Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalyň täze merkeziniň gurluşygy üçin 1,5 milliard dollar çykarylar


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurlan desgalaryň köplenç boş durýandygyny boýun aldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi (TSTB) döwletden 1,5 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde pul alar. Türkmenistanyň resmi habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna görä, 1 465 747 129,60 (bir milliard dört ýüz altmyş bäş million ýedi ýüz kyrk ýedi müň bir ýüz ýigrimi dokuz bütin ýüzden altmyş amerikan dollary çykarylar.

Ahalyň täze administratiw merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet proýekti üçin tender bäsdeşliginiň geçirilip-geçirilmändigi belli däl. Emma ýarym resmi "Orient" neşiri TSTB-niň ýolbaşçysy Aleksandr Dadaýewiň sözlerini sitirläp, olaryň prezident Berdimuhamedowyň şahsy goldawy bilen döwlet kontraktyna eýe bolmagy başarandygyny habar berýär.

​"Şeýle üstünliklere ýetmekde bize, elbetde, döwletiň we ýurduň prezidentiniň şahsy goldawy kömek berýär" diýip, "Orient" neşiri Dadaýewi sitirleýär.

Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Ahal welaýatynyň täze paýtagtynyň gurluşygyna görülýän taýýarlyk barada 2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda habar berlipdi. 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde prezident Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda administratiw merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

​TSTB Türkmenistanda esasy döwlet potratçysy bolup durýar. Ýurduň 2016-njy ýyldan bäri agyr ykdysady krizisde galýandygyna garamazdan, bu bileleşik dürli obýektleriň gurluşygy üçin ençeme milliardlyk kontraktlara eýe bolmagyny dowam etdirýär.


​TSTB-niň eýe bolan döwlet kontraktlarynyň biri Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy bolupdy. Muňa döwlet tarapyndan 2,3 milliard amerikan dollary çykaryldy.

Bellemeli ýeri, bahasy 2,5 milliard dollarlyk 600 kilometrlik şol awtobanyň we Ahal welaýatynyň administratiw merkeziniň gurluşygyna beýleki kompaniýalaryň arasynda "Nusaý ýollary" atly şirket gatnaşýar. Türkmen.news neşriniň maglumatyna görä, bu gurluşyk kompaniýasynyň eýesi prezidentiň giýewi Annanazar Rejepow.

Türkmenistanyň resmi mediasyna görä, "Nusaý ýollary" atly hususy şirket onkologiýa merkeziniň, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça bejeriş-profilaktiki merkeziniň, tiz kömek stansiýasynyň, şeýle-de Ahal welaýatynyň administratiw merkezinde iki sany ýedi gatly ýaşaýyş jaýyň gurluşygy üçin kontrakta eýe bolupdyr.

Turkmen.news neşriniň maglumatyna görä, şeýle-de "Nusaý ýollary" "Hyzmatdaşlar" açyk jemgyýetiniň eýeleriniň biri bolup, onuň bu şirketiň üsti bilen "Kämilligiň gözbaşy" atly mal iýmlerini öndürýän zawod, "Ak Hazyna" atly transport kompaniýasy, "Daýhan sarpasy" atly et öndürýän obahojalyk kärhanasy, "Kämil market" we "Ak market" atly supermarketler bilen baglanyşygy bar. Şeýle-de, ol Türkiýede, Beýik Britaniýada we birnäçe ofşorda hasaba alnan daşary ýurt kompaniýalarynyň ençemesine gatnaşýar.

Geçen aýyň aýagynda Azatlyk Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Gorjaw geňeşliginde Ahal welaýatynyň täze administratiw merkeziniň obýektleriniň gurluşygyna degişli dowam edýän işler barada habar beripdi. Azatlygyň habarçylary gurluşygyň boljak ýerinde onlarça gekdar miweli agaçlaryň çapylýandygyny habar beripdi.

Türkmenistanda milliardlarça dollarlyk gurluşyk proýektleri ýurduň döwlet garaşsyzlygyny yglan edeli bäri başdan geçirýän iň agyr ykdysady krizisiniň dowam edýän wagtynda amala aşyrylýar. Ýurtda täze keselhanalar, mekdepler, sport desgalary, obalar gurulýar. Proýektleriň inisiatory bolup çykyş edýän prezidentiň öz sözlerine görä, täze gurulýan desgalaryň ençemesi boş durýar.


Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG