Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus sebäpli Lebapda howpsuzlyk şertleri güýçlendirildi


Türkmenistan (arhiw suraty)
Türkmenistan (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary, şu günler paýtagtda grip keseliniň giň ýaýrandygyny, ýurduň gündogarynda Lebap welaýatynda bolsa koronawirusyň ojagy bolan Hytaýdan gelýänleriň saklanýan regionynda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini habar berýärler.

Lebap welaýatyndaky habarçymyzyň 7-nji fewralda habar bermegine görä, welaýatda howpsuzlyk çäreleri Hytaýda dörän koronawirus sebäpli güýçlendirilipdir. Habarçylarymyzyň we garaşsyz media serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu regionda Hytaýdan barýan adamlaryň saklanýan karantin zonasy ýerleşýär.

"Lebapda koronawirus sebäpli harby we polisiýa işgärleri howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdiler. Her köçäniň başynda polisiýa we harby edaralarynyň işgärleriniň bir topary nobatçylyk edýärler. Olaryň özleri wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen durýandygyny aýdýarlar" - diýip, habarçymyz 7-nji fewralda habar berdi. Onuň sözlerine görä, olar howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmeginiň koronawirusyň öňüni alyş çäreleri bilen baglanyşygyny düşündirip bilmeýändigini belleýär. Howpsuzlyk çäreleri dört gün mundan öň bir aý möhlet bilen girizilipdir.

Azatlyk Radiosy Lebapda görülýän howpsuzlyk çäreleriniň sebäplerini ýerli resmilerden anyklap bilmedi.

Global epidemiýanyň dowam edýän wagtynda türkmen häkimiýetleri ýurtda sanitar epidemiologiýa çäreleriniň pugtalandyrylandygyny we serhetýaka giňişliklerde gözegçiligi güýçlendirendigini mälim etdiler. Emma nähili çäreleriň amala aşyrylýandygy barada takyk habar berilmän gelýär.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryndan çen tutulsa, häzirki wagtda iň intensiw çäreler ýurduň gündogarynda Lebap welaýatynda görülýär.

Azatlygyň habarçylary we garaşsyz media serişdeleri Lebap welaýatynda Hytaýdan barýan raýatlaryň ýerleşdirilýän karantin zonasynyň ýerleşýändigini habar berýärkä, näçe adamyň karantine salnandygyny anyklap bolmaýar. Türkmen häkimiýetleri koronawirus we onuň öňüni almak boýunça özleriniň alyp barýan çäreleri barada ilaty habarly etmekden saklanýarlar.

​Şol bir wagtda-da, Aşgabatda grip keseliniň epidemiýasynyň dowam edýändigini habarçylarymyz aýdýarlar we şu günler keselhanalara ýüz tutýanlaryň, okuw jaýlarynda kesellänleriň köpdügini habar berýärler.

"Häzir grip tutaşdy, aýratynam çagalaryň arasynda. Simptomlary güýçli üsgülewük, gyzgyn ýok, ysgynsyzlyk, kelle agyrysy. Mekdeplerde çagalar bir birine ýokaşdyrýarlar. Dermanhanalarda üsgülewüge garşy däri-dermanlary tiz alyp gutarýarlar" - diýip Aşgabatdaky habarçymyz 7-nji fewralda habar berdi.

Sosial ulgamlarda gripden waksina almak barada bildirişler peýda boldy. Azatlyk Radiosy Aşgabadyň Görogly köçesinde ýerleşýän medisina edarasyna jaň edip, şol ýerde gripden sanjymy 44,2 manada etdirip bolýandygyny anyklady.

Türkmenistanda lukmanlara ýüz tutmak we däri-derman almak bilen bir hatarda käbirler özlerini özbaşdak berjermäge synanyşýarlar.

"Ene-atalar köne sowet usulyny ulanýarlar, hlorly kalsiýi içýärler" - diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda wirusa garşy durmak üçin dermanlar bilen bir wagtda ösümlikler hem ulanylýar. Hususan-da, öňden gelýän däp-dessurlara görä, ýaşaýyş jaýlarda üzärlik ýakmak däbini indi döwlet edara-kärhanalarynda hem giňden berjaý edýärler.

Käbir dermanhanalarda derman ýetmezçiliginde üsgülewükden buýan köküni we dümewe garşy üzarligi hem çopantelpegi teklip edýärler.

Bütindünýä saglyk guramasynyň berýän sanlaryna görä, dünýäde täze koronawirus bilen kesellänleriň sany 28 293 adama ýetipdir, olardan 28 068 adam Hytaýda we bu ýurtda 564 adam aradan çykypdyr. Dünýäniň 24 ýurdunda 225 adam keselläpdir we biri ýogalypdyr.

7-nji fewrala çenli Hytaýda koronawirusdan ýene 73 adam ýogalypdyr. Bir gije gündizde keselden gutulanlaryň sany 387 adama ýetip, koronawirus döräli bäri keselden 1.3 müň adam gutulypdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG