Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýüzärlikden soň sazak tüssesini, pürüni we külüni wagyz edýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy. TDH-nyň suraty. 17-nji mart, 2020.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy. TDH-nyň suraty. 17-nji mart, 2020.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji martda Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanşyp, global pandemiýa aladalarynyň fonunda, türkmençilikde, çarwaçylyk ynançlary esasynda, dermanlyk, goraýjy ýa-da bejeriji häsiýetlere eýe diýip bilnen ösümliklere ýene bir gezek ünsi çekdi.

Resmi habarda Garagumyň ekologiýasy bilen tanyşmak üçin gurnalan sapar hökmünde görkezilse-de, dermanlyk ösümlikler, olaryň bejeriş häsiýetleri hakynda aýdylýan zatlar prezidentiň 13-nji martda ýüzärlik, burçly unaş hakynda aýdan zatlarynyň üstüni ýetirmek isleginden, ýagny ozalky maslahat beren emlerini ýeterlik hasaplamanlygyndan yşarat edýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, häzir Garagumda ösümlikleriň 293 görnüşi ösýär. Berdimuhamedow hususan-da sazak we dagdan agaçlary hakynda durup geçdi.


Onuň tassyklamagyna görä, dagdanyň özboluşly täsiri bar, gadymy döwürlerde uzak ýola ugran kerwenlere goşulan düýeleriň boýnuna bir bölejik dagdan agajyny asypdyrlar we bu ýoluň rowaç boljakdygy baradaky ynamy berkidipdir.

Şol bir wagtda, bilimi boýunça diş doktory bolan prezident dagdanyň anyk nähili täsiriniň bardygyny aýtmaýar.

Emma prezident sazagyň "dermanlyk häsiýetleri
diýilýän hakynda dagdan agajyna garanda "köpräk maglumat" berýär.

Onuň sözlerine görä, sazak halk lukmançylygynda ulanylan ösümlik bolup, "çaga bir zatdan gorkan ýagdaýynda, oňa sazagyň külüni suwa garyp içiripdirler".


"Sazak püri suw bilen garylyp, çagalara içirilende, içegelerdäki ýokanç keselleri aýyrmaga ýardam edýär" diýip, prezident sazak tüssesiniň adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrmakda uly täsiriniň bardygyny hem sözüne goşýar, ýöne bu maglumatyň hiç bir çeşmesini agzamaýar.

Resmi neşir sazak külüniň dermanlyk häsiýeti barada aýdylýan sözleriň ol ýa-da beýleki görnüşdäki ylmy esaslandyrmasyny, bu geň dermanyň taryhy, rowaýaty ýa halky delilini tapjak bolman, Berdimuhamedowyň köp ýyllaryň dowamynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk edendigini, bu ugurda birnäçe ylmy kitabynyň, aýratyn-da «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp köp tomly işiniň bardygyny ýatlatmak bilken çäklenýär.

Döwlet eýeçiligindäki habar gullugy prezidentiň agzalan kitabyny hiç bir delilsiz, ýüz ugruna "düýpli ylmy iş" diýip häsiýetlendirýär.

Çaga bir zatdan gorkan ýagdaýynda, oňa sazagyň külüni suwa garyp içiripdirler. Sazak püri suw bilen garylyp, çagalara içirilende, içegelerdäki ýokanç keselleri aýyrmaga ýardam edýär."
Gurbanguly Berdimuhamedow


Şeýle-de Berdimuhamedow sazak külünden himiýa senagaty üçin çig malyň alynýandygyny, sazak oduna bişirilen tagamlaryň ýokumlylygyny nygtaýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutany saglyk ugrundan bilim alýan studentleriň Garagumda bolup, çöl ösümliklerini ylmy esasda öwrenmeklerini tabşyrdy.

Berdimuhamedow iş saparynyň dowmynda bioköpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreş, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak... hakynda ozal hem ençeme gezek aýdan umumy sözlerini gaýtalady, ýöne bu ugurdaky problemalaryň hiç birini agzamady.


Azatlyk radiosy Türkmenistanda suwuň bisarpa ulanylyşy, suw desgalarynyň arssalanmazlygy, real däl pagta planlary esasynda ýerleriň şorladylyşy, sor suwlary bir ýere toplap, gaýtadan işlemek synanyşygynyň mümkin bolan netijeleri, çölde ýaýraýan mal keselleri we çylşyrymly ekologiýa ýagdaýynyň ynsan saglygyna salýan wehimi barada yzygiderli maglumat berýär.

Hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, "sowet döwründe Daşoguz welaýatynda we Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda çaga ölüminiň derejesi bütin Sowet Soýuzynda iň ýokary derejä çykdy we şondan bäri bu ugurda statistiki maglumat berilmeýär.


"Keselçilik, näsaglyk ýagdaýlarynda gowulaşma bolmady, erbetleşme welin boldy. Ýöne elimizde anyk statistiki maglumatlar bolmansoň, biz öňki we soňky ýagdaýlary deňeşdirip, netije çykaryp bilmeýäris. Emma görnüşinden ýagdaýyň diňe ýaramazlaşandygyny aýdyp bolar" diýip, Tuhbatullin Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şu aralykda, beýleki ýurtlarda köpçülik çäreleri, adamlaryň bir ýere köp bolup üýşmegi çäklendirilip, ätiýaçlyk tagallalary güýçlendirilýän wagtynda, Türkmenistan öňde duran Nowruz baýramçylygyna we beýleki dabaralara görýän taýýarlyklaryny gowşatmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG