Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Mirasyň" başlygy täzelendi, täze ýolbaşçy prezidentiň kitaby esasynda gepleşikler tapgyryny taýýarlar


Türkmen TW-sinden bir görnüş
Türkmen TW-sinden bir görnüş

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir gezek milli teleýaýlymlaryň işini tankyt etdi, “ýurduň ýeten derejesini giňden açyp görkezýän wakalaryň yzygiderli beýan edilmeýändigini” aýdyp, nobatdaky kadr çalşygyny geçirdi.

Emma synçylar habar serişdelelerinde hakyky bolmalysy ýaly işlemek üçin düýpden şert galmandygyny aýdýarlar.

TDH-nyň maglumatyna görä, “özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin” Guwanç Baýramdurdyýew Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” tele-radioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy, onuň ornuna Gülnara Çaryýewa bellenildi. Täze bellenen direktoryňozal nirede işländigi, nähili tejribesiniň bardygy aýdylmaýar.

Berdimuhamedow “Mirasyň” başlygyny gysga wagtda ikinji gezek täzeleýär. Geçenýylyň maýynda ol bu radio-teleýaýlynyň direktory Bäşim Ataýewi “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşatdy we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna käýinç yglan etdi. Emma bu diýilýän “düýpli kemçilikler” anyklaşdyrylmady.


Habar serişdeleriniň ýolbaşçylaryna bildirilýän nägilelik adatça olaryň ýurtda gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri ýeterlik wagyz edip bilmezligi bilen bagly.

Berdimuhamedow döwlet eýeçiligindäki neşirleriň ählisiniň wezipesiniwagyzçylykda görýär. Ol wagyzçylyk talabyny 28-nji ýanwarda geçiren maslahatynda hem gaýtalady. “Mirasdan” bolsa, gazanylandygy aýdylýan üstünliklerden başga, milli däp-dessurlary çuňňur öwrenmek we giňden wagyz etmek hem talap edilýär.

Prezidentiň iş maslahatynda nygtamagyna görä, türkmen halkynyň “milli gymmatlyklarynyň, ýagşy dessurlarynyň wasp edilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar”. Ol täze bellenen direktora türkmen halkynyň asylly ýörelgelerine, maşgala edebine we nesil terbiýesine degişli, çuňňur many-mazmunly gepleşikleriň taýýarlanylmagyny tabşyrdy.


Emma muňa garamazdan, synçylaryň köpüsi ýurtdaky habar serişdeleriniň prezidentiň wagyzçylyk talaby esasyndaýalançylyga mejbur edilýändigini, munuň milli gymmatlyklaryň ählisine ters gelýändigini aýdýar.

Şwesiýada ýaşaýan ykdysatçy Hudaýberdi Orazowyň pikiriçe, habar serişdelerindäki problema ozaly, beýleki pudaklarda bolşy ýaly, hünärli kadrlaryň tasdan galmandygy,bolan adamlara hem işlemäge mümkinçilik berilmezligi bilen bagly.

Şeýle-de Orazow ýurtda alnyp barylýan syýasat hakykatda türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň ählisine ters gelýär diýip pikir edýär.“Bu ýagdaýda, häzirki syýasat dowam etse, kimi haýsy wezipä goýanyňda hem iş ýöremez” diýip, ykdysatçy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Emma muňa garamazdan, 28-nji ýanwarda wise-premýer Bahargül Abdyýewadan ýene bir gezek metbugatişgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirilmek talap edildi.

“Mirasyň” täze direktorynyň öňünde bolsa,Berdimuhamedowyň “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda beýan edilýän nakyllar we olaryň ähmiýeti barada hem yzygiderli gepleşik taýýarlamak wezipesi goýuldy.

Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça dünýäde iň yzdaky orunlarda durýar, halkara hukuk guramalary Aşgabady öz kabul eden metbugat kanunyny sylamazlykda tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG