Ermenistanyň parlamenti “wor zakon”, ýagny “kanunlaşan ogry” diýlip bilinýän guramaçylykly jenaýat toparlarynyň ýolbaşçylaryna we reket-talaňçylyk ýaly bikanun işler bilen meşgullanýan beýleki guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmegi göz öňünde tutýan kanuny tassyklady.
22-nji ýanwarda kabul edilen kanuna laýyklykda, “jenaýat toparlaryny döretmekde ýa-da oňa ýolbaşçylyk etmekde” aýyplanan şahslara, şeýle-de “kanunlaşan ogrular” diýilýänlere 10 ýyla çenli türme tussaglygy berler. Kanun olaryň emläkleriniň hem ele geçirilmegini göz öňünde tutýar.
Eger-de jenaýat topary tussag, “kanunlaşan ogry”, harby ofiser ýa-da resmi tarapyndan döredilen bolsa, onda tussaglyk möhleti 12 ýyla çenli uzaldylyp bilinýär.
Ermeni hökümetiniň we Adalat ministrliginiň jenaýat ketdeleriniň beýleki tussaglara we türmelerdäki düzgüne täsir ýetirmegini gowşatmak ugrunda tagalla edýändigi aýdylýar.