Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranlylar konserwatiw ruhanylar tarapyndan gözden geçirilen parlament dalaşgärlerine ses berýärler


21-nji fewralda eýranlylar ýurduň parlament saýlawlarynda ses berýärler. Saýlawlarda dalaş edýänleriň ählisi aşa yslamçy ruhanylar tarapyndan gözden geçirildi. Munuň netijesinde, reformaçy we aram dalaşgärleriň müňlerçesi saýlawlara goýberilmedi.

Eýranyň Goragçylar Geňeşiniň konserwatiw ruhanylary umumy hasapda 7 müň 148 dalaşgäri ykrar etdiler. Geňeş 290 orunlyk parlamente dalaş etmekçi bolan 9 müň töweregi eýranlynyň arzasyny ret etdi.

Eýranyň Goragçylar Geňeşi tarapyndan dalaşgärligi kabul edilmedikleriň arasynda ýurduň möhleti tamamlanan parlamentiniň 90 agzasy hem bar. Olaryň köpüsi aram we reformaçy kanunçykaryjylar hökmünde tanalýardy.

Ses berişlikden bir gün öň Birleşen Ştatlar Eýranyň Goragçylar Geňeşiniň bäş resmisine garşy sanksiýalary girizdi. Bu resmilere saýlawlarda dalaş edýänleri gözden geçirmek tabşyrylypdy.

Bu bäş resmi dalaşgärleri saýlawlara gatnaşmakdan mahrum edendigi we “eýranlylaryň erkin we adalatly ses bermegini ret edendigi” üçin Birleşen Ştatlaryň sanksiýalaryna sezewar edildi diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Eýran boýunça ýörite wekili Brian Hook aýtdy.

Sanksiýa girizilen resmileriň arasynda Goragçylar Geňeşiniň sekretary, aşa konserwatiw ruhany Ahmad Jannati hem bar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo “Jannati ýaly ruhanylaryň Eýranyň halkyny soňky 41 ýylyň dowamynda hakyky saýlawlardan mahrum edendigini” aýtdy.

Birleşen Ştatlar tarapyndan sanskiýa girizilen eýran resmileriniň biri özüniň ABŞ-nyň gara sanawyna goşulanyna buýsanýandygyny aýtdy.

“Halkymyzyň duşmanynyň bize garşy sanksiýa girizmegi bizi begendirdi. Men Amerika tarapyndan özüme garşy sanksiýa girizilendigine buýsanýaryn” diýip, Eýranyň döwlet teleradio kompaniýasy IRIB ýurduň Goragçylar Geňeşiniň metbugat wekili Abbas Ali Kadhodaýyň sözüni sitirledi.

Saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen ir sagat 8-de açylyp, olar ikindin 6-da ýapylarlar.

Eýranda bir hepde dowam eden resmi saýlaw kampaniýasy 19-njy fewralda tamamlandy. Häkimiýetler ses berişlikden bir gün öň, ýagny 20-nji fewralda dymyşlyk gününi yglan etdiler.

Goragçylar Geňeşi Eýranyň ses bermäge hukukly 58 million ilatynyň azyndan 50 prosentiniň ses bermäge gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Olar ýurduň 31 welaýatyndaky saýlaw uçastoklaryna ses berýärler.

“Biz öňümizdäki saýlawlara [ilatyň] gatnaşyk derejesiniň gowy boljakdygyny çaklaýarys” diýip, Goragçylar Geňeşiniň metbugat wekili Abbas Ali Kadhodaýy 19-njy fewralda eden çykyşynda aýdypdy.

Eýranyň resmileri 2016-njy ýylda geçirilen, ýurduň mundan ozalky parlament saýlawlaryna ilatyň 60 prosentiniň gatnaşandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG