Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň baş metjidini açdy


Metjdiiň gurluşygyna çykarylan pul serişdeleri barada maglumat berilmeýär.
Metjdiiň gurluşygyna çykarylan pul serişdeleri barada maglumat berilmeýär.

21-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabada sapar edip, Lebap welaýatynyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ýatlatsak, fewralyň başynda Azatlyk Radiosy, prezidentiň bu welaýata etjek saparyna taýýarlygyň çäklerinde, Türkmenabadyň köçelerinde jemagat hojalygynyň işgärleriniň arassaçylyk işlerini güýçlendirendigini habar beripdi.

Täze metjit 2015-nji ýylyň iýunynda gurlup başlandy.

Resmi maglumata görä, bir wagtyň özünde bu ýerde 3 müň adam namaz okap bilýär. Metjidiň dört minarasynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem metjidiň gapdalynda 500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga göz öňünde tutulypdyr. Metjdiiň gurluşygyna çykarylan pul serişdeleri barada maglumat berilmeýär.

Berdimuhamedow Mekgeden iberilen Käbäniň ýazgysy bolan örtügi hem metjide ýadygärlik hökmünde gowşurypdyr.

Berdimuhamedow gurnalan sadaka gatnaşyp, soňy bilen Aşgabada ugrady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG