Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan daşary ýurtlulary koronawirus barlagyndan geçmäge we tölemäge mejbur edýär


Aşgabadyň halkara aeroporty
Aşgabadyň halkara aeroporty

Türkmenistana barýan daşary ýurtlular, hususan-da orsýetliler karantinе salynýar we barlaglaryň çykdajylaryny tölemäge mejbur edilýär. Bu barada Orsýetiň habar çemeleri we garasyz "Türkmen.news" neşri habar berýär.

"Türkmen.news" neşriniň maglumatyna görä, 17-nji fewralda Aşgabada Moskwadan baran Orsýetiň alty raýaty saklanypdyr, olarda koronawirusyň bolmagy güman edilipdir.

"Pasport barlagyndan geçen wagtynda adamlaryň dokumentleri ellerinden alyndy, baranlaryň özlerinden medisina işgärleriniň ýanyna barmak soraldy. Olar orsýetlilere agzyndan suwuklyklygy analizini tabşyrmagyň zerurdygyny, munuň üçin keselhana barmalydygyny aýtdylar. Orsýetiň konsulhanasy baranlara bu talaba boýun bolmagy we karantine ýatmagy teklip etdi. Ine, bir gije-gündizden uzak wagtlap olary keselhanada saklaýarlar, hiç birinde ýokary gyzgyn ýa-da wirusyň haýsy-da bolsa başga bir alamaty ýok" diýip, neşir "Mash telegram" kanalyna salgylanyp, 18-nji fewralda habar berdi, şeýle-de orsýetlileriň yzýany baran beýleki daşary ýurtlularyň eýýäm goýberilendigini belledi.

Türkmenistan ýurda barýanlaryň barlagyny dünýäde koronawirusyň ýaramagynyň fonunda amala aşyrýar. Bütindünýä saglyk gumasynyň soňky sanlaryna görä, 19-njy fewralda dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 75 196 adama ýetipdir, 2 müň 10 adam ýogalypdyr.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistan koronawirusy anyklamak boýunça barlaglarynyň düzgünlerini çap etmeýär. Döwlet Migrasiýa gullugynyň we Saglyk ministrliginiň websaýtlarynda wirus bilen bagly barlaglar barada maglumat ýerleşdirilmändir, hatda koronawirusyň özi-de düýpden agzalmaýar.

Orsýetlileriň Türkmenistanda koronawirus barlagyndan geçirilmegine degişli wakalar barada orsýetiň "Life.ru" websaýty hem habar berýär. Bu neşir 17-nji fewralda Aşgabada baransoň mejbury ýagdaýda keselhana salnan orsýetli zenanyň gyzynyň beren gürrüňini we wideo çykyşyny ýerleşdirdi.

"Medisina edarasyna salynmagynyň öňýany ýurduň ähli myhmanlarynyň dokumentlerini ellerinden aldylar, muny olaryň keselhanada saklanandygy we geçirilen barlaglary üçin çykdajylaryň tölenjegini güwä geçmek üçin etdiler, ýogsa-da muny oňa hiç kim öňünden aýtmandy. Mobil aragatnaşygy bu edarada işlemedi we olarda kimdir-birine jaň etmäge mümkinçilik bolmady" diýip, Ýekaterina Malaşewa "Life.ru" neşirine habar beripdir. Zenanyň sözlerine görä, onuň ejesinde CoViD-19 wirusy tapylmandyr, emma administrasiýa onuň pasportyny yzyna bermeýär.

Neşriň bellemegine görä, şol zenanyň aşgabatly dostlary onuň yzyndan keselhana baranlarynda, bu ýerden goýberilen daşary ýurtly adama duş gelipdirler. Bu adam keselhanada bir ýeriň 50 ýewro çemesi durýandygyny we özüniň şol ýerde üç gün saklanyp, öz pasportyny gaýdyp almak üçin ähli tölegleri etmeli bolandygyny gürrüň beripdir.

"Ýekaterina diplomatlara ýüz tutdy we öz ejesine dokumentleriniň gaýdyp beriljegini umyt edýär" diýip, neşir ýazýar.

Munuň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy we Britaniýanyň hökümeti Türkmenistana barýan daşary ýurtlularyň medisina barlagyndan geçirilýändigi barada maglumat çap etdiler. Bu ýurtlaryň häkimiýetleri öz raýatlaryny Türkmenistanda medisina hyzmatlary ulanmakdan saklanmaga çagyrdy, munuň sebäbini bu ýurtdaky medisina hyzmatlarynyň hiliniň pesligi bilen düşündirdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri Hytaýda dörän we dünýä ýaýran howply wirusyň adyny agzaman gelýärler we dünýädäki ýagdaý barada öz ilatyny habarly etmeýärler.

Şu çaka çenli koronawirus Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda diňe bir gezek, Daşary işler ministrliginiň 31-nji ýanwarda çap eden maglumatynda agzaldy. Şol maglumatda ýurtda koronawirusa garşy göreş boýunça öňüni alyş çäreleriň güýçlendirilendigi mälim edildi.

Şu günküi gün Türkmenistanda koronawirusa garşy alyp barýan çäreleriň çäginde, Hytaý bilen howa gatnawy ýatyryldy, ýurduň Hytaýdan baran raýatlary karantine salyndy, olardan käbirleriniň ýany bilen getiren harytlary ellerinden alyndy, ýurtda kronawirus howpy barada çap görnüşli maglumatlar ýaýradyldy, käbir şäherlerde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, döwlet edaralarynda sanitariýa çäreleri geçirilýär, şol sanda otaglarda üzärlik tütedilýär. Ilata koronawirusdan goranmak çagyryşy edilip, arassaçylygy berjaý etmek, suwy gaýnadyp içmek, ekzotiki miweleri, ilkinji nobatda banan iýmekden saklamak ýaly maslahatlar berilýär. Paýtagtda wiruslary ýaýradyjylara garşy göreş hökmünde pişikleri tutmak boýunça işler geçirilýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň döwlet edarlaryndan, şol sanda epidemiologiýa boýunça döwlet gullugyndan maglumat we resmi kommentariý almak üçin eden synanyşyklary şowsuz boldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG