Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karantine düşen söwdagärler Hytaýdan getiren harytlaryndan mahrum boldy


Aşgabadyň halkara aeroporty
Aşgabadyň halkara aeroporty

Türkmenistana baransoň, karantine düşen käbir telekeçileriň Hytaýdan alyp baran harytlaryndan mahrum bolandygyny habarçylarymyz aýdýarlar.

Aşgabatdaky habarçymyz 13-nji fewralda şeýle gürrüň berdi:

- Hytaýdan gelensoň karantinde saklanan söwdagärleriň harytlaryny koronawirusa garşy göreş diýip, ýakypdyrlar. Olara hiç bolmanda şeýle diýip aýtdylar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, söwdegärler uly möçberde ýitgi çekipdir:

- Maňa mälim bolan ýagdaýlaryň birinde adama bahasy 30 müň dollarlyk harytly konteýnerini gaýdyp bermediler. Bu ony doly çökerdi. Adamlar, ýok edildi diýlip, harytlaryň özlerine alnandygyny çak edýärler.

Azatlygyň habarçylary telekeçileriň Hytaýdan getirlen harytlarynyň ellerinden alynmagynyň netijesinde alyjylaryň hem öňünden sargan harytlaryndan mahrum bolandygyny belleýärler. Habarçylarymyza mälim bolan ýagdaýlarynyň birinde söwdagärlere gaýdyp berilmedik harytlar hojalyk üçin elektron tehnikasyndan, beýlekilerinde bahar we tomus möwsümleri üçin niýetlenen geýimlerden we aýakgapdan ybarat bolupdyr.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugyndan maglumat alyp bilmedi. Türkmen häkimiýetleri Hytaýdan baran adamlaryň karantine salnandygyny agzaman gelýärler. Azatlyga mälim bolşuna görä, Hytaýdan Türkmenistana baranlar ýanwar aýynyň aýagynda gözegçilik astyna alnyp başlanypdyr.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, 29-njy ýanwarda Hytaýdan Türkmenistana haryt daşaýanlardan 79 adam 20 günlük kanatine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak obasyna ugradylypdyr.

Mundan başga, Türkmenistandaky habarçylarymyza mälim bolşuna görä, fewral aýynyň başynda Hytaýdan baranlar Lebap welaýatynda Türkmenabat şäheriniň golaýynda saklandy. Maryda, bolsa, Hytaýdan baranlaryň käbiri öýlerinde gözegçilik astynda saklanýar.

Türkmen häkimiýetleriniň özleriniň amala aşyrýan çäreleri, şol sanda karantiniň bardygy, şol ýerde adamlaryň saklanyş şertleri, şeýle-de ýurtda umuman keselçilik derejesi baradaky resmi sanlary barada ilaty habarly etmezligi ilatyň arasynda aladalanmalaryň artmagyna sebäp bolýar.

"Türkmen resmileri koronawirus barada hiç bir maglumatlary halka äşgär etmeýär, halkyň arasynda tassyklanmadyk gürrüňler, myş-myşlar köpelýär. Käbir regionlaryň adamlaryny oňaýsyz ýagdaýa goýýar. Türkmenbaşy we Aşgabat şäherleriniň raýatlary häkimiýetleriň Türkmenabatda koronawirus karantinine düşen raýatlary Pekinden göni Lebapda gondurylmagy we hiç bir düşündiriş bermezden bu barada dymmagy sebäpli Aşgabadyň we Türkmenbaşy şäherleriniň ýaşaýjylarynyň ençemesiniň bu ýerde işleýän lebaply zähmet migrantlaryna şübheli göz bilen garamagyna getirdi" diýip, habarçymyz 14-nji fewralda habar berdi.

Ýatlatsak, 1-nji fewralda Pekinden Aşgabada barýan uçar Lebap welaýatynda, Türkmenabatda gonupdy we onuň içindäki ýolagçylar öýlerine goýberilmän, bu ýerde döredilen karantin gözegçiligine alnypdy. Yzysüre koronawirus sebäpli Lebapda howpsuzlyk gözegçiligi güýçlendirildi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, ilat arasynda koronawirus keseli bilen bagly ýagdaýdan aladalanmalaryň köpelmegi käbirleriň Lebap welaýaty we lebaplylar bilen aragatnaşygyny azaltmaga çalyşmagyna sebäp boldy.

"Beýleki welaýatlarda ussaçylyk ýa-da söwda edýän lebaplylar işsiz galýarlar. Ene-atalaryň arasynda hatda çagalary Lebapda goşunda bolsalar, olaryň gulluk ýerlerini başga welaýatlara çalyşmaga synanyşýanlar hem bar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň dünýä ýaýraýan täze koronawirusy diňe bir gezek resmi taýdan agzan maglumatynda ýurduň territoriýasyny onuň ýaýramagyndan goramak üçin ähli zerur çäreleriň görlendigi, şol sanda wirusyň bardygy tassyklanan ýurtlardan gelýänlere gözegçilik edilýändigi ​habar berildi.

Ýanwar aýynyň aýagynda Türkmenistan sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi we ýurduň territoriýasyna ýokanç keselleriň getirilmezligi boýunça çärelerini güýçlendirendigini yglan edipdi. 1-nji fewralda Hytaý bilen howa gatnawyny wagtlaýyn togtatdy.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, tutuş ýurt boýunça döwlet edaralarynda arassaçylyk işleri güýçlendirilipdir. Käbir edaralarda, hususan-da mekdeplerde ýygnaklarda keselden goranmagyň zerurdygy barada düşündiriş berilýär. Aşgabatda koronawirusyň howpy barada çap görnüşli maglumatlar ilata paýlanýar.

14-nji fewralda Hytaýda kesellänleriň sany 64 müň adama ýetdi, ýogalanlaryň sany ýene artyp, 1 380 adama ýetdi, 6 000 golaý adam keselden gutuldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG