2002-nji ýylyň noýabr aýynda başlanan tutha-tutluklaryň yzýany gizlenipdir, emma 2005-nji ýylda tussag edilip, S.Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşmakda aýyplanyp, iş kesilipdir.

​Ofiseriň maşgalasy tussag bilen duşuşmak ýa-da yzyndan zat ugratmak barada gürrüň ýok, eýsem onuň diriligini anyklamaga synanyşanda her gezek göni haýbatlara, sem bolmak talabyna sezewar edilýär. Emma olar tagallalaryny elden bermeýärler, diýip Türkmen.News ýazýar.

Maglumata görä, Begenç Beknazarowyň üç çagasy bar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri tussaglykda üzňe saklanýanlaryň ýakynlarynyň, adam hukuklaryny goraýjylaryň we daşary ýurtlaryň hökümetleriniň türkmen türmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbaly barada maglumat bermek talaplaryna ýyllarboýy jogap bermän gelýärler.

Begenç Beknazarowyň aýal dogany Annanyň Türkmen.News neşrine beren interwýusynda aýtmagyna görä, tussagyň ykbalyny anyklamak, ýanyna garaşsyz aklawçy ýollamak, yzyndan zat ugratmak we haýsy-da bolsa bir maglumat almak, şol sanda Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň üstünden, netije bermändir.

"Biziň ýüzlenmelerimize jogap gelmeýär, Ysraýylyň ilçihanasy bilen kontakta bolsa Türkmenistan girişmeýär" diýip, Begenç Beknazarowyň Ysraýylda ýaşaýan dogany Anna aýdýar. Onuň sözlerine görä, maşgalanyň Türkmenistandaky agzalarynyň eden köp sanly synanyşyklarynyň her biri olara gönüden-göni haýbat atylmagy bilen tamamlanýar.

Annanyň sözlerine görä, Begenç Beknazarowyň kakasy, ejesi we uýasy gynamalara sezewar bolupdyr.

"Begenjiň nirededigini anyklamak üçin gynadylar. Plastik çüýşeler bilen urdular, neşe sançdylar, derman bermediler (kakamyň ýürek keseli, ejemiň süýji keseli bar) aýal doganymyň fiziki we psihiki saglygyna zeper ýetirdiler. Umuman olary birnäçe aýlap tussaglykda sakladylar, soňra öz jaýyndan çykaryp kowdular we Aşgabatda ýaşamagy gadagan etdiler" diýip, Begenç Beknazarowyň dogany Anna Türkmen.News neşrine beren interwýusynda aýdýar. Onuň sözlerine görä häzir maşgala Maryda ýaşaýar.

Begenç Beknazarowyň kakasynyň aradan çykanyna dokuz ýyl bolupdyr.

"Ejemi we aýal doganymy ýurduň daşyna goýbermeýärler, olarda Orsýetiň raýatlygynyň bolmagyna, hatda Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň towakga etmegine garamazdan. Biz üçin Türkmenistan ýapyk, hatda kakam bilen hoşlaşmaga rugsat bermediler" diýip, Anna aýdýar.

Maglumatdan mälim bolşuna görä, Begenç Beknazarowyň maşgalasynyň türkmen türmelerinde dereksiz ýiten öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň maşgalasy bilen garyndaşlygy bar - kakasy tarapyndan daýzasy Boris Şyhmyradowyň inisi Konstantin Şyhmyradowyň aýaly.

Türkmen häkimiýetleri Begenç Beknazarowy 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda bolan syýasy wakalaryň esasy guramaçylarynyň biridigini yglan edensoň, ýakynlary ony gizläpdir. 2002-nji ýylda Beknazarow Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine hat ýazyp, Türkmenistandaky ýagdaýlary jikme-jik gürrüň beripdir.

"Biz bu haty Orsýete aşyrmagy we şol ýerden ýollamagy başardyk, emma hiç hili reaksiýa bolmady" diýip, Begenç Beknazarowyň aýal dogany Anna aýdýar.

Begenç Beknazarow 2005-nji ýylyň maý aýynda öz ene-atasynyň jaýynyň ýerzemininde tussag edilipdir.

​"Şol gün öýde kakam we Begenjiň 8 ýaşly ogly bardy. Howa, kakamy urandyklary takyk. Soň basdylar. Ejem, kakam we aýal doganym üç bolup iki gezek tussag edildiler, emma Ysraýylyň goşulyşmagyndan soň olary goýberdiler" diýip, Anna Türkmen.News neşirne beren interwýusynda aýdýar. Onuň sözlerine görä, Begenç Beknazarow tussag edileninden maşgalasy soň ondan habar alyp bilmändir, ony görmändir, emma onuň başda MHB-niň ýerzemininde saklanandygyny, soňra Owadan depedäki türmä geçirilendigini eşidipdir.

"Men erbet pikir etmek islemeýärin, emma men onuň diridigine ynam bildirýärin. Begenç ruhy taýdan örän güýçli we biziň ony mydama garaşýandygymyzy bilýär!" diýip, Begenç Bekmyradowyň aýal dogany Anna onuň 50 ýaş toýuna gabatlap Türkmen.News garaşsyz neşrine beren interwýusynda aýdýar.

Şu günki gün türkmen türmelerinde dereksiz ýitenleriň 120-den gowragyny öz içine alýan sanaw adam hukuklaryny goraýjy abraýly halkara guramalarynyň birnäçesiniň gatnaşmagyndaky "Olary diri görkeziň!" atly kampaniýasy tarapyndan düzüldi. Halkara jemgyýetçiliginiň basyşlarynyň netijesinde türkmen häkimiýetleri soňky ýyllarda sanawdaky tussaglaryň birnäçesi bilen duşuşmaga rugsat berdi, türmede ýogalanlar garyndaşlaryna berilip başlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG