Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raýatlar watana dolanýar, karantine düşýär, reýsler ýatyrylýar. Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäre görýär.


"Türkmenhowaýollarynyň" uçary, Pekin, 3-nji fewral, 2020
"Türkmenhowaýollarynyň" uçary, Pekin, 3-nji fewral, 2020

Häzirki wagtda Pekinden gelýän reýsler ýatyrylýar, Türkmenistana baran raýatlar karantine salynýar, Hytaýdaky ýakynlaryny getirmek üçin ýurduň migrasiýa gullugyna ýüzlenýän adamlaryň sany artýar. Şol bir wagtda-da, Hytaýda ýüzlerçe türkmenistanly öz ýurduna dolanmak üçin mümkinçilik gözleýär. Soňky sanlar boýunça Hytaýda koronawirusdan ýogalanlaryň sany 361 adamdan geçipdir.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary şu günler Hytaýdan dolanyp gelýän türkmenistanlylaryň karantine salynýandygyny habar berýärler.

"Hytaýda okaýan türkmen studentleri 1-nji fewralda dolanyp başladylar. Diňe bir Mary welaýatyna 60-dan gowrak student getirildi. Emma olary 14 günlük üzňelige saldylar. Olary ene-atasyna görkezmeýärler" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 3-nji fewralda habar berdi. Onuň sözlerine görä, karantin türkmen häkimiýetleriniň ýurtda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça geçirýän çäreleri bilen baglanyşykly.

Habarçymyzyň bellemegine görä, ene-atalar bu ýagdaýda örän aladaly. Maglumat ýetmezçiligi olary dowula salýar, aladasyny artdyrýar. ​

Şol bir wagtda-da, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy Türkmenabat şäheriniň eteginde ýokanç keseller hassahanasynyň ýanynda ýörite çadyr lageriniň döredilip, bu ýerde Hytaýdan gelen raýatlaryň saklanýandygyny habar berýär. Käbir çaklamalara görä, bu ýerde 250 adam saklanýar.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bu sanlary welaýat resmilerinden tassykladyp bilmedi.

Mundan öň turkmen.news neşri koronawirus epidemiýasynyň ojagy bolan Hytaýdan gaýdyp gelýän türkmen raýatlary üçin karantin zonasynyň Lebap welaýatynda döredilendigini habar beripdi.

Lebap welaýaty Özbegistan bilen serhetleşýär. 3-nji fewralda Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhedini ýapandygyny habarçylarymyz aýdýarlar. Bu maglumaty özbek media serişdeleri hem tassyklaýarlar.

Hytaýda koronawirusyň anyklanmagyndan bir aýdan gowrak wagtyň geçmeginden soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurtda koronawirusa garşy çäreleriň güýçlendirilendigini ilkinji gezek resmi derejede tassyklady. Edaranyň resmi websaýtynda çap bolan maglumatda, ýurduň territoriýasyny keseliň getirilmeginden we onuň ýaýramagyndan goramak üçin serhetýaka regionlarda, sanitariýa-karantin punktlarda we welaýat sanitariýa-epidemiologiýa gulluklarynda gözegçiligiň güýçlendirilendigi, ýurda wirusyň tapylan başga döwletlerden barýanlara gözegçilik edilýändigi habar berilýär.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, ýurduň ilaty, ilkinji nobatda Hytaýdaky türkmenistanlylaryň ýakynlary dowula düşýärler, studentleriň ene-atalary häkimiýetlerden öz çagalaryny getirmekde ýardam talap edýärler.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň raýatlarynyň ençemesi öz ýurduna gaýtmak umydy bilen birnäçe günläp Pekiniň halkara aeroportunda garaşýarlar.

Hytaýdaky türkmenistanlylaryň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, türkmenistanlylaryň ençemesi Pekiniň aeroportunda 1-nji fewraldan bäri garaşýarlar.

"Pekin Aşgabat T5 608 reýsi 2-nji fewralda uçmalydy, emma tehniki sebäplerden ony 3-nji fewrala geçirdiler. Registrasiýasynyň ýerli wagt 15:00-da başlanjagyny aýtdylar" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi 2-nji fewralda habar berdi. Onuň 3-nji fewralda habar bermegine görä, "Türkmenhowaýollarynyň" uçary şol gün Pekiniň aeroportunda gonupdyr.

Bu uçaryň adaty reýs bolup-bolmazlygyny anyklamak başartmady. 1-nji fewralda "Tükrmenhowaýollarynyň" Pekine gatnaýan reýslerini ýatyrandygy habar berlipdi.

Azatlyk Radiosynyň Pekindäki söhbetdeşleri türkmenistanlylaryň ençemesiniň maddy ýagdaýynyň agyrdygyny, olaryň pulsuz galandygyny aýadýarlar.

"Merkezi Bank" ýardam bermegiň deregine, olaryň kredit kartlaryny petikledi" diýip, söhbetdeşimiz aýdýar.

Türkmen resmileri garaşsyz habar serişdeleriniň Türkmenistana baranlaryň karantine salynmagy, türkmenistanlylaryň öz ýurduna dolanmakda çekýän kynçylyklary barada habar bermeýärler. Ýurt resmileri bu barada çykyş etmeýärler.

Soňky sanlara görä, Hytaýda koronawirus bilen hasaba alnanlaryň sany 2-nji fewralda 17 205 adama ýetdi. Wirus dünýäniň 24 ýurdunda hasaba alnypdyr.

Birnäçe ýurt, şol sanda käbir Merkezi Aziýa ýurtlary Hytaý bilen transport aragatnaşygyny ýatyrdy ýa-da çäklendirdi.

Wirusyň ýaýramagy sebäpli, halkara sport çäreleriniň ençemesi ýatyryldy, şol sanda Aziýanyň futbol komitetiniň futzal boýunça çempionatynyň 26-njy fewral we 8-nji mart aralygynda Türkmenistanda geçiriljek oýunlary ýatyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG