Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo "Krym Ukrainadyr" diýýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Moskwanyň 2014-nji ýylda eýeläp, özüne birikdiren Ukrainanyň Krym regiony baradaky dawasyny Waşington “ykrar edenok we hiç haçan ykrar etmez” diýýär.

“27-nji fewral Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny özüne birikdirmek baradaky synanyşygynyň altynjy ýyl dönümidir. Birleşen Ştatlar ýene bir gezek tassyklaýar: Krym Ukrainadyr” diýip, Pompeo aýtdy.

Pompeo: “Biziň 2018-njy ýylyň iýulyndaky Krym Yglannamamyzda nygtalyşy ýaly, Birleşen Ştatlar Orsýetiň bu ýarymada baradaky suwerinitetlik dawalaryny ykrar edenok, hiç haçan hem ykrar etmez. Biz Orsýeti Krymyň okkupasiýasyny bes etmäge çagyrýarys” diýdi.

“Orsýet alty ýyl bäri bikanunlygy kanunlaşdyrmak baradaky başa barmadyk tagallasynda ýalan gürrüňlere we nädogry maglumatlara bil baglamagyny dowam etdirýär. Onuň tagallasy başa barmaz” diýip, Amerikanyň döwlet sekretary aýtdy.

Pompeo dünýä “Orsýetiň ýersiz-ýere Ukraina basyp girmegini” hiç haçan unutmaz diýdi.

“Birleşen Ştatlar Orsýetiň Krymdaky bikanun hereketlerini, onuň Ukrainanyň garşysyna, şol sanda Donbasda dowamly alyp barýan agressiw hereketlerini ýazgarýar. Orsýet Krymyň kontrollygyny Ukraina gaýtaryp berýänçä, Minsk ylalaşyklarynda öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirýänçä, Waşington onuň garşysyna girizilen sanksiýalary öz güýjünde saklar” diýip, Pompeo belledi.

Pompeonyň beýanatyndan birnäçe sagat öň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Orsýetiň Krymy özüne birikdirmegi bilen baglylykda, 26-njy fewraly Hatyra güni diýip bellemek barada kararnama çykardy. Halkara jemgyýetçiligi Krymyň anneksiýa edilmegini ykrar edenok. Moskwanyň bu hereketi onuň garşysyna sanksiýalaryň girizilmegine getirdi.

Orsýetiň TASS döwlet habar gullugynyň bildirmegine görä, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow Zelenskiniň hereketi “Krym baradaky hakyky ýagdaýa gabat gelenok” diýipdir. Ol soňra hem Moskwa Zelenskiniň kararnamasynyň sözleri bilen “düýbinden” ylalaşanok diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.

Orsýet 2014-nji ýylyň martynda esger iberip, azyndan 100 ýurt tarapyndan bikanun diýip baha berlen referendumdan soňra Gara deňiz ýarymadasyny özüne birikdirdi. Ol şol ýylyň aprel aýynda hem Ukrainanyň, umuman Donbas diýip tanalýan gündogar regionlary Donetsk we Lahanskdaky ýaragly separatistleri goldady. Bu ýerde barýan konfliktde 130 müňden agdyk adam öldi.

Pompeo: “Orsýetiň Krymy eýelemegi we ýarymadany gitdigiçe harbylaşdyrmagy biziň umumy howpsuzlygymyza abanýan wehimdir” diýdi.

Moskwanyň “okkupasiýa häkimiýetleri özleriniň adam hukuklaryna we esasy erkinliklere edýän hüjümlerini dowam etdirýärler, raýat jemgyýetindäki, mediadaky tankytlary rehimsizlik bilen dymdyrýarlar, şeýle hem din azatlygyny çäklendirýärler” diýip, Pompeo sözüniň üstüne goşdy.

Pompeo Krymdan, şol sanda tatarlardan 80-den agdyk adam “Orsýet tarapyndan tussag edildi, käbirleri okkupasiýa parahatçylykly ýagdaýda garşy çykany üçin gynaldy” diýdi.

Ol şeýle hem Moskwa 20 müňe golaý krymly erkekleri mejbury harby gulluga çekmek bilen halkara hukugyny bozdy diýdi. Bu aýyplama noýabr aýynda “Human Rights Watch” guramasy tarapyndan bildirildi. Gurama adamlar Orsýetiň goşunynda gulluk etmäge mejbur edildi diýdi.

Amerikan prezidenti Donald Tramp Orsýetiň Ukrainadaky hereketleri sebäpli ozal girizilen sanksiýalary üstümizdäki hepde ýene bir ýyl uzaltdy.

Tramp tarapyndan 25-nji fewralda gol çekilen ýerine ýetiriş permany 2014-nji ýylyň 6-njy martynda girizilip, wagtyň geçmegi bilen giňeldilen sanksiýalar toplumyny öz içine alýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG