Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal gazak aktiwisti Aghadil tussaglykda saklanýan mahaly aradan çykdy


Dulat Aghadil
Dulat Aghadil

Tanymal gazak raýat aktiwisti Dulat Aghadil kazyýetiň ýerli polisiýa hasabat bermek baradaky kararyny ýerine ýetirmändigi üçin tutulyp, Nur-Sultanda deslapky tussaghana ýerleşdirileninden bir gün soňra tussaglykda aradan çykdy.

25-nji fewralda paýtagtyň polisiýa edarasy 43 ýaşly Aghadiliň kazyýeti äsgermezlik etmekde we hasabat düzgünini bozmakda aýyplanyp, deslapky tussaghana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Beýanatda Aghadiliň24-nji fewralda giçlik tussag edilen mahaly serhoşdygy we birnäçe sagat soňra ýürek näsazlygy sebäpli aradan çykandygy aýdylýar.

Aktiwistiň dostlary tarapyndan Facebook sosial ulgamynda ýerleşdirilen wideoda raýat eşikli birnäçe adamyň Aghadili zor bilen öýünden çykarýandygyny, daşarda elini gandallap, ony alyp gidýändigi görünýär.

Polisiýanyň beýanatyndan soňra Aghadiliň onlarça tarapdary Nur-Sultanda Içeri işler ministrliginiň öňüne ýygnanyp, onuň ölümi barada jikme-jik maglumat berilmegini talap etdiler.

Resmiler daşary çykyp, olar bilen gürleşmänsoň, aktiwistler ministrligiň golaýyndaky merkezi köçeleriň birini böwetlediler. Şondan soňra polisiýa birnäçe aýal-erkegi zorluk bilen awtobuslara mündürip, alyp gitdi.

Düýbi Almatyda ýerleşýän adam hukuklary baradaky “Ar.Ruh.Hak” fondunyň başlygy Bahytžan Toregožinanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzir Aghadiliň aklawçysy bolan wakalar hakda köpräk maglumat almaga synanyşýar.

“Hakykatyň üstüni açmak we nädogry iş edilmändiginiň anygyna ýetmek üçin, elbetde, garaşsyz ekspertler tarapyndan geçirilen düýpli awtopsiýa gerek” diýip, Toregožina aýdýar. Ol soňra hem häkimiýetleriň resmi beýanaty “köplenç hakykata laýyk däl” diýip, sözüniň üstüne goşýar.

Aghadil özüniň raýat hukuklary ugrundaky işleri bilen giňden tanalýan adamdy. Ol rugsatsyz üýşmeleňlere gatnaşyp, saklanmagyna garşylyk görkezenligi üçin, ençeme gezek birnäçe günläp türme tussaglygyna höküm edildi.

Noýabr aýynda Aghadil boşadylmagyna garaşylýanyndan bir güň öň türmeden gaçmak bilen agza-dile düşdi. Ol soňra bu işi “özümiň bikanun tutulmagyma protest bildirmek üçin etdim” diýip düşündirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG