Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda onlarça ýaşaýyş jaýy ýere ýegsan edildi


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň aeroportunyň golaýyndaky etrapçalarda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy ýumruldy. Häzirki wagt bu ýerde diňe 21-nji we 8-nji orta mekdepleriň binalary galdy diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Ýatlatsak, şol jaýlaryň ýykyljakdygy baradaky habary Azatlyk Radiosy geçen ýylyň tomsunda mälim edipdi. Bu jaýlar Atamyrat Nyýazow şaýolunyň Ýaşyl Tug, A.Amanow we 2013 köçeleri bilen aralygynda hem-de şolaryň ugrunda ýerleşýärdi.

“Aşgabadyň aeroportunyň golaýyndaky ýykylmaly edilen köp gatly jaýlaryň meýdançasynda diňe iki sany bina galdy. Olar 21-nji we 8-nji orta mekdepleriň binalary bolup, galan jaýlar ýer bilen ýegsan edildi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 29-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, Aşgabadyň häkimiýetleri bu mekdepleriň binalarynyň okuw möwsümi tamamlanýança ýykylmajakdygyny mälim etdiler.

“2020-nji ýylyň maý aýyndan soňra binalar ýykylmaga degişli edildi. Häzir çagalary bu mekdeplerde gatnaýan ene-atalar aljyraňňy ýagdaýda bolup, olar öz çagalaryny golaý-goltumdaky beýleki mekdeplere ýerleşdirmäge synanyşýarlar” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň jaýlary ýykylan ýaşaýjylarynyň nirä göçendigini, olara kompensasiýanyň ýa wagtlaýyn jaýyň berilendigini ýa-da berilmändigini anyklamak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi. Bu barada Aşgabat şäher häkimliginden hem kommentariý alyp bolmady.

Aşgabatda bu ýaşaýyş jaýlarynyň ýykyljakdygy baradaky habary Azatlyk Radiosy 2019-njy ýylyň iýul aýynyň başynda habar beripdi.

Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitiň ýaşaýjylaryna jaýlarynyň ýykyljakdygy barada duýduryş berlendigini gürrüň beripdi. Aýdylyşyna görä, bu ýerde alleýa döretmek göz öňünde tutulýar.

“Kompensasiýa meselesi heniz nämälim bolup galýar. Sebäbi täze kwartira beriljek diýilse-de, olaryň beriljekdigi barada ýaşaýjylara häzirlikçe resminama berilmändir. Häkimligiň işgärleri ýaşaýjylara wagtlaýyn dogan-garyndaşlarynyň ýanyna göçmegi maslahat beripdirler” diýip, habarçy gürrüň beripdi.

Şu aýyň başynda bolsa, bu ýerde ýaşaýan “Türkmenhowaýollary” milli awiakompaniýanyň işgärleriniň öýlerinden çykarylýandygy we olara başga ýerden jaý berilmeýändigi mälim boldy.

Kosmonawtlar bulwarynyň (öňki № 2013 köçe) 263-nji umumy jaýynyň ýaşaýjylary 6-njy ýanwarda Azatlyk Radiosyna ýüz tutdy. Olar öz hatlarynda türkmen häkimiýetleriniň 47 maşgalany jaýlardan çaltrak çykarmak üçin, olara işden boşatmak haýbatyny atýandygyny aýtdylar.

Şonda olar jaýlara berilýän elektrik togunyň, suwuň hem-de ýyladyş ulgamynyň-da eýýäm kesilendigini we gyşyň içinde nirä gitjeklerini bilmeýändiklerini gürrüň berdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdy dolandyrýan ýyllarynda, hususan-da soňky onýyllygyň dowamynda Aşgabadyň merkezinde we eteginde köp gatly hem-de howly jaýlaryň müňlerçesi ýykyldy.

Jaýlary köpçülikleýin ýykmak çäresi esasan-da, 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňýanynda güýçli depginde amala aşyrylypdy.

Ýykylan jaýlaryň deregine täze seýilgähler, hökümet binalary, ýaşaýyş jaýlary, sport mekdepleri we şuňa meňzeş desgalar gurulýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi millionlarça amerikan dollary möçberinde serişde harçlanyp gurulýan bu desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň köplenç boş durýandygyny aýdýar. Şeýle-de, olar jaýy ýykylan adamlaryň aglabasyna ençeme ýyllap, käte-de düýpden hiç hili jaý berilmeýändigini belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG