Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Şeýle açyk parahorluk hiç ýerde ýok'. Ulag sürüjiler türkmen gümrükçilerinden şikaýat edýäler


Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhedindäki transport geçelgesi (arhiw suraty)
Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhedindäki transport geçelgesi (arhiw suraty)

Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden beýleki ýurtlara ýük daşaýan ulag sürüjileriň aýtmagyna görä, türkmen seredindäki ýaly açyk para soralmagy we sürüjileriň muny tölemäge mejbur edilmegi tutuş region boýunça başga hiç ýerde ýok.

Azatlygyň gürrüňdeşi Albert geçen ýylyň tomsundan bäri Gazagystandan Eýrana we Türkiýä ýük daşaýar hem munuň üçin Türkmenistanyň serhet geçelgesinden iki gezek geçmeli bolýar. Onuň ýoly Türkmenistana Özbegistan bilen serhedindäki Farap geçelgesinden girip, ýurduň Eýran bilen serhedindäki Sarahs we Artyk-Lýuftabat serhedinden geçýär.

​Albert: Türkmenistanyň territoriýasyndan tranzit geçmeli bolýar. Doly eden-etdilik. 450 dollar gümrük salgydy. Mundan başga-da, göz öňüne bir getiriň, ýene 150-180 dollar salgytdan daşary gümrükçileriň ellerine bermeli. Bu diňe bir tarapa, ýurda gireňde berilýäni. Soňra, ýurtdan çykmak üçin hem para bermeli. Eger her bir gümrükçiniň eline 10-40 dollar aralygynda bermeseň olar şol ýerde saklaýarlar, dokumentlere gol çekmeýärler, möhür basmaýarlar. Bu sanitar gözegçiliginden başlap gümrük başlygynyň gol goýmagyna çenli.

Albertiň sözlerine görä, gümrük düzgünlerine laýyklykda her bir ýük ulagyndan alynýan gümrük salgydy 450 amerikan dollaryna barabar. Üstesine, her bir gümrükçi, sürüjileriň ellerindäki dokumentleriň ählisiniň doly düzüw bolmagyna garamazdan, özleriniň talap edýän möçberinde puluň berilmegini soraýar. Bu çykdajylaryň bir bölegi transport kompaniýasynyň sürüjilerine ýol çykdajylary üçin berýän 100 dollar möçberindäki puluň hasabyna, galanlary sürüjileriň öz hasabyna bolýar. ​

Albert: Dokumentleriňi berýärsiň, olar bolsa "pul ber" diýýärler. Olaryň öz nyrhlary bar, kimsi 10 dollar, kimsi 30 dollar soraýar. Men, bu näme üçin, diýip soranymda, dokumentler üçin diýýärler. Emma dokument üçin bolsa, kwitansiýa berilmeli. Men kärhanada işleýärin, döwlet ulagyny sürýärin, men soň hasabat bermeli. Olar bolsa "ýok" diýýärler. Men, "bu näme, paramy" diýip sorasam, olar göz-görtele, hiç zatdan gorkman, "hawa" diýýärler.

Gümrükden geçmek düzgüni birnäçe tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Albertiň sözlerine görä, şolaryň her birinden pul berip geçmeli.

Albert: Başda ulagly rentgene girip, şol ýerde 10 dollar galdyrýarsyňyz. 100 dollar berseňiz olar size 90 dollar gaýdyp berýärler, edil dükanda bolşy ýaly. Rentgenden çykyp, deklarasiýa ýazdyrmaly, munuň üçin ýene 40 ýa-da 50 manat soraýarlar. Sizem berýärsiňiz. Soň transportçylaryň ýanyna barmaly, möhür basdyrmak üçin, olar 10 we 30 dollar aralygynda pul soraýarlar, bu alyp barýan ýüküňize bagly. Eger boş barýan bolsaňyz 10 dollar, ýükli bolsaňyz 30 dollar bermeli. Mundan soň sanitar gözegçiliginde 10 dollar alýarlar. Käte haýsy-da bolsa bir kemçiligi bahanalap 50 dollara çenli sorap bilýärler. Soňra ýene-de deklarasiýa üçin barmaly, olar ýene 30 dollar alýarlar. Iň soňunda gümrükçi başlyk dokumentleriňize möhür basandygy üçin ýene 30 dollar alýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan kommentariý alyp bilmedi.

Mundan öň regional transport kompaniýalary we ýük daşaýjylary Türkmenistanyň serhedini kesip geçmekde dürli kynçylyklara duçar bolupdy.

2019-njy ýylyň tomsunda ýüzlerçe türkiýeli we täjigistanly ýük ulaglarynyň Türkmenistanyň Özbegistan we Eýran bilen serhetlerinde uzak wagtlap geçip bilmän galýandygy habar berlipdi. Üstesine, Türkmenistan Özbegistan we Gazagystan bilen serhetlerini yzygiderli ýapýar, käbir gümrük çäklendirmelerini girizýär.

Soňky 1,5 ýylyň dowamynda Türkmenistan sebäbini düşündirmezden Täjigistanyň döwlet we hususy kärhanalaryna degişli ýük ulaglaryny öz territoriýasyndan geçirmeýär. Täjigistanyň transport ministrliginiň rekomendasiýasy boýunça Täjigistan üçin ýük daşary halkara kompaniýalarynyň ulaglary has uzak bolsa-da, Türkmenistanyň üstünden geçmeýän alternatiw ýollary ulanmaly bolýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Türkmenistan Täjigistandan ýük çekýän ulaglaryň 100-e golaýyny tranzit geçirmeýär

XS
SM
MD
LG