Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ilata wirusdan goranmagyň zerurdygy aýdylýar, derman gytalýar


Türkmenistanda ýüzi maskaly adamlar köpeldi. Aşgabat, 3-nji fewral, 2020
Türkmenistanda ýüzi maskaly adamlar köpeldi. Aşgabat, 3-nji fewral, 2020

Hytaýda koronawirusdan ýogalanlaryň sany ýene artdy we 425 adama ýetdi. Hytaý resmileriniň 4-nji fewralda aýtmagyna görä, bir gije gündizde kesellänleriň ýene 3 235 hasaba alnypdyr. Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri bu sanlary bermeýär.

Global epidemiýanyň dowam edýän wagtynda türkmen häkimiýetleri ýurtda sanitar epidemiologiýa çäreleriniň pugtalandyrylandygyny we serhetýaka giňişliklerde gözegçiligi güýçlendirendigini mälim etdiler. Emma nähili çäreleriň amala aşyrylýandygy barada takyk habar bermediler.

Şol bir wagtda-da, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler Lebap welaýatynda aktiw çäreler göze ilýär.

Hususan-da medisina edaralarynyň işgärleri edara-kärhanalara aýlanýarlar we dem alyş ýollarynyň ýokuşmalary arkaly ýaýraýan kesellerden goranmagyň zerurdygyny duýdurýarlar.

“Emma olar munuň nähili wirusdygyny aýtmaýarlar, grip diýýärler. Belki-de dowul döremeginden howatyrlanýan bolmaly” diýip, habarçymyz aýdýar.

Üstesine, bu regionda jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyk çäreleri geçirilýär.

“Koronawirus sebäpli Lebabyň bazarlarynda, bar zady hlor bilen ýuwýarlar. Mekdeplerde uzärlik tütedýärler. Mekdep okuwçylary maskalary dakynyp başladylar. Hususan-da, 1-nji mekdebiň okuwçylaryndan mekdebe maskaly gelmek talap edildi" diýip, Lebapdaky habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaýda maskalaryň bahasy 5-den 10 manada çenli ýokarlanypdyr.

Azatlygyň habarçylarynyň we garaşsyz media serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynda Hytaýdan barýan raýatlaryň ýerleşdirilýän karantin zonasy ýerleşýär.

Türkmenabat şäheriniň çetinde ýokanç keseller hassahanasynyň golaýynda çadyr lageriniň döredilendigi 3-nji fewralda Azatlyk Radiosyna mälim boldy. Emma bu ýerde saklanýanlaryň sanyny welaýat resmilerinden anyklap bolmady.

Şol bir wagtda-da Azatlygyň Marydaky habarçysy karantinden öýlerine goýberilýän adamlaryň hem bardygyny habar berýär.

“Maryda käbir studentleri iki günden öýlerine goýberdiler. Täsirli tanyşlary ýa-da garyndaşlary bar bolan adamlar olaryň üsti bilen çagalaryny öýlerine alyp gidýärler. Meniň tanyşymyň ogly öýüne jaň edensoň ony alyp gaýtdylar” diýip, habarçymyz 4-nji fewralda habar berdi. Onuň bellemegine görä, karantin zonasyndaky şertler we iýmit ýaramaz.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Aşgabatdan 170 kilometr uzaklykda ýerleşýän Duşak obasynda-da karantin zonasynyň bardygyny habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bu ýere 29-njy ýanwarda Hytaýdan gelen 79 ýolagçy 20 günlük karantine iberilipdir. Bu ýerde-de şertler agyr bolup, käbirler ýuwunmak üçin öýlerine gaýdýarlar, käbirleriniň yzyndan geýim hem azyk eltýärler.

Edara-kärhanalarynda arassaçylyk çärelerini geçirmek boýunça işler Mary welaýatynda hem geçirilýär.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, welaýatyň döwlet edaralarynda we mekdeplerinde hlor bilen ýuwmak talaby berjaý edilýär we bu işe işgärler hem okuwçylar çekilýär.

Şeýle-de, ýerli häkimiýetler ilaty daşary ýurtlardan getirilen miweleri iýmekden saklanmaga çagyrýarlar.

Bu ýagdaýda ilat wirusdan özbaşdak goranmaga synanyşýar, diýip habarçymyz belleýär. Dermanhanalarda dermanlar gymmatlaýar. Köçelerde ýüzi maskaly adamlar köpelýär. Käbir dermanhanalarda ilata dermana derek ösümlik otlary hödürlenýär.

“Häzir dermanhanalarda üsgülewükden dermana derek buýan köküni teklip edýärler, "Antigripine" derek üzärligi hödürleýärler. Adamlar näme etjegini bilmän howsala düşýärler” diýip habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri dünýä ýaýraýan şu çaka çenli näbelli koronawirusy diňe bir gezek resmi taýdan agzadylar. Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap bolan maglumatda ýurtda ilaty zerur bolan dermanlar we medisina serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça ähli çäreleriň görlendigi habar berildi.

1-nji fewralda Türkmenistan Pekin bilen howa gatnawyny wagtlaýyn togtatdy. 3-nji fewralda Özbegistan bilen serhedini ýapdy.

4-nji fewralda Azatlygyň Hytaýdaky diňleýjileri Türkmenistana aşmak umydy bilen Pekiniň aeroportunda birnäçe günläp garaşan türkmenistanlylaryň ençemesiniň 3-nji fewralda ýurduna uçandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň döwlet mediasy koronawirus epidemiýasy we onuň öňüni almak boýunça Türkmenistanda görülýän çäreler barada habar bermän gelýärler.

Hytaýyň resmileriniň 4-nji fewralda aýtmagyna görä, diňe bir gije-gündizde koronawirusdan ýene 64 adam ýogalyp, jemi heläk bolanlaryň sany 420-dan aşypdyr, ýurtda kesellänleriň umumy sany 20 müň 438 adama ýetipdir. Koronawirus dünýäniň 24 ýurdunda hasaba alnypdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG