Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň agtygynyň Londondaky gozganmaýan emlägi "doňduryldy"


Nuraly Aliýew, Gazagystanyň eks-prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň uly agtygy.
Nuraly Aliýew, Gazagystanyň eks-prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň uly agtygy.

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň agtygy Nuraly Aliýewiň eýeçiliginde bolan Londondaky aýratyn elita jaý Britaniýanyň jenaýatçylyga garşy göreş boýunça agentligi tarapyndan doňduryldy. Resmi London «Gazagystanyň ýokary gatlakdaky syýasy» toparyna degişli «ol baýlygyň gümürtik gelip çykyşy» bilen gyzyklanýar diýip, Britaniýanyň BBC agentligi, halkara Transparency International guramasy hem-de hökümete garaşly bolmadyk Finance Uncoveredtopary habar berýärler.

Britaniýanyň BBC media kompaniýasy bu meselä bagyşlan çykyşynda, ol jaýyň Londondaky iň abraýly köçäniň ugrunda ýerleşýändigini hem berk goragly obýektdigini ýazýar. Örän giň bolan ol aýratyn jaýyň aşakky gatynda kinoteatryň hem suw howdanynyň bardygy makalada bellenýär.

Ol gozganmaýan baýlygyň eýesi ofşor kompaniýasy hökmünde görkezilipdir, ýöne barlaglaryň anyklamagyna görä, jaýda ýaşaýan Nuraly Aliýew, ol Gazagystan parlamentiniň ýokarky öýi – senatyň häzirki başlygy hem geçen ýyl otstawka çykan öňki prezidentNursoltan Nazarbaýewiň gyzy Dariga Nazarbaýewanyň ogludyr. N. Nazarbaýew prezidentlikden çekilse-de, öňküsi ýaly giň çäkdäki häkimlige eýelik edýär.

Britaniýanyň jenaýatçylyga garşy göreş boýunça milli agentligi ýörite barlaglaryň geçirilmegi üçin, gozganmaýan emlägiň doňdurylandygyny mälim edýär. Munuň özi 10-njy martda başlanan sud barlaglary gutarýança, ol jaýy satyp ýa-da haýsydyr bir ýol bilen başga bir ele geçirmäge rugsat edilmeýändigini aňladýar. Ol aýratyn jaýa eýe çykýan ofşor kompaniýanyň ýuristleri jenaýatçylyga garşy göreş agentliginiň alyp barýan «barlag işini saklamak üçin göreşer»diýip, BBChasap edýär.

GELIP ÇYKYŞY NÄBELLI BOLAN BAÝLYK

BBC habar gullugy «gelip çykyşy näbelli gozganmaýan baýlyga order»berilmeginiň sebäplerini düşündirip, bu britan hökümetiniň ýerli emläge goýulýan «hapa»pullara garşy göreşiniň täze bir instrumenti bolup durýandygyny aýdýar.

Jenaýatçylyga garşy göreş agentligi bu instrumente ähmiýet berip, emläk eýelerinden ony haýsy çeşme esasynda satyn alandygy baradaky maglumatlary aýdyňlaşdyrmagy talap etdi. Eger hökümetler emläk eýelerinden kanagatlanarly jogap alyp bilmeseler, ol baýlygy konfiskasiýa etmek barada suda ýüz tutup bilerler.

Londonyň arzyly köçeleriniň biriniň ugrunda ýerleşýän ol aýratyn jaý britan hökümetiniň karary bilen doňdurylan Nuraly Aliýew bilen baglanyşykly ýeke-täk emläk däl. BBCgullugynyň maglumatyna görä, ýene-de iki gozganmaýan emläge şular ýaly order berlipdir. Gozganmaýan ol baýlyklaryň umumy bahasy 80 mln. funt sterliň, ýagny 104 mln. amerikan dollaryna barabardyr.

BBC, Finance Uncovered hem-de Transparency International toparynyň barlaglary şol obýektler boýunça açyk maglumatlaryň elýeterlidigini aýdýarlar. Gozganmaýan emläkleriň satylmagy hususy eýeçilikde bolan iki kompaniýanyň üstünden amala aşyrylypdyr. Olaryň biri Manrick Private Foundation kompaniýasy bolup, ol Kurasao (Curacao) adasynda (Niderland Atil adalarynda) hasapda durýar. Beýleki Alderton Investments Ltdbolsa Angilla (Anguilla) adasynda (Britaniýanyň öz-özüni dolandyrýan adasy) hasapda durýar. Bu iki ofşor kompaniýasy ol aýratyn jaýa 2014-nji ýyldan bäri eýeçilik edipdir. BBC-niň ýazmagy boýunça, dokumentler açyk, ol ýerde görkezilişine görä, ol jaýy alan Nuraly Aliýew bilen onuň aýaly Aida Aliýewa diýlip görkezilipdir.

«Gelip çykyşy näbelli bolan baýlyga orderiň»berilmegi bilen bagly iş 10-njy martdan başlap sudda seredilýär. Sud maslahatynda ol baýlygyň nähili ýol bilen gazanylandygy hakda takyk analiz bolar diýlip garaşylýar.

Beýik Britaniýadaky Transparency Internationalguramasynyň ofisi ol aýratyn jaý hem Londondaky beýleki iki obýekt barada, şeýle hem Angliýanyň iň gymmat raýony hasaplanýan Bromptondaky gymmady 31 mln. funt sterliňe durýan «gelip çykyşy näbelli bolan baýlyga orderiň»berilmegini gutlady. Transparencybu obýektleriň ählisini «Gazagystanyň syýasy elitasy bilen baglanyşykly aktiwler»diýip atlandyrdy.

«Gelip çykyşy näbelli bolan baýlyga orderiň»yglan edilmegi Britaniýada ikinji gezek ýüze çykýar. Ilkinji order Zamira Hajiýewanyň aktiwine degişli bolupdy, ol Azerbaýjanyň Halkara bankynyň öňki ýolbaşçysynyň aýaly, adamsy bank ogurlygynda aýyplanyp, Azerbaýjan türmesinde otyr.

Britaniýadaky Transparency Internationalguramasynyň ýerine ýetiriji direktory Deniel Brus syýasy elitalar bilen baglanyşykly aktiwlere orderiň gönükdirilmegini gutlaýar.

Transparencysaýty Deniel Brusyň: «Şeýle ýagdaýyň özi adamlarda şübheli baýamak meýillerini saklamaga şert döreder, olara Britaniýada gazanyljak baýlygyň howpsuz bir gaçalga däldigine habar bolýar» diýen sözüni sitirleýär.

BBC gullugy ol kompaniýalaryň adwokatlary bilen baglanyşyp, gozganmaýan baýlygyň nädip Aliýewleriň eýeçiligine geçendigi barada sorag beripdir, ýöne olar bu ýagdaýa kommentariýa bermändirler.

Britan hökümeti öňki SSSR-iň çäginden çykarylyp ýuwulýan «hapa»pullara garşy göreşe 2018-nji ýyldan başlady. Şondan soň ýurduň sudy onlarça million funt sterliňe durýan emlägi tussag etdi.

Geçen ýyl jenaýatçylyga garşy göreş boýunça agentligiň derňewinden soň, Britaniýanyň sudy Moldowanyň öňki premýer-ministri Wladimir Filatyň ogluna 650 müň amerikan dollary möçberinde jerime saldy.

ÖŇKI PREZIDENTIŇ AGTYKLARY

Nuraly Aliýew Nursoltan Nazarbaýewiň uly agtygy hem onuň uly gyzynyň ogludyr. Açyk bolan maglumatlara görä, Dariga Nazarbaýewanyň Rahat Aliýew bilen nikasyndan üç çagasy bar; iki ogly hem bir gyzy.Nuraly Aliýew Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Berik Imaşewiň gyzy Aida öýlendi.

Dariga Nazarbaýewanyň «syrly»sürüjisi. Behzad Nagibi kim?

2014-nji ýylyň dekabryndan,2016-njy ýylyň 16-njy martyna çenli N. Aliýew Gazagystanyň paýtagty Astanada şäher häkiminiň orunbasary boldy. Onuň babasy 2019-njy ýylda prezidentlikden çekilenden soň, şäher Nur-Sultan diýlip atlandyryldy. Aliýew şolwakadan öňinçä döwlet gullugyny taşlady. Žurnalistleriň barlagyna görä, muňa «Panama arhiwinde»onuň adynyň geçmegi sebäp bolupdyr.

2016-njy ýylda syýasatçylaryň hem biznes eýeleriniň ofşor zonalardaky hasaplaryny çap eden «Panama arhiwinde»Nuraly Aliýewiň hem onuň ejesiniň atlary geçýärdi. Ol aýan edilen maglumat käbri ýurtlarda güýçli dawalary hem wezipeden daşlaşdyrmak çärelerine alyp bardy. Emma Gazagystanda bu maglumata hiç bir reaksiýa bolmady. Gazagystanyň Baş prokuraturasy ol dokument boýunça geçirilen barlaglaryň «ýeterlik ynamly çeşmelere esaslanmaýandygyny»mälim etdi. Ol ofşorlarda nädip şahsy hasaplarynyň bardygy hakda Nuraly Aliýew hem Dariga Nazarbaýewa hiç bir kommentariýa bermediler.

Nuralynyň kakasy Rahat Aliýew Gazagystanyň Awstriýadaky ilçisi bolandan soň türmä düşüpdi hem 2015-njy ýylda Awstriýanyň türmesinde öli tapyldy. Resmi maglumata görä, Rahat Aliýew öz janyna kast edipdir. Ölmezinden öňräk Dariga Nazarbaýewa bilen nikasyny bozdy. Gazagystanda Rahat Aliýew döwlet agdarylyşygyny geçirmäge synanyşykda, adam ogurlamak, jenaýatçylykly topary döretmekde aýyplanyp, gaýybana şertde uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň maşgalasy. Sagdan iň çetde oturan Nuraly Aliýew.
Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň maşgalasy. Sagdan iň çetde oturan Nuraly Aliýew.

Dariganyň ikinji ogly Aýsultan Nazarbaýew bolup, ol geçen ýyl Londonda poliseýe topulandygy üçin, bir ýyllyk şertli tussaglyga höküm edildi. Britaniýanyň sudy oňa neşä baglylykdan saplanmak üçin, bejergi almagy tabşyrdy. Şu ýyl bolsa Aýsultan Beýik Britaniýadan özüne başpena berilmegini sorap arza ýazdy. Fewral aýynda Facebook'da galdyran ýazgysynda, Aýsultan Nazarbaýew ýurduň iň täsirli maşgalalarynyň içinde barýan ägirt uly korrupsiýa degişli maglumatlary bilýändigi üçin, ýakynlary tarapyndan özüne basyş edilýändigini aýtdy.

2010-njy ýylda Gazagystanyň kanun çykaryjylary Nursoltan Nazarbaýewe «halk ýolbaşçysy»(gazakça - «ұлткөшбасшысы») diýen derejäni berdi. Şoňa laýyklykda ol we onuň maşgalasy jenaýat derňewlerine çekilmezlik we aktiwlerine el degrilmezlik hukugyna eýe.

Material AÝ/AR-nyň Gazakgullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG