Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wirus sebäpli Hytaýdan getirilen türkmen studentleri Maryda gizlin ýerde saklanýar


Türkmenabat şäheriniň halkara aeroporty
Türkmenabat şäheriniň halkara aeroporty

“Hytaýdan ewakuasiýa edilýän watandaşlar 2-nji fewralda uçmaly uçara aeroportda garaşyp ýatyrlar. Türkmenistanyň Merkezi banky olara kömek bermekden geçen, wiza kartlaryny ýapyp goýupdyr. ...muny pul tygşytlamak üçin edýärlermi?” diýip, Azatlyga şu gün gelip gowşan hatda soralýar.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň maglumatyna görä, 1-nji fewralda Hytaýda okaýan türkmen studentlerini Türkmenistana getirmäge başladylar.

“Diňe Mary welaýatyna Hytaýdan 60-dan gowrak talyp getirildi, ýöne olary 14 günläp üzňelikde, ene-atasyna hem görkezmän saklamaly etdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Studentleriň üzňelikde saklanmagynyň sebäbi wirus bar-ýoklugyny anyklamak we keseliň ýaýramagynyň öňüni almak aladalary bilen bagly diýip, anonimlik şertinde gürleşen saglyk işgäri aýtdy.

Hytaýdaky çagalarynyň ýurda getirilmegini gazanmak üçin migrasiýa gullugynyň, welaýat häkimliginiň binalarynyň öňünde ýüzlerçe ene-ata toplandy. Olar öz haýyşlarynyň prezidente ýetirilmegini soraýarlar.

Migrasiýa gullugynyň resmileri adamlara howsala düzmezligi maslahat berýärler we Hytaýda okaýan studentler barada hökümet derejesinde maslahatlaşylandygyny, bu meseläniň ýakyn günlerde çözüljekdigini aýdýarlar.

Häkimligiň bir işgäri Azatlygyň habarçysy bilen özara söhbetdeşlikde degşip, “Beýik Arkadagymyz hytaý wirusyna garşy bir ösümlik oýlap tapar ýa-da kitap çykarar” diýdi.

Şeýle-de ol ene-atalaryň çagalarymyzyň saklanýan ýerini bir aýdyň-da diýip özlenýändigini, Hytaýdan getirilen studentleriň saklanylýan ýeriniň gizlindigini habar berdi.

Şu aralykda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri hem 1-nji fewralda Pekinden Aşgabada uçan türkmen uçarynyň planlaşdyrylan 6-7 sagada derek 11 sagat uçandygyny we Türkmenabatda gonandygyny habar berýär.

Azatlygyň habarçylary 1-nji fewralda “Türkmenhowaýollarynyň” T5-608 uçarynyň, Hytaýda ýaýran koronawirus bilen baglylykda, Lebapda gonandygyny we ýolagçylaryň gözegçilik astyna alnandygyny habar berdi.

TH-nyň habarçylarynyň maglumatyna görä, Aşgabatda gonmaly uçaryň Türkmenabatda gonmagy ýolgaçylaryň biriniň, orta ýaşlaryndaky aýalyň saglyk ýagdaýy bilen bagly.

Aýdylmagyna görä, Ahal welaýatynda ýaşaýan aýal uçarda ýürek agyrysyny duýupdyr we dispetçerler uçary Türkmenabada ugrukdyrypdyr.

Şol bir wagtda, Türkmenabada gonan uçardaky ýolagçylaryň ählisi medisina barlagyndan geçirildi, ýüreginde näsazlyk duýan ahally aýaldan başgalar goýberildi, näsaglan ýalay ozalky inçekesel hassahanasynda karantin astynda goýdular diýip, hukuk goraýjy gurmanyň neşiri ýazýar.

Bu hassahananyň daşynyň raýat eşigindäki 30-35 adam tarapyndan gözegçilikde saklanýandygy, olaryň saglyk desgasyna gelen adamlaryň ählisini saklaýandyklary aýdylýar.

Saglyk işgärleri özlerine ýörite saglyk serişdesiniň berilmändigini, adatly halatlary we maskalary bilen işleýändiklerini gürrüň berdiler.

“Turkmen news” neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenabatda häzir goşmaça sanitar-epidemologiýa gözegçiligini güýçlendirdiler. Döwlet edaralarynda, hassahanalarda we mekdeplerde ýygnaklar geçirilýär.

Azatlyk bu maglumatlary başga garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklamagy başarmady.

Türkmen häkimiýetleri Azatlygyň we beýleki neşirleriň Hytaýda ýaýran koronawirus we ol ýerdäki türkmen raýatlarynyň düşen ýagdaýy barada çap edýän maglumatlaryny ne inkär edýär, ne-de tassyklaýar.

Şu aralykda, Hytaýda bu wirus sebäpli ölen adamlaryň sany 300-den aşdy we Hytaý bilen aralykda syýahat gadaganlygyny girizýän ýurtlaryň sany köpelýär.

Hytaý resmileri 2-nji fewralda Wuhan şäherinden ýaýran wirusadan ölenleriň sanynyň azyndan 304 adam bolandygyny aýtdylar. Olar ýurtda 14,380 adamyň bu wusdan ejir çekýändigini hem tassyk etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG