Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda haja gitjeklerden para soralýar, onuň kime berilmelidigini ‘ozal hajy bolan adamlardan anyklamaly’


Haj zyýaratyndan dolanýan türkmenistanlylar. Illýustrasiýa suraty.
Haj zyýaratyndan dolanýan türkmenistanlylar. Illýustrasiýa suraty.

Maryda öňümizdäki haj möwsümine nobata ýazylan adamlaryň ýüztutmalary kabul edilýär. Azatlygyň habarçysynyň habar bermegine görä, welaýatda haja gitjeklerden para soralýar.

Ol Maryda adamlaryň haja ýazylmak prosesi barada maglumat berdi. “Haja gitjek adamlar welaýatyň uly metjidiniň ymamyndan baryp soramaly, ol gerekli dokumentleri hem-de döwlete tölemeli tölegi aýdyp berýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda aryda 2005-2006-njy ýyllarda haj nobatyna ýazylan adamlaryň ýüztutmalary kabul edilýär. Haja gitmek üçin döwlete tölenýän resmi tölegiň möçberi – 36,000 manat. “Ýöne adamlaryň aýtmagyna görä, 36 müň manadyň daşyndan para bermeseň haja gidip bilmeýärsiň” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Maryda haj nobatyna duranlaryň ýüztutmalary we degişli resminamalary Aşgabada ugradylýar. “Eger, Aşgabat rugsat berse haja gitmäge taýýarlyk görübermeli” diýip, habarçy aýdýar. Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti Aşgabatda ýerleşýär.

“Haja gidýän adamlaryň sanawy welaýatyň Sanitariýa-epidemiologiýa gullugyna berilýär. Ol ýerde sanjym urulýar. Sanjym üçin kassa 800 manat tölemeli bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Maryda haja gitmek üçin goşmaça para bermedik raýatlaryň resminamalary Aşgabatda ret edilip, yzyna gaýtarylýar.

“Eger bermeli puly berseň, ýagny para berseň onda gidip bilýärsiň. Para berjek bolsaň, öň haja gidip gelenler bilen maslahatlaşyp, şolar nirä para beren bolsa şolaryň diýen adamsyna bermeli” diýip, habarçy maglumat berdi.

Türkmenistanda haja gidýänleriň uçar biletlerini döwlet satyn alýar. Onuň üpjünçiligi her ýyl prezidentiň permany bilen “Türkmenhowaýollary” agentligine tabşyrylýar. Geçen awgustda döwlet howandarlygynda Saud Arabystanyna 160 türkmenistanly ugradyldy. Türkmenistanda döwlet tarapyndan saýlanyp-seçilýän zyýaratçylary döwletiň hasabyna Saud Arabystanyna ibermek garaşsyzlyk ýyllarynda kada öwrüldi we başda bu mümkinçilikden has kän adam peýdalanýardy. Meselem, 2014-nji ýylda bu san 188 adamdy.

Ýöne ýurtda haja gitmek üçin raýatlaryň degişli häkimiýet wekillerine para berýändigi barada Azatlyk Radiosy mundan ozallar hem habar beripdi. Ýurt resmileri “haj parahorlygyny” geçen sentýabrda döwlet mediasynyň üsti bilen boýun aldy.

Ýatlasak, 13-nji sentýabrda döwlet telewideniýesinde Türkmenistanyň baş prokurory Batyr Atdaýew Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň hünärmenleriniň hem-de Ministrler Kabinetiniň dini guramalar bilen işleşmek bölüminiň işgärleriniň Mekge we Medinä haja gidýän adamlardan uly möçberde para alandyklarynyň üstüniň açylandygyny hasabat beripdi.

Maryda haj nobatyna duran adamlaryň görýän taýýarlyklary baradaky habar türkmen resmileriniň Saud Arbaystanynyň Haj ministrliginde geçiren soňky duşuşyklarynyň yzýanyna gabat gelýär.

15-nji ýanwarda Saud habar agentligi (SPA) Saud Arabystanynyň Haj we umra ministriliginde Türkmenistanyň müftüsiniň orunbasary bilen duşuşyk geçirilendigini habar berdi. Habardan mälim bolşuna görä, taraplar türkmenistanly hajylaryň Saud Arabystanyna zyýarata baranlarynda olar ediljek hyzmatlary ara alyp maslahaşdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG