Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda resminamalaryny täzelemäge mejbur edilýän oba ýaşaýjylary parahorlukdan zeýrenýär


Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Raboçi, Gökje, Muhadow we Komunizm daýhan birleşikleriniň Mary şäherine birleşdirilmegi netijesinde, şu günler bu sebitiň ýaşaýjylary özleriniň ähli resminamalaryny gyssagly täzelemäge mejbur bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan oba ýaşaýjylarynyň ençemesi bu işiň dowamynda “döredilýän emeli kynçylyklar sebäpli özleriniň para bermäge hem mejbur bolýandygyny” aýdýarlar.

“Öň Wekilbazar we Mary etraplaryna degişli bolan bu daýhan birleşikler soňky 6 aýlykda şäheriň hasabyna goşuldy. Şu ýylyň başyndan adamlary derrew şäheriň hasabyna geçiň diýip howlukdyrýarlar. Adamlar ähli resminamalary täzelemese, onda olara gerek bolan kepilnamalar berilmeýär. Şeýle-de täze doglan çagalar we täze gelinler hasaba alynmaýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 30-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, resminamalary täzelemek işiniň çäginde oba ýaşaýjylary mellek ýerlerini, awtoulaglaryny, pasportlaryny, hatda işigindäki itlerini Mary şäherinde hasaba duruzmaly bolýarlar.

Ýöne ýaşaýjylar talap edilýän ähli resminamalary taýýarlap Mary şäher häkimligine baranda, dürli bahanalar bilen öz işleriniň çözülmeýändigini we ençeme günläp, käte hepdeläp bu ýere gatnamaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Soralan ähli resminamalary elteniňde, hiç bir kemçilik bolmasa-da, bir dokument galypdyr diýip yzyňa iberýärler. Indiki gezek baranyňda täzeden kepilnama alyp gel diýýärler.Kepilnamanyň bahasy 5 manatdan başlanýar. Bu resminamalaryň berilýän edaralarynda we häkimlikde nobatlar hem uly” diýip, habarçy oba ýaşaýjylaryň biriniň sözüni sitirledi.

Şol bir wagtda, ýaşaýjylar bu bökdençlikler sebäpli özleriniň ençeme wagtyny, şeýle-de kepilnamalary täzeden almak we taksi üçin onlarça manat möçberinde maliýe serişdelerini ýitirýändiklerini aýdýarlar.

“Adamlar bu edaralardaky nobatlardan, bökdençliklerden, çykdajylardan halys ýadap, iň soňunda para berenlerini gowy görýärler. Sebäbi resminamalaryň arasyna azyndan 50 manat salyp beren ýaşaýjylaryň işi dessine çözülýär, ähli dokumentleri kabul edilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlary Mary şäher häkimligine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynda para almak we bermek tejribesi, şeýle-de muny amal etmedik ýaşaýjylaryň işiniň bökdeýändigi barada Azatlyk Radiosy mundan öň hem habar beripdi.

22-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy öňümizdäki haj möwsümine nobata ýazylan adamlaryň ýüztutmalarynyň kabul edilýändigini habar berdi. Şonda ol haja gitjek adamlaryň we olaryň hossarlarynyň ençemesine salgylanyp, adamlar resmi tölegiň daşyndan para bermese, onda olaryň haja gidip bilmeýändigini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatlarynda edýän çykyşlarynda ýurtda korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreşiljekdigini gaýtalaýar.

Bu çykyşlar bilen bir hatarda, soňky ýarym ýylyň dowamynda ýurtda birnäçe ýokary we orta derejeli resmi, şol sanda öňki içeri işler ministri hem-de öňki Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri korrupsiýa aýyplamalary esasynda türmä basyldy.

Muňa garamazdan, Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa boýunça ýaýradýan hasabatlarynda iň soňky orunlarda ýerleşdirilýär. Transparency International guramasynyň 23-nji ýanwarda ýaýradan soňky hasabatynda Türkmenistan Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionynda iň yzdaky orunda ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG