Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanlylar uzak wagtlyk dolandyryjy Alyýewiň çagyryşy boýunça irki saýlawlarda ses berýär


Bakuwdaky ses beriş stansiýasy. 9-njy fewral, 2020.

Azerbaýjanlylar wezipede ornaşan prezident Ylham Alyýewiň hökümetde geçiren kadr çalyşmalaryndan soň beren reforma wadalarynyň çäginde irki parlament saýlawlarynda ses berýärler, emma oppozisiýa partiýalarynyň käbiri, hökümetiň agalyk edýän mediasynda kän adalatly beýan ediş elýeterliliginiň ýokdugyny aýdyp, bu saýlawlardan çeke durýar.

Tankytçylar ýurduň uzak wagt bäri gabawda saklanýan oppozisiýasyna güýç-kuwwat berjek hakyky reformalaryň geçirilmegi baradaky umytlara örän şübheli garaýarlar.

Muňa derek, olaryň pikiriçe, Alyýew we onuň ýaranlary Alyýewiň kakasyndan, sowet döwrüniň KGB liderinden we Syýasy býuro agzasyndan gelýän ýörelgeleri gyşarnyksyz dowam etdirmegiň çärelerini gözleýärler.

Mälim bolşy ýaly, Haýdar Alyýew iki onýyllyga golaý öň, ölüminiň öň ýanynda, öz prezidentlik wezipesini ogluna geçirdi.


9-njy fewralda geçirilýän saýlawlar başda 2020-nji ýylyň noýabryna planlaşdyrylypdy, emma ol dekabrda, Alyýew ozalky sowet respublikasynda işläp oturan parlamenti dargatmak we ýurduň bir palataly parlamentini, Milli mejlisi düzýän 125 deputaty kesgitlemek üçin täze ses berişligi gurnamakbaradaky karara gol çekeninden soň, dokuz aý öňe süýşürildi.

Alyýewiň “Täze Azerbaýjan” partiýasy (TAP), iş başyndan gidýän parlamentde orunlaryň köplügine, 65 orna kontrollyk edýän syýasy topar Alyýewiň “reforma” programmasyny durmuşa geçirmek üçin kanun çykaryjy guramadaky özgertmeleriň zerurdygyny aýdýar.

Bu reforma Alyýewiň hökümetde we adminstrasiýasynda geçiren ýokary derejeli kadr çalyşmalary, şol sanda geçen ýylyň aýagynda 62 ýaşyndaky ykdysatçy Ali Asadowy premýer-ministr wezipesine bellemegi bilen başlandy.

Tankytçylaryň pikiriçe, dolandyryjy partiýa parlamentiň düzümini üýtgedip, Alyýewiň partiýasynyň agzalarynyň parlamentdäki orunlaryň üçden ikisini eýelemäge bil baglaýar, bu olara Alyýewiň aýalyna, birinji wise-prezident Mehriban Alyýewa soňy bilen prezidentlige gelmäge ýol açjak konstitusiýa özgertmelerini geçirmek üçin gerek.


Hakykatda Azerbaýjanda parlament ygtyýarlyklary çäklendirilen. Kawkaz ýurdundaky syýasy ygtyýarlyklaryň köpüsi prezidentiň elinde jemlenen.

Azerbaýjanda premýer-ministriň wezipesiuzak wagtlap 2003-nji ýylda häkimiýete gelen Alyýewiň ýakyn ýarany tarapyndan eýelendi. Ol häkimiýete gelmezinden öňki 10 ýylda ýurt onuň kakasy tarapyndan dolandyryldy.

2008, 2013 we 2018-nji ýyllarda gaýtadan saýlanan Alyýew 2009-njy ýylda geçirilen referendumda ýurduň iki möhlet prezidentlik baradaky çäklendirmesini aýyrtmak, 2016-njy ýyldaky referendumda prezidentlik möhletini ýedi ýyla çenli uzaltmak bilen, häkimiýeti öz elinde jemledi.

Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtda 9-njy fewraldaky ses berişlikde ses bermeli 5.2 million çemesi saýlawçy bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG