Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dunganlar bilen çaknyşyk Gazagystanda täze etnikara zorluga öwrüldi


Polisiýa işgärleri Blas-Batyr obasynda. Bu oba Almatydan 250 kilometr uzaklykda ýerleşýär, 8-nji fewral, 2020
Polisiýa işgärleri Blas-Batyr obasynda. Bu oba Almatydan 250 kilometr uzaklykda ýerleşýär, 8-nji fewral, 2020

Günorta-gündogar Gazagystanda ýene etnikara zorluk döredi. Bu gezekki çaknyşyk gazaklar bilen ýurduň dungan jemagaty arasynda boldy.

7-nji fewralda Žambul welaýatynda ýerleşýän Kordaý şäheriniň golaýynda iki toparyň arasyndaky gazaply herekete näme zadyň sebäp bolandygy hakda dürli maglumatlar bar.

Ýöne şular ýaly ýagdaýlarda köplenç bolşy ýaly, zorlugy mobil telefonlarynda we sosial ulgamlarda ýaýran myş-myşlar güýçlendirdi. Konfliktde 10 adam öldi, onlarça adam ýaralandy, müňlerçe dungan serhetden aşyp, goňşy Gyrgyzystan gaçyp bardy.

Dunganlar esasan musulmanlardan durýan topar. Olar Orta Aziýa Hytaýdan geldiler. Ol ýerde bolsa olara hui diýilýär.

Dunganlar etniki taýdan umuman han hytaý milletine degişli hasaplanýar. Ýöne käbir çeşmelere görä, olaryň gelip çykyşyny müň ýyldan aňry yzarlap bolýar. Käbir çeşmelerde aýdylmagyna görä, dunganlaryň ýedinji asyra degişli dungan/hui etnogenezine baryp direýän arap-yslam baglanyşygy bar. Şeýle bolan halatynda olar Içki Aziýadaky iň gadymy musulman halklaryň biri bolýar.

Dunganlaryň dili hem bir aýratyn dil, ol ne hytaýça, ne-de türki.

Dunganlaryň uly bölegi 19-njy asyryň ikinji ýarymynda hytaý esgerleri häzir Şinjiang diýilýän ýerde hytaý däl halklaryň gozgalaňyny basyp ýatyranynda Orta Aziýa geldiler.

Häzir Merkezi Aziýada ýüz müňden agdyk dungan ýaşaýar. Olaryň esasan ýaşaýan ýeri Gyrgyzystan bilen Gazagystan.

Dunganlar hem rus patyşalarynyň, hem-de sowet agalygy astyndaky ýaşaýyşa uýgunlaşdylar. Olar öz medeniýetlerini saklasalar-da, garaşsyz Gyrgyzystandaky we Gazagystandaky post-sowet durmuşa hem uýgunlaşdylar. Dunganlaryň öz jemagatyna degişli däl adamlar bilen durmuş gurmagy seýrek duş gelýär.

7-nji fewral zorlugynyň salan tagmasyny göterýän Gazagystandaky Masançy ýaly obadyr-şäherleriň ilaty şindi-de dunganlardan durýar. Masançydaky dunganlary sebitdäki soňky zorluklarda gahar-gazaply gazak märekesiniň nyşany eden hem şu ýagdaý.

Etniki çaknyşyklar

Günorta-gündogar Gazagystan soňky ýyllarda gazaklar bilen beýleki azlyklaryň arasyndaky çaknyşyklara-da şaýat boldy.

2007-nji ýylda Kordaý etrabynyň 100 kilometr çemesi gündogaryndaky Almaty welaýatynda Malowodnoýe obasynda gazaklar bilen çeçenleriň arasynda dawa-jenjel turupdy. Şonda bir bilýard zalynda turan waka çalt töwerege ýaýrap, iki jemagatdan-da ýüzlerçe adamy öz içine alypdy.

Bu dawa goşulan çeçenler Ikinji jahan urşunda sowet lideri Iosif Staliniň buýrugy boýunça zor bilen bu sebite göçürip getirilen adamlaryň nebereleridi.

2015-nji ýylyň fewralynda hem ýurduň gazak köplügine degişli agzalary bilen Türkistan welaýatynda ilatynyň esasy bölegini emele getirýän täjiklerden durýan Bostandyk obasyndaky tajikleriň arasynda çaknyşyk turdy.

Gazagystanyň Türkistan welaýaty Žambul welaýatynyň edil günbatarynda ýerleşýär. Etniki täjikler regionyň zähmet güýjüni artdyrmak maksady bilen sowet häkimiýetleri tarapyndan bu ýere 1950-njy ýyllarda göçürip getirildi.

Aýdylyşyna görä, gazaply hereket bir täjik ýigidi bilen onuň dosty diýilýän gazak ýigidiniň arasynda turan sene-meneden başlap, gazagyň pyçaklanyp öldürilmegine getirdi.

Ölen ýigit jaýlananyndan soňra gazaklardan durýan bir uly topar gahar-gazaba münüp, Bostandykda jaýlary we awtoulaglary otladylar.

Häkimiýetler näme etjegini bilenok

Kordaý etrabynda turan soňky zorluk 5-nji fewralda bolan “ýol gazaby” hadysasynda gözbaş alana meňzeýär. Aýdylyşyna görä, bu hadysada bir dungan sürüji bir gazak ýaşulysyny urup-ýenjipdir.

Ýol gazaby hadysasynda takyk näme zadyň bolandygy we dürli toparlar arasyndaky gahar-gazabyň sosial mediada nädip güýçlendirilendigi hakda gapma-garşylykly gürrüňler bar.

Ýöne ondan 48 sagat soňra bir topar gazak Masançy şäherine baryp, köçelerde dawa-jenjel turuzýar. Munda hem aw tüpeňinden, demir taýaklardan we daşlardan peýdalanylýar.

Masançydaky gazaply herekete degişli wideo sosial ulgamda ýerleşdirilensoň Masançynyň golaýyndaky we ilatynyň uly bölegi dunganlardan durýan obalardan köp adamy özüne çekdi.

Polisiýanyň başaran zady bolmady. Zorluk içeri işler ministrligi tarapyndan ýörite howpsuzlyk güýçleri iberileninden soňra kontrollyk astyna alyndy.

Nur-Sultandaky hökümet ýerli resmileri ýagdaýyň kontrollykdan çykmagyna ýol berenlikde aýyplady. Ýöne ýakyn töwerekde 2007-nji we 2015-nji ýyllarda bolan gazaply hereketler günorta-gündogar Gazagystanda etniki dartgynlyklaryň bardygyny görkezýär.

Adamlar günorta-gündogar Gazagystanda ýerleşmegi özleri saýlap alypmy ýa-da olar mejbury ýagdaýda ol ýere getirilipmi, nähili-de bolsa bu bir özboluşly region. Ol Nur-Sultandaky resmilerden ýörite oýlanyşygy talap edýär.

Ýöne gazak häkimiýetleri regiona ýeterlik derejede üns bermeýäne meňzeýär. Bu hem tankytçylaryň Kordaýda bolan soňky zorlugyň haýsy ýerde hem bolsa, günorta-gündogar Gazagystanda ýene ýüz berjegini çaklamagyna ýol açýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG