Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda jaýlary ýykylan maşgalalara ýaşamaga ýer ýa-da kompensasiýa berilmedi


Aşgabatda ýykylan jaýlaryň golaýynda duran ýaşaýjylar. Arhiwden alnan surat.
Aşgabatda ýykylan jaýlaryň golaýynda duran ýaşaýjylar. Arhiwden alnan surat.

Aşgabadyň aeroportunyň golaýyndaky etrapçada ýaşaýyş jaýlary ýykylan maşgalalaryň onlarçasyna hökümet tarapyndan ýaşamaga ýer ýa-da kompensasiýa berilmedi. Bu barada jaýlary ýykylan ýaşaýjylaryň onlarçasy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Öýi ýykylan raýatlara, degişli resminamalary saz bolan ýagdaýynda, Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasyndaky ‘Hezreti Omar’ metjidiniň golaýyndan jaý beriljekdigi aýdylypdyr. Ýöne bu etrapçalardaky jaýlaryň gurluşygy dowam edýär. Raýatlara Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew tarapyndan garaşmaly boljakdyklary aýdylypdyr” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 31-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Jaýlary ýykylan ýaşaýjylaryň sözüne görä, häkimligiň resmileri olaryň näçe wagt garaşmaly boljakdygy we bu döwürde nirede ýaşamalydyklary barada hiç zat aýtmandyr.

Şeýle-de, olar bu döwürde kireýine başga jaý almak üçin özlerine maliýe goldawynyň berilmegini soran ýaşaýjylara hem oňaýly jogap bermändirler.

“Öýi ýykylan raýatlar öz ýagdaýyna görä, syr-süplük ýagdaýynda ýaşaýarlar. Kim dogan-garyndaşynyň künjüne dykyldy, kimsi bir otagy kireýine alyp, tutuş maşgala bolup şol ýerde ýaşaýar. Öýsüzlikden, gaýgy-gam sebäpli saglygy ýaramazlaşyp, agyr ýagdaýda hassahana ýerleşdirilen raýatlar hem bar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Parahat-7 etrapçasyndaky köp gatly jaýlaryň gurulýan sebitine baryp gördi. Ol bu ýerde gurlup, boýy ýeten jaýlaryň bardygyny, ýöne heniz edilmeli işleriň kändigini belledi.

“Jaýlaryň içki işleri örän köp. Jaýy ýykylan ýaşaýjylar bolman 1 ýyl garaşmaly boljak. Galyberse-de, jaýlar taýýar bolandan soňra, eger ýykylan jaýyň kwadraturasy az bolsa, onda ýaşaýjylar täze berlen jaýyň artyk kwadraturasyny tölemeli edilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu barada Aşgabat şäher häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Bu sebitdäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýykyljakdygy baradaky habary Azatlyk Radiosy 2019-njy ýylyň iýul aýynyň başynda habar beripdi. Bu jaýlar Atamyrat Nyýazow şaýolunyň Ýaşyl Tug, A.Amanow we 2013-nji köçeleri bilen aralygynda hem-de şolaryň ugrunda ýerleşýärdi.

Şonda Azatlygyň habarçysy kompensasiýa meselesiniň heniz nämälim bolup galýandygyny, ýaşaýjylara täze jaýlaryň beriljekdigi barada resminama gowşurylmandygyny aýdypdy.

Şu aýyň başynda bolsa, bu ýerde ýaşaýan “Türkmenhowaýollary” milli awiakompaniýanyň işgärleriniň öýlerinden çykarylýandygy we olara başga ýerden jaý berilmeýändigi mälim boldy.

29-njy ýanwarda bolsa, Azatlygyň habarçysy sebitdäki köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasynyň ýumrulandygyny we häzirki wagt bu ýerde diňe 21-nji hem-de 8-nji orta mekdepleriň binalarynyň galandygyny habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu sebitdäki jaýlaryň ýykylandygy, onuň ýerine nämäniň guruljakdygy hem-de jaýlaryň ýykylan ýaşaýjylaryň häzirki ykbaly barada häzire çenli hiç zat aýtman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG