Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň hökümetleri Andijan gyrgynçylygyny ýazgarmaga taýýarmy?


Adamlar Andijanda atylyp öldürilenleriň jesetleriniň öňünde doga-dileg edýärler. 2005-nji ýylyň 14-nji maýy.
Adamlar Andijanda atylyp öldürilenleriň jesetleriniň öňünde doga-dileg edýärler. 2005-nji ýylyň 14-nji maýy.

2005-nji ýylyň 13-nji maý ertiri ýaragly adamlar Özbegistanyň gündogar çetinde ýerleşen Andijana okdurylyp girdiler. Olaryň arasynda türmeden gaçanlar hem bardy. Olar hökümet wekillerinden birnäçesini öldürdiler, başga birlerini zamun aldylar. 13-nji maýdaky gan döküşlikden öňinçä bu şäherde ýerli ilatyň parahatçylykly demonstrasiýalary başlanypdy, oňa ýüzlerçe adam gatnaşdy. Ýöne adaty düzgün bozulyp, Andijanyň köçelerinde ýaragly toparyň agzalary bilen parahat demonstrasiýa çykanlar, şeýle hem ýagdaýa keseden bilesigeljilik edýänler garyşdylar.

Ol wakadan ýedi hepde öň, mart aýynyň başynda, Merkezi Aziýanyň hökümdarlary Gyrgyzystanda bolan halk rewolýusiýasynyň netijesinde, prezidenti Askar Akaýewiň ýurtdan gaçyşyna agyr howsala bilen syn edipdiler. Özbegistanyň awtoritar lideri Yslam Kerimow öz ýurdunda beýle ýagdaýyň gaýtalanmagyna doly güýjünde gaýtawul berjekdi. Şonuň üçin ol Andijanda düzgün-tertibi ýola goýmak üçin, goşun iberdi.

Netijede ganly gyrgynçylyk döredi. Özbegistanyň hökümetleriniň maglumatyna görä, esasy köplügi harbylardan hem gozgalaňçylardan bolan 187 adam ölüpdir. Ýurduň Baş prokuraturasynyň maglumatyna görä, parahat ilatdan ölen 60 çemesi adamyň jogapkärçiligi gozgalaňçylaryň üstüne ýüklendi.

Şaýat bolanlaryň aýtmagyna görä, parahat ilatdan ölenleriň sany resmileriň aýdýanyndan birnäçe esse artyk bolmaly. Käbir maglumata görä, ölenler müň adamdan geçýär. Öldürilenleriň köpçülikleýin jaýlanandygy we birnäçe jesediň uçar arkaly Orsýete aşyrylandygy hakda habar peýda boldy.

Özbegistan bolup geçen ýagdaý boýunça halkara jemgyýetçiliginiň garaşsyz derňewleri geçirmek baradaky çagyryşlaryny ret etdi.

HÖKÜMETLERIŇ ILKINJI BOÝUN ALŞY

Özbegistan bolup geçen wakanyň taryhyny bireýýäm unutdy hem şondan bäri şol meseleden gürrüň gozgalmagyndan gaça durdy. Golaýda ol meseläni parlamentiň öňki ýolbaşçysy ýaňdan galdyryp, Andijanda «ýalňyşlyk» bolandygyny aýtdy. 7-nji fewralda Özbegistanyň baş prokurorynyň orunbasary Swetlana Artykowa Qalampir täzelikler gullugyna interwýu berdi.

Prezident Yslam Kerimowyň şekili goýlan bilbord. Hut ol Andijanda bolan heläkçiligiň garaşsyz barlaglaryna ýol bermändi.
Prezident Yslam Kerimowyň şekili goýlan bilbord. Hut ol Andijanda bolan heläkçiligiň garaşsyz barlaglaryna ýol bermändi.

Andijan wakasynyň barlaglaryna gatnaşan S. Artykowa 2005-nji ýylyň 13-nji maýynda «günäsiz adamlaryň» atylyp öldürilendigini aýtdy. Şuňa meňzeş beýanat Özbegistanyň hökümet resmileriniň arasynda ilkinji gezek aýdyldy.

Artykowa sözüne ýene şulary goşdy: «Aragatnaşyk örän ýaramazdy. Harbylara buýruk berýän komandir ýokardan berlen buýrugy ýa-ha wagtynda eşitmedi, ýa-da oňa nädogry düşündi. Zerur taýýarlyk ýokdy... biz ýalňyş goýberdik».

S. Artykowa adam adyny tutmady, ýöne ol gan döküşlikde birnäçe harbynyň jogapkärçilige çekilip, olaryň türmä ýollanandygyny mälim etdi. «Indi bolsa olar çekmeli möhletini oturyp, öz kadaly durmuşyna dolanyp geldiler» diýdi.

Näme üçin bu meseläni indi gozgaýandygy barada soralanda, baş prokuroryň orunbasary Kerimowyň ölüminden soňky üç ýylda Şawkat Mirziýaýewiň döwlet başyna gelmegi netijesinde, Özbegistanyň özgerýändigi bilen düşündirdi.

«O döwürlerde Özbegistan ýapykdy. Indi bu täze Özbegistan. Indi syýasata täzeçe garaýyş bar, täze erkin syýasatyň tolkuny bar» diýip, S. Artykowa aýtdy.

Özbegistanyň baş prokurorynyň orunbasary Sewtlana Artykow.
Özbegistanyň baş prokurorynyň orunbasary Sewtlana Artykow.

Interwýu dowamynda Artykowa Andijan wakasy barada başga bir informasiýany mälim etmedi. Ýöne şonça ýyl geçenden soň onuň bu meselä ýüzlenmegi örän ähmiýetli ýagdaý.

S. Artykowanyň Baş prokuraturadaky gulluk wezipesiniň esasy bölegi baryp Sowet döwründe başlanypdy. Ol şo döwürler Namangan prokuraturasynda işleýärdi. Namangan bolsa Andijandan beýle bir uzakda däl. Soňra ol parlamente geçdi. Baş prokuroryň orunbasary wezipesine bellenýänçä, Senatyň başlygynyň orunbasary boldy.

2005-nji ýylyň maýynda S. Artykowa Baş prokuraturanyň metbugat-sekretarydy. Hut şonuň üçinem ol Andijanda ýüze çykan waka barada köp açyk çykyşlary edipdi hem gan döküşlikde kimiň günälidigini aýdypdy. Şonuň üçinem onuň interwýuda aýdanlaryna ýöne aýdylaýan maglumat, sözüne jogap bermeýän býurokratyň dilinden sypan söz hökmünde garamak bolmaz. Munuň özi köplerde indi Özbegistanyň hökümetleri şol bolup geçen ýagdaýa ýaňadan üns bermegiň bir duýduryşy bolaýmasyn diýen soragy döretdi.

Aslynda Andijan wakasy baradaky soraglar örän köp. Ýyllar boýy ol gan döküşlik barada garaşsyz barlaglary geçirmeli diýip çykyş edýän hukuk goraýjylar hem beýlekiler şol döwürde ýurduň geçiren barlaglarynyň netijesiniň ýeterlikli däldigini aýdyp gelýärler. Artykowa bolsa öz interwýusynda ol waka gatnaşandygyny ýatlady.

Kerimow 2016-njy ýylda aradan çykdy, ýöne 2005-nji ýyldaky Andijan wakalaryna gatnaşygy bolan birnäçe döwlet gullukçylary entek täsirli. Zakir Almatow 2005-nji ýylyň maýynda ýurduň Içeri işler ministridi. Andijandaky harbylaryň hereketine onuň täsiri köp bolupdy. Gan döküşlikden birnäçe aý geçenden soň, Almatow saglyk ýagdaýyny bahana edip, öz arzasy bilen wezipesinden çekildi. Ýöne ol 2018-nji ýylyň fewralynda ýene uly syýasata geldi hem Içeri işler ministrliginde maslahatçy wezipesini aldy.

Şol döwürde Rustam Inoýatow Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygydy, 2018-nji ýylyň ýanwarynda 75 ýaşynda bu wezipeden bölekleýin çekilip, häzir pensiýada hasaplanýar. Häzirki prezident Mirziýaýew şol döwürde ýurduň premýer-ministridi. Birnäçe ýylyň ümsümliginden soň S. Artykowa Andijanda bolan gyrgynçylyga degişli täze çekişmä mümkinçiligiň bardygyny belli bir derejede aýan etdi.

Aradan 15 ýyla golaý wagt geçse-de, 13-nji maýda Andijanda nämeleriň bolandygy baradaky meseleler köp bolmagynda galýar. Özbegistanyň hökümetleri, megerem, olara jogap bermäge taýýar däle meňzeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG