Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zor bilen ýitirim edilmeler bes edilmeli. ÝB Türkmenistan boýunça pozisiýasyny beýan etdi


Türkmenbaşydaky türme (arhiw suraty)
Türkmenbaşydaky türme (arhiw suraty)

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistany zor bilen ýitirim edilmeler tejribesini ýok etmäge çagyrdy. Ýewropa BiIeleşiginiň bu pozisiýasy 2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda ÝHHG-niň hemişelik geňeşiniň Wenadaky maslahatynda beýan edildi.

​"Biz türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilmelere sezewar bolan adamlaryň ykbalyna ozalkysy ýaly çynlakaý alada edýäris. "Olary diri görkeziň!" ýaly ynamdar maglumatlar adamlaryň türkmen türmelerinde doly üzňelikde saklanmagyna degişli 120-den gowrak ýagdaýy dokumentleşdirýär. Soňky alty ýylyň dowamynda azyndan 27 adam tussaglykda ýogaldy" diýlip, ÝB-niň Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni bilen baglylykda eden beýannamasynda aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjy abraýly halkara guramalarynyň gatnaşmagyndaky "Olary diri görkeziň!" halkara kampaniýasynyň düzen sanawy syýasy sebäplerden tussag edilen tanymal oppozisiýa agzalaryny we korrupsiýada aýyplanan öňki ýokary wezipeli resmileri hem öz içine alýar.

Ýewropa Bileleşigi öz beýanatynda Türkmenistana eden aýgytly çagyryşyny gaýtalap, onuň bu betbagtçylygy dessine we netijeli ykrar etmelidigini, anyklaşdyrylmadyk ýagdaýlar boýunça çäre görmelidigini we zor bilen ýitirim edilmeler problemasyny ýok etmelidigini aýdýar.

"Biz tussaglyk möhleti eýýäm dolan ýa-da 2019-2020-nji ýyllarda gutarmaly ýitirim bolan adamlaryň ýagdaýyna üns bilen syn edýäris. Käbir aýra-başga wakalar barada maglumat berlen hem bolsa, türkmen türmelerinde dereksiz ýitenleriň köpüsiniň ykbaly nämälim galýar" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň belleýşi ýaly, zor bilen ýitirim edilmeler we gynamalar Türkmenistanyň türme sistemasyndaky iň agyr meseleleriň arasynda galýar.

Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalary daşky dünýäden doly üzňelikde saklanýarlar, olar garyndaşlary, aklawçylar we halkara guramalarynyň wekilleri bilen gatnaşdyrylmaýarlar. Şol bir wagtda-da, tussaglaryň daşky dünýä bilen gatnaşykda bolmagy, şol sanda hat alyşmagy, görüşmegi Türkmenistanyň kanunlarynda kepil geçilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň häzirki beýanatynda zor bilen ýitirim edilmeleriň köplenç jemgyýetde terrory ýaýratmak strategiýasy hökmünde ulanylýandygy bellenýär.

"Bu tejribe arkaly çuňlaşdyrylýan gorky-howatyr pidalaryň diňe ýakyn garyndaşlary bilen çäklenmeýär, eýsem daş-töweregine hem tutuş jemgyýete täsir ýetirýär" diýlip, ÝB-niň 5-nji sentýabrda eden beýanatynda aýdylýar. Bileleşik zor bilen ýitirim edilmeleriň aýgytly öňüni almak, derňemek we jenaýatlara jogapkär adamlaryň jogapkärçilige çekilmegi ugrunda göreşmek niýetini tassyklaýar.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň zor bilen ýitirim edilmeleriň soňuna çykmalydygyny öň ençeme gezek aýdypdy. 2017-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan bilen ýyllyk dialoglaryň çäginde Ýewropa Bileleşigi meseläni orta atyp, Aşgabatdan ýitirim edilen tussaglar barada maglumat bermegi we ady köpçülige mälim edilmedik adamlaryň ençemesiniň boşadylmagyny talap edipdi.

Türkmenistanda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegine BMG, ÝHHG we ýurtlaryň birnäçesi, şol sanda ABŞ, Fransiýa we Şweýsariýa öz aladalanmalaryny beýan edipdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda adamlaryň zor bilen ýitirim edilýändigini köpçüligiň öňünde açyk boýun almaýarlar.

Türkmenistanyň resmileri bu ýagdaýy 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda ret edip çykyş edipdi. BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň maslahatynda Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny berjaý edişi boýunça hasabat bilen çykyş eden Türkmenistanyň resmi wekili Wepa Hajyýew "şu günki gün gynamalar, zor bilen ýitirim edilmeler, eden-etdilikli tussaglyklar hakynda çynlakaý maglumat bolmady" diýdi.

Halkara jemgyýetçiligi zor bilen ýitirm edilmeler problemasyna 2010-njy ýylda has çynlakaý üns berip başlady, şonda BMG-niň ýörite rezolýusiýasy kabul edilip, Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni esaslandyryldy.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG