Türkiýe Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda Russiýa tarapyndan goldanylýan siriýa hökümet güýçleriniň howa zarbasy netijesinde azyndan 33 esgeriniň ölendigini aýtdy. Bu Anakara bilen Damaskyň ýarany Moskwanyň arasyndaky dartgynlylyklary artdyrdy.
Türkiýäniň Siriýa bilen serhedinde ýerleşýän Hataý welaýatynyň häkimi Rahmi Doganyň 28-nji fewralda beren maglumatyna görä, sebitiň keselhanalarynda Idlib welaýatyna edilen howa hüjüminde ýaralanan 32 türk esgeri bejergi alýar.
Hüjüme jogap edip, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň metbugat direktory Fahrettin Altun siriýa hökümetiniň nyşanalaryna “hem howadan, hem-de ýerden ot açyljakdygyny” aýtdy.
Siriýanyň hökümeti Idlibdäki soňky dartgynlylyklar barada häzirlikçe çykyş etmedi. Russiýa tarapyndan goldanylýan siriýa güýçleri bu sebiti öz gözegçiligine geçirmegi maksat edinýärler.
Şu aýyň başyndan bäri bu sebitde 54 esgeriň ölendigi habar berildi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi siriýa harbylarynyň odunuň astyna düşen türk esgerleriniň “terrorçy” diýip häsiýetlendiren güýçleriniň hatarynda bolandygyny aýtdy.
Russiýanyň Gara deňiz floty Kalibr raketalary bilen enjamlaşdyrylan iki söweş gämisini Ortaýer deňzine, Siriýanyň kenarýakalaryna ýollaýandygyny mälim etdi.
ABŞ “NATO boýunça ýarany Türkiýäniň tarapynda durýandygyny” aýtdy, şeýle-de Siriýa bilen Russiýany Idlibdäki “ýigrenji” hüjümlerini bes etmegine çagyrdy.