Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG täze wirus sebäpli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi, türkmen prezidenti ýurtda howply kesellerden berk gorag goýuldy diýýär


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidenti ýurtda howply infeksiýalardan berk gorag goýlandygyny, olaryň öňüni almak üçin netijeli çäre görülýändigini aýtdy. Emma Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy ýanwarda eden bu çykyşynda haýsy keselleri göz öňünde tutýandygyny takyklaşdyrmady. Türkmen prezidentiniň bu çykyşy Bütindünýa guramasynyň Hytaýda dörän täze görnüşli koronawirusyň ýaýramagy sebäpli halkara derejesinde adatdan daşary ýagdaýy yglan etmegine gabat geldi.

Dünýäde adamlaryň ölümine sebäp bolýan howply keseliň tizlik bilen ýaýraýan wagtynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň wise-premýerler, welaýat häkimleri, güýç edaralaryň ýolbaşçylary we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary komissiýasynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda Hytaýda döräp, dünýä ýurtlaryna ýaýraýan koronawirusy düýpden agzamady.

"Maksada laýyk alnyp barylýan işler sebäpli ýurtda howply infeksiýalardan berk gorag goýuldy, olaryň öňüni almak üçin netijeli çäreler görülýär" diýip, Türkmen döwlet habar agentligi döwlet baştutanyny sitirleýär.

Koronawirusyň bir aýdan gowrak wagt mundan öň ýüze çykmagyna garamazdan, Türkmenistan bu wirusyň döremegi we indi tutuş dünýä ýaýramagy barada doly dymýar.

Türkmen häkimiýetleri şu çaka çenli muny bir gezek hem agzamadylar. Halkara epidemiýasy barada döwlet mediasyna hem habar bolmady.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanda käbir öňüni alyş çäreler göze ilýär. Hususan-da, arassaçylyk-epidemiologiýa we ýurda ýokanç keselleriň getirilmeginiň öňüni almak çärelerine gözegçiligiň artdyrylandygy habar berildi.

Türkmenistanyň mediasy Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň bu barada 8-nji ýanwarda gol çekilen kararynyň bardygyny habar berdi.

29-njy ýanwarda "Türkmen howaýollarynyň" Pekine gatnaýan reýslerini wagtlaýyn togtadýandygy belli boldy.

30-njy ýanwarda hökümetçi "Orient" neşri türkmen häkimiýetleriniň koronawirusyň ýaýrmagynyň öňüni almak üçin raýatlary Hytaýa syýahat etmekden saklanmaga çagyrandygyny habar berdi.

Emma Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi websaýtynda koronawirus barada informasiýa we raýatlaryň Hytaýa barmakdan saklanmagyna çagyryş ýerleşdirilmändir. Azatlyk Radiosyna ministrligiň özünden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Şol bir wagtda-da, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, ýurduň döwlet edaralarynda käbir arassaçylyk çäreleri geçirilýär, keselhanalarda ýüzi maskaly adamlar köpelipdir. Mekdeplerde, çagalar baglarynda we keselhanalarda dezinfeksiýa üçin himiki serişdeler bilen bir hatarda ýüzärlik tütedýärler.

“Welaýat sanitar-epidemiologiýa merkezinde ýörite topar düzülipdir. Bu topar her gün öz iş ýerlerinde nobata durmaly edilipdir” diýip, habarçymyz 29-njy ýanwarda habar berdi. Onuň sözlerine görä, ýerli resmiler we medisina işgärleri bu çäreleri "köp grip wirusynyň bardygy, şeýle-de täze wisuryň döremeginiň öňüni almak" zerurlygy bilen düşündirýärler, emma onuň adyny agzamaýarlar.

Dünýä saglyk guramasy täze koronawirus sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Häzirki wagtda wirus dünýäniň 18 ýurdunda anyklandy, Hytaýyň daşynda kesellänleriň sany 100-dan geçdi.

Hytaýyň özünde 8000 golaý adamyň keselländigi, 170 adamyň ýogalandygy, 12 müň adamyň koronawirusyň ýokmagy bilen bagly şübhe astyna alnandygy 30-njy ýanwarda habar berildi.

Hytaý Türkmenistanyň iň iri ykdysady partnýorlarynyň biridir. Ýurtlaryň arasynda berk söwda we gumanitar gatnaşyklar saklanýar. Hytaýda müňlerçe türkmen studenti bilim alýar.

Türkmenistan Hytaýda okaýan raýatlary barada resmi sanlary çap etmeýär. Azatlygyň bilim pudagyndaky çeşmeleri 5000 müň çemesi türkmenistanlynyň Hytaýda bilim alýandygyny, olardan üçden bir böleginiň döwletiň goldawynda okaýandygyny aýdýarlar.

​Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ykrar edilen sanawda Hytaýyň 130-dan gowrak ýokary okuw jaýy görkezilýär, olaryň arasynda koronawirusyň merkezi bolan Uhan şäheriniň okuw jaýy bar.

Häzirki wagtda Hytaýda bilim alýan türkmen ýaşlarynyň ene-atalarynyň öz çagalarynyň ýagdaýyndan alada edýändigini habarçylarymyz aýdýarlar.

"Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň Hytaýda okaýan çagalaryny öz ýurdumyza getiresleri gelýär, ýöne studentler gaýtsa olaryň okuwlary köýýär, ondan daşary, eger gulluk etmedik bolsa, gulluga akiderler diyip ene-atalar näme etjeklerini bilmeýärler we uly aljyraňylyga düşýärler" diýip, habarçymyz 31-nji ýanwarda Marydan habar berdi.

Azatlyk Radiosyna diňleýjilerden gelen hatlaryň birinde şu günler Hytaýda okaýan türkmen ýaşlarynyň VISA kartlaryndaky puly ulanmakda türkmen banklarynyň çäklendirýändigi sebäpli günde çekýän pulunyň wirusdan goranmak üçin ýönekeý çärelere hem ýetmeýändigi habar berilýär.

"Näme üçin Hytaýda okaýan talyplaryň sany barada ýazaňzok. Esasan, Uhan şäherinde okaýan talyplar barada, olaryň ýagdaýy, hal-ahwaly we ilçihana olardan habar alýarmy. Talyplaryň ýagdaýy günde 100 ýuan, aýda bolsa bary-ýogy jemi 700 ýuan berýän Visa we Master kartlardan alan pullaryny maska ýa-da wirusa garsy serişdeler almalymy, ýa-da iýip, içmelimi" diýip, diňleýjimiz ýollan hatynda ýazypdyr.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Pekindäki ilçihanasy bilen habarlaşmaga synanyşýar.

Merkezi Aziýanyň Türkmenistandan başga ýurtlarynyň hökümetleri ilaty Hytaýdaky koronawirus we onuň howpy barada habarly edýärler we onuň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri geçirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG