Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Ysraýyl Auşwitziň hatyrasyna geçirilen duşuşygy Eýrana dilden hüjüm etmek üçin ulandylar


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu
Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu

Birleşen Ştatlar we Ysraýyl Auşwitz, ýagny Oswensim konsentrasiýa lageriniň azat edilmeginiň 75-nji ýyl dönümini Eýrana dilden hüjüm etmek üçin ulandylar. Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Eýrany “planetadaky iň antisemit režim” diýip atlandyrdy.

“Başga Holokots bolmaz” diýip, Netanýahu 23-nji ýanwarda Iýerusalimde 40-dan gowrak ýurduň döwlet we hökümet baştutanlarynyň ýygnanan duşuşygynda aýtdy.

Netanýahu Bütindünýä Holokost Forumyna gatnaşanlara “planetadaky iň antisemit režime, ýadro ýaraglaryny aç-açan ösdürmäge we ýeke-täk ýewreý ýurduny ýok etmäge synanyşýan režime garşy bitewi we aýgytly pozisiýany heniz görmeýäris” hem diýdi.

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Mike Pence Eýran Holokosty ret etmegi “döwlet syýasaty” hasaplaýan dünýädäki ýeke-täk ýurt diýip, halkara jemgyýetçiligini Tährana garşy “berk durmaga” çagyrdy.

Ýadro ýaraglaryny öndürmäge synanyşýandygyny ret edýän Tähran antisemitizm aýyplamalaryny hem ret etdi.

Eýran özüniň ýewreý döwletine garşy çykyş edip, palestinalylary goldaýan bolsa-da, ýewreý adamlary, şol sanda Eýranyň içinde ýaşaýan ýewreý azlygy bilen hiç hili problemasynyň ýokdugyny öňe sürýär.

Mundan öň, Ysraýylyň prezidenti Reuwen Riwlin Auşwitz lageriniň azat edilmegini bellemek maksady bilen Iýerusalimde geçirilen foruma gatnaşmak arkaly “ýewreý halkyna raýdaşlyk” bildirendikleri üçin dünýä liderlerine sagbolsun aýtdy.

Çäräniň başynda çykyş eden Riwlin “antisemitizmiň ýewreýler bilen tamamlanmaýandygyny” aýtdy we antisemitizmi hem-de jynsparazlygy “howply kesel” diýip atlandyrdy.

Nasistik Germaniýanyň Polşany okkupirlän döwri Auşwitz-Birkenau konsentrasiýa lagerinde aglabasy ýewreýler bolan 1 milliondan gowrak adam öldürildi. Holokostda alty million ýewreý öldi.

1945-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Sowet Gyzyl goşuny Auşwitzi azat edipdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, fransuz prezidenti Emanuel Makron, britan şazadasy Çarlz, ABŞ-nyň wise-prezidenti Pens, şeýle-de Germaniýanyň, Italiýanyň we Awstriýanyň prezidentleri foruma gatnaşan 40-dan gowrak ýokary derejeli döwlet resmileriniň käbiridir. Bu Holokosty hatyralamaga we häzirki döwrüň antisemitizmine garşy göreşmäge gönükdirilen iň uly duşuşykdyr.

Auşwitz lageriniň azat edilmeginiň ýyl dönümi saudylaryň ýolbaşçylygyndaky Bütindünýä musulman ligasy we dünýädäki musulman jemgyýetleriniň liderleriniň we dini ýolbaşçylarynyň 60 çemesi tarapyndan hem hatyralandy. Olar Polşadaky Auşwitz Holokost memorialyna baryp gördüler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG