Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka Moskwany Belarusy özüne birikdirmek üçin basyş görkezmekde aýyplaýar


Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka nebit ekspertleri bilen duşuşýar. 21-nji ýanwar, 2020

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka Moskwany öz ýurduny Orsýete birikdirmek üçin basyş görkezmekde aýyplady we özüniň muňa hiç wagt ýol bermejekdigini aýtdy.

Lukaşenka 24-nji ýanwarda Belarusyň günortasyndaky kagyz zawodynyň işçileriniň öňünde çykyp gürlände, ýurduň esasy arzan nebit-gazynyň üpjünçisi bolan Orsýeti tankytlap, Kremli Minskiniň nebite garaşlylygyny ulanyp, ony Orsýete “birigmäge" mejbur etjek bolmakda ýazgardy.

“Biziň öz ýurdumyz bar, biz özbaşdak we garaşsyz ýurt. Biz öz beýnilerimiz we ellerimiz bilen başaran zadymyzy gazanýarys, biz öz ýurdumyzy gurýarys. Onsoň biz başga ýurduň bir bölegine öwrülip bilmeris” diýip, Lukaşenka aýtdy.

"Men size dönüklik edip we Belarusy hatda doganlyk Orsýetiň içinde hem eredip bilmerin. Hatda men muňa razy bolaýsam-da, belaruslar meni bir ýyla ýetirmän diriligime iýerler” diýip, 1994-nji ýylda döredilen wagtyndan bäri prezidentlik wezipesinde oturan Lukaşenka aýtdy.

“Bu, [Belarusyň ilkinji prezidenti bolmak] uly hormat, emma men iň soňky prezident bolmak islemeýärin” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Belarus Orsýete ýangyç we maliýe babatda köp derejede garaşly we şol bir wagtda rus energiýasynyň Ýewropa ýurtlaryna akdyrylmagyndaky esasy tranzit ýoly bolup durýar.

XS
SM
MD
LG