Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda parlament saýlawlarynyň sesleri sanalýar


Eýranda bir gyz ses bermek üçin nobata duran ejesiniň pasportyny saklap dur. Şahr-e-Raý. 20-nji fewral, 2020 ý.
Eýranda bir gyz ses bermek üçin nobata duran ejesiniň pasportyny saklap dur. Şahr-e-Raý. 20-nji fewral, 2020 ý.

Eýranda 21-nji fewralda geçirilen parlament saýlawlarynyň sesleri sanalýar.

Resmiler, has köp adamlaryň ses berip bilmegi üçin, saýlaw uçastoklarynyň işini üç gezek, umumy hasap bilen bäş sagada uzaltdy.

Ses berilişigiň deslapky netijeleriniň 22-nji fewralda, soňky netijeleriniň hem nobatdaky gün yglan edilmegine garaşylýar.

Saýlawlarda dalaş edýänleriň ählisi aşa yslamçy ruhanylar tarapyndan gözden geçirildi; 9 müň töweregi kandidat saýlawlara goýberilmedi.

Goragçylar Geňeşiniň konserwatiw ruhanylary 290 orunlyk parlamente dalaş etmek üçin 7 müň 148 kandidatyň hasaba alnandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG