Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalary uzaldylmaýar


Türkmen metbugatynda çap bolan awtoulag sürýän aýallary ýaňsylaýjy karikatura
Türkmen metbugatynda çap bolan awtoulag sürýän aýallary ýaňsylaýjy karikatura

Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalary almakdaky we täzelemekdäki kynçylyklary dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, hususan-da paýtagtda polisiýa aýallara sürüjilik dokumentini bermekden gönüden ýüz öwürýär.

- Aýallaryň sürüjilik dokumentleriniň möhleti gutaranda olara polisiýada täze dokument bermän "aýallara bermeýäris" diýip açyk aýdýarlar - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, şeýle-de paýtagtda aýallaryň bar bolan sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagyna degişli ýagdaýlar dowam edýär.

- Zenanlary [ozalkysy ýaly] aktiw saklamaýarlar, emma oýlanyp tapylan dürli bahanalar bilen ellerinden sürüjilik şahadatnamalaryny alýarlar we ýerine wagtlaýyn görnüşini berip, dokumentiň özüni soň gaýdyp bermeýärler - diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamalary raýatlara 10 ýyllyk möhlet bilen berilýär.

​Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň zenan raýatlary sürüjilik şahadatnamalaryndan köpçülikleýin mahrum edilip başlandy. Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýasy zenanlaryň sürüp barýan awtoulaglaryny saklady we resmi sebäbini düşündirmezden dürli bahanalar bilen olaryň elinden dokumentlerini aldy.

Şeýle wakalaryň birinde edilen wideo ýazgy Azatlyk Radiosyna elýeterli boldy.

PÝGG aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Şol bir wagtyň özünde-de, döwlet edaralarynda we kärhanalarynda işleýän zenanlar üçin öň käbir ýeňillikler göz öňünde tutulypdy.

Mundan öň Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary zenanlaryň işleýän ýerinden resminamasy bolan ýagdaýynda olara awtoulag sürmek rugsadynyň berlendigini, emma käbir edaralarda ýolbaşçylaryň öz zenan işgärlerinden hususy transporty ulanmakdan saklanmagy talap edýändigini habar beripdi.

​- Içeri işler ministrliginiň düzümindäki bir edarada işlän zenanyň sürüjilik şahadatnamasy elinden alnypdy, golaýda ol pensiýa çykdy we onuň dokumentini gaýdyp berdiler. Emma sürüjilik dokumentiň möhletini uzaltmadylar we aýallara uzaldylmajagyny mälim etdiler - diýip, habarçymyz 2-nji iýunda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň polisiýasynyň özünden resmi maglumat we düşündiriş alyp bilmedi.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, şu günki gün aşgabatly ulag sürüji zenanlar öz hukuklaryny dürli ýollar bilen goramaga çalyşýarlar, şol sanda özleriniň duçar bolýan ýagdaýlarynda polisiýa bilen gürrüňdeşliklerini wideo düşürýärler, surat alýarlar we sesini ýazdyrýarlar.

- Abadandaky tanşymdan bahana tapyp, sürüjilik dokumentini elinden aldylar we wagtlaýyn görnüşini hem bermediler. Emma ol polisiýa bilen gürrüňdeşligini ýazgy etdi we soň sürüjilik dokumentini gaýdyp bermeseler, ýazgyny internetde ýerleşdirjekdigini polisiýa duýdurdy. Gaýtaryp berdiler - diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri aýtdy.

Sürüjilik şahadatnamasyny elinden aldyran aşgabatly ulag sürüjileriň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermeklerine görä, şu günki gün tanyş üsti bilen we para bermek arkaly dokumentleri yzyna gaýdyp almak hem kynlaşypdyr.

Türkmenistanda ulag sürüjiler ýyllarboýy, ulagyň reňkine, öndürilen ýylyna, ulagyň döwlet belgilerine degişli dürli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler. Emma resmiler ol ýa beýleki gadagançylyklar barada raýatlara diňe dil üsti bilen aýdýarlar we resmi sebäbini düşündirmezden, ýokardan berlen tabşyryga salgylanýarlar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatly zenan sürüjiler özleriniň sürüjilik dokumentleriniň ellerinden alynmagynyň aýal-gyzlary kemsidýändigini belleýärler. Türkmenistanyň kanunlary aýal we erkek adamlar üçin deň hak-hukuklary kepil geçýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG