Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleriniň koronawirus barada dymyp, alyp barýan çäreleri ilaty dowla salýar


Türkmenabadyň bazary (arhiw suraty)
Türkmenabadyň bazary (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň koronawirusa garşy öňüni alyş çäreleri amala aşyrmagyny dowam etdirýändigini aýdýarlar. Hytaýdan barýan raýatlar karantine salynýar, Lebaba Aşgabatdan wirusologiýa boýunça bilermenler ugradylýar, ýerli bazarlarda adamlaryň gyzgynyny anyklaýan teplowizorlary oturtmak talaby edilýär, döwlet edaralarynda arassaçylyk çäreleri güýçlendirilýär. Türkmen häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri bu çäreler barada habar bermeýärler, bu ýagdaý ilatyň dowula düşmegine getirýär.

5-nji fewralda Hytaýyň resmileri dünýä ýaýraýan täze koronawirusdan heläk bolanlaryň 490 adama, kesellänleriň sanynyň 24 müň adama ýetendigini habar berdiler.

Türkmenistanda bolsa häkimiýetler global epidemiýa barada dymmagyny dowam etdirýärler.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bu ýagdaýda ilatyň arasynda aladalanmalaryň güýçlenýändigini belleýärler.

"Bar zat döwlet syry ýaly gizlin. Karantine düşen adamlar üzňelikde saklanýarlar, telefonsyz, internetsiz, maglumat almak we özleri barada habar bermek hukugyndan mahrum edilýärler" - diýip habarçymyz 5-nji fewralda habar berdi.

Hytaýdan Türkmenistana barýanlaryň nirede saklanýandygyny türkmen resmileri aýtmaýarlar.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, esasy karantin ýeri Lebap welaýatynda, hususan-da, Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýär. Mundan başga, Hytaýdan 29-njy ýanwarda baran ýolagçylar Ahal welaýatynda Duşak obasynyň golaýynda ýerleşdirilipdir. Olaryň saklanýan şertleriniň we azyk üpjünçiliginiň ýaramazdygyny habarçylarymyz we çeşmelerimiz aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistandaky habarçylarymyzyň soňky maglumatlaryna görä, türkmenistanlylaryň Hytaýdan getirilmegi dowam etdirilýär.

"Şu gün Türkmenabadyň halkara aeroportuna uçarlar bilen Hytaýda okaýan türkmen studentlerini getirdiler. Olar bir aýlap çadyr lagerinde karantinde bolarlar" diýip, 4-nji fewralda Lebapdaky habarçymyz aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary Türkmenistanyň we Lebap welaýatynyň resmilerinden tassykladyp bilmedi.

Soňky günlerde Lebap welaýatynyň medisina işgärleri edara-kärhanalara aýlanýarlar we dem alyş ýollary arkaly ýaýraýan kesellerden goranmagyň zerurdygyny duýdurýarlar, emma olar koronawirusy agzamaýarlar.

Munuň bilen bir wagtda-da Lebabyň döwlet edara-kärhanalarynda goşmaça arassaçylyk işleri geçirilýär, welaýata Aşgabatdan wirusologiýa boýunça bilermenler ugradylýar, ýerli bazarlarda adamlaryň gyzgynyny anyklaýan gurallary oturtmak talaby edilýär, mekdeplerde düşündiriş çäreleri geçirilýär. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar.

​Şeýle-de, habarçylarymyz häkimiýetleriň ilatyň arasynda dowul döremeginiň öňüni almak ugrunda käbir düşündirişleri berýändigini hem aýdýarlar.

"Mary şäheriniň A.Nyýazow köçesinde ýerleşýän № 21 mekdebiniň müdiri irki ýygnakda okuwçylara ýüzlenip, 'ýüzüňize dakylýan maska gözläp ýörmäň , we howsala düşmäň, bizde Hytaýdaky wirus ýok' diýdi" - diýip, Marydaky habarçymyz 5-nji fewralda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, mekdepleriň köpüsinde ýygnaklar geçirilipdir we mugallymlardan hem ene-atalardan dowla düşmezlik, çagalaryň her ýarym sagatdan ellerini ýuwmagyna we diňe gaýnadylan suw içmegine gözegçilik etmek talap edilipdir.

Şu günler Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde ýüzi maskaly adamlar köpeldi.

"Ähli mekdepleriň okuwçylary sapaklara maskaly barýarlar. Adamlar wirusdan gorkýarlar, biziň ýurdumyzda bar zat gizlinlikde saklanýandygy sebäpli, wirus dörese-de muny hiç kimiň bilmän galmagy ähtimal" - diýip, Marydaky habarçymyz belleýär.

Munuň bilen bir wagtda-da käbir edaralarda arassaçylyk üçin hlor ýaly serişdeleriň ýetmezçilik edýändigi, dermanhanalarda bolsa wirusa garşy derman gytçylygynyň döreýändigi habar berilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri dünýä ýaýraýan şu çaka çenli näbelli koronawirusy diňe bir gezek resmi taýdan agzadylar. Daşary işler ministrliginiň websaýtynda bu barada çap bolan maglumatda ýurtda ilaty zerur dermanlar we medisina serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça ähli çäreleriň görlendigi habar berildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG