Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýasy ýene-de zenanlary 'awlaýar'


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistanyň ýol gözegçilik polisiýasy ýene-de zenan sürüjileri köpçülikleýin saklap başlady. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary köçelerdäki reýdleriň soňky birnäçe günde aktiwleşendigini, zenanlara dürli bahanalar bilen sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden almak haýbatynyň atylýandygyny habar berýärler.

"Indi birnäçe gün bäri polisiýa zenan sürüjileri terror edýär. Her bir ädimde saklaýar, ähli zatdan bahana gözleýär" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 26-njy fewralda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa zenanlaryň näme sebäpden saklanýandygyny düşündirmeýär.

"Zenanlary gören badyna, her bir ädimde saklaýarlar. Maňa aýdyşlaryna görä, ýene-de dilden edilen görkezme berlipdir dürli bahana bilen zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden almak hakynda" diýip, Azatlygyň habarçysy ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärlerine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagy, täzesini alyp bilmän, möhleti geçen dokumentlerini çalyşyp bilmän çekýän kösençlikleri bir ýyla golaý wagt bäri dowam edýär.

2019-njy ýylyň başynda Aşgabadyň polisiýasy köçelerde awtoulag sürüp barýan zenanlary saklap, dürli bahalaryň esasynda olaryň sürüjilik sahadatnamalaryny ellerinden alyp başlady. Şonda Azatlygyň habarçylary hususy awtoulaglaryny sürmek gadagançylygynyň kanun goraýjy edaralarda işleýän zenanlara berlendigini habar beripdi. Soňra döwlet edaralarynyň zenan işgärlerine awtoulag sürmek gadagançylygy gowşady.

Sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin talap edilýän dokumentleriň uly göwrüminiň sanawyna pasportyň nusgasy, köne sürüjilik şahadatnamasynyň nusgasy, ekzamenasion kartasy, familiýasy üýtgän bolsa, durmuş gurandygy hakyndaky şahadatnama we üç edaradan alnan medisina resminamalary girýär.

Emma bu resminamalaryň ählisiniň polisiýa alnyp barylmagy sürüjilik şahadatnamasynyň beriljegini kepil geçmeýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň 26-njy fewralda habar bermegine görä, ýylyň dowamynda dokumentlerini tabşyran aşgabatly zenan sürüjilere şu günki güne çenli sürüjilik şahadatnamalaryny ellerine almak başartmandyr.

"Sürüjilik şahadatnamalarynyň möhleti dolup, dokumentlerini tabşyran zenanlara täze şahadatnamalary henizem berilmedi" diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly zenanlar dokumentlerini kabul eden, emma sürüjilik şahadatnamalaryny henize çenli bermedik polisiýa işgärleriniň käbirleriniň sebäbini asla düşündirmeýändigini, beýlekileriň ýokardan edilen tabşyryga salgylanýandygyny ýa-da bir edaradan başgasyna ugradýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri zenanlaryň awtoulag sürmäge mümkinçilikleriniň köpçülikleýin çäklendirilmeginiň sebäbini resmi taýdan şu çaka çenli düşündirmediler. Bu mesele döwlet habar beriş serişdelerinde hem gozgalmady.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň kanunlary zenanlaryň erkekler bilen deň hukuklaryny güwä geçýär.

Türkmen häkimiýetleriniň zenan sürüjilere garşy köpçülikleýin göreşi 2019-njy ýylyň fewral aýynda başlandy. Onuň çäginde zenanlaryň ençemesiniň sürüjilik şahadatnamalary ellerinden alyndy. Şeýle reýdleriň biriniň wideo ýazgysy 2019-njy ýylyň fewral aýynda Azatlyk Radiosyna gowuşdy.

PÝGG aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG