Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Global dartgynlylyklaryň, çaknyşyklaryň fonunda howpsuzlyk we syýasat liderleri Mýunhende duşuşýar


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (çepde) we goranmak sekretary Mark Esper

Dünýäniň 35 töweregi ýurdunyň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, howpsuzlyk liderleri we diplomatlary 14-nji fewralda öz işine başlaýan Mýunhen Howpsuzlyk Konferensiýasyna gatnaşýarlar. Konferensiýa ýaranlaryň arasyndaky dartgynlylyklaryň we dünýäniň dürli künjeklerindäki ganly konfliktleriň fonunda geçirilýär.

16-njy fewrala çenli dowam etjek bu çärä Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň, Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeaunyň we NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Konferensiýa gatnaşjak ýokary derejeli diplomatlaryň arasynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo), Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif hem bar.

Dünýäniň ýokary derejeli howpsuzlyk liderleri uzak wagtlardan bäri bu konferensiýany her ýyl, ABŞ bilen Ýewropanyň, 2003-nji ýylyň başlarynda Yrakdaky ýagdaýlaryň maslahat edilýän wagtlaryndaky ýaly, datgynly gatnaşyk döwürlerinde bolsa wagtal-wagtal geçirip gelýär.

Ýöne dargtynlyklaryň häzirki derejesi olaryň ozalky ýyllardaky derejesinden has ýokarydyr we olar Eýrana gönükdirilýän syýasat boýunça ylalaşmazlyklary hem-de Donald Trampyň ABŞ salgyt töleýjileriniň gerdenindäki ýüki ýeňletmek üçin ýewropaly ýaranlardan goranmak boýunça harajatlary artdyrmagy talap etmegi ýaly dürli ugurlardaky meseleleri öz içine alýar.

Dartgynlylyklar ABŞ-dan maslahata gatnaşýanlaryň öz aralarynda-da ýokarlanyp biler. Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýünden ýokary derejeli demokrat Nensi Pelosi (Nancy Pelosi) hem konferensiýa baryp, Tramp administrasiýasynyň agzalary bilen duşuşýar.

Bu kaliforniýaly kanun çykaryjy Senat sudunda iki madda boýunça aklanan Trampyň garşysyna edilen impiçment tagallalarynda möhüm rol oýnapdy.

Pompeo bilen Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Mark Esperiň hem maslahata gatnaşmagy ähtimal, olaryň konferensiýanyň gapdalynda owgan prezidenti Aşraf Gani bilen geçirjek duşuşygy Mýunhende möhüm waka bolar.

ABŞ bilen Talybanyň arasyndaky gepleşiklerere gatnaşyjylar Owganystanyň söweşiji toparlarynyň arasynda resmi ylalaşyklara ýol açyp biljek ýedi günlük “zorlugy azaltmak” ylalaşygynyň golaýlaýandygynyň güýçli alamatlaryny berýärler.

Ýygnaklaryň öňýany maslahatyň başlygy Wlafogang Aýsinger (Wolfgang Ischinger) uruşdan ejir çeken iki ýurda üns berdi. Ol Siriýa boýunça halkara jemgyýetçiliginiň “bagyşlap bolmajak netijesizligine” özüniň “çuňňur gynanýandygyny” aýtdy hem-de Berlinde golaýda barlan Libýa parahatçylyk planynyň goldaw tapmandygyna lapykeçlik beýan etdi.

“Bizde adamyň göz öňüne getirip biljeginden has köp krizis, has çynlakaý krizis, has aýylganç hadysalar bar” diýip, ol aýtdy.

Konferensiýa gabatlap protestlere garaşylýar, howpsuzlygy üpjün emek üçin çäräniň geçiriljek ýerine 3900 töweregi polisiýa işgäri ýerleşdiriler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG