Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Yrakdaky şaýy jeňçi toparynyň liderini “global terrorçy” diýip kesgitledi


ABŞ “Kataib Hizbullah” toparyny geçen dekabrda Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky harby bazasyna garşy raketalary atmakda aýyplady.
ABŞ “Kataib Hizbullah” toparyny geçen dekabrda Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky harby bazasyna garşy raketalary atmakda aýyplady.

ABŞ Yrakda hereket edýän, Eýran tarapyndan goldanylýan “Kataib Hizbullah” jeňçi toparynyň liderini terrorçy diýip ykrar etdi. Mundan öň, bu topar Yrakda ABŞ-nyň we halkara güýçleriniň bazalaryna garşy ençeme raketa hüjümini amala aşyrypdy.

Döwlet departamentiniň 26-njy fewralda beren maglumatyna görä, ABŞ jeňçi toparynyň harby ganadynyň başlygy Ahmad al-Hamidawini “ýörite ykrar edilen global terrorçy” hökmünde ykrar edipdir.

Munuň netijesinde, onuň ABŞ-daky serişdeleri doňdurylar we onuň bilen islendik gatnaşyklar jenaýat hökmünde kabul ediler.

“Kataib Hizbullah” 2009-njy ýylda terrorist topary hökmünde ykrar edilipdi.

“Şu gün biz bu terrorist toparyna garşy basyşlarymyzy güýçlendirýäris” diýip, Döwlet departamentiniň terrorçylyga garşy başlygy Nanthan Sales metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ol toparyň “Eýran režiminiň Yragy özüne tabyn bir ýurt etmek baradaky meýillerini ilerledýändigini” hem belledi.

ABŞ şaýy ýarym-harby, şol sanda “Kataib Hizbullah” toparyny Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky harby bazalaryna garşy raketalary atmakda aýyplapdy.

XS
SM
MD
LG