Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2020: Ak bugdaý-Bäherden aralygynda 5 mln, galan dört welaýatda 5 mln düýp bag ekiler


Ak mermer ýabşyrylan binalaryň fonundan düýp tutmadyk arça

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ýurtda 10 million düýp bag nahalynyň ekilmegi baradaky karara gol çekdi.

TDH 31-nji ýanwardaky kararyň milli Tokaý programmasynyň çäginde, ýurdy bag-bossanlyga öwürmek we onuň tebigatyny baýlaşdyrmak maksadyndan ugur alýandygyny habar berýär.

Soňky birnäçe ýylda Türkmenistan, resmi maglumata görä, her ýyl 3 million bag nahalyny ekýärdi.

2018-19-njy ýyllardan öň Türkmenistanda her ýyl ýüz müňlerçe düýp bag nahalynyň oturdylandygy habar berildi, ýöne olaryň näçe prosentiniň düýp tutandygy, näçesiniň gurandygy we gaýtadan ekilendigi anyk däl.

Täze karar bu ýyl 7 million bag nahalynyň öňki ýyllardaka garanda köp ekiljekdigini görkezýär, emma synçylar ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtynda bag ekmek boýunça edilen bu 'uly böküşiň' sebäbiniň düşündirilmeýändigini belleýärler.


Şol bir wagtda, öňki ýyllarda bolşy ýaly, ekiljek bag nahallarynyň satyn alynjak ýerleri, bu karary durmuşa geçirmegiň näçe serişdä düşjekdigi aýdylmaýar.

Ekiljek 10 million düýp nahalyň deň ýarysy, 5 million düýp saýaly, pürli, miweli baglar we üzüm Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda ekiler. Ýene 5 million düýp bag nahaly bolsa, beýleki welaýatlarda ekiler.

Emma kararda, Ahal welaýatyndakydan tapawutlylykda, beýleki welaýatlardaky bag ekilmeli etraplar anyk görkezilmeýär.

Synçylar häkimiýetleriň hatda bag ekmek meselesinde hem ýurduň ähli welaýatyna deň gözde garamagy, deňagramlylylyk kadalaryny berjaý etmegi başarmaýandyklaryny aýdýarlar.

Diňe welaýatlara deň gözde seretmezlik hem däl, hatda Ahalyň içinde hem, bag nahallaryny 'Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda ekmeli' diýip, beýleki etraplaryň haky iýilýär, hukuklary kemsidýärler” diýip, asly saragtly, häzir Aşgabatda ýaşaýan synçy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.


Adynyň aýdylmazlygyny soran 60 ýaşly synçynyň pikirçe, Türkmenistanda Tokaý programmasynyň çäginde hakyky işe garanda gözboýagçylyk, korrupsiýa has kän we 'ýokarky deňsizlik munuň diňe görünýän ýeri' bolup durýar.

Eger-de ýurdy bagy-bossanlyga öwürjek bolsaň, ilki Türkmenistanyň ähli ýerindäki tokaýlyklary, jeňňelleri, bagly ýerleri berk hasaba alyp, olaryň goragyny üpjün etmeli, raýatlaryň gögerip oturan her agaja hossar gözi bilen garamagyny gazanmaly. Haýp, bu meseleler bizde köplenç kagyz ýüzünde galýar” diýip, ol Badhyz ýaly ýerlerde hasyl berip oturan pisse agaçlarynyň tomusda ap-aňsat ýanyp, kül bolup gidýändigini gürrüň berdi.

Prezidentiň bu ýyl 10 million düýp bag ekmek hakynda gol çeken karary Azatlygyň habarçylarynyň çölde goralýan sazak agaçlarynyň Aşgabatda çişlik bişirmek üçin ulanylyşy barada beren maglumatynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şeýle-de, habarçylarymyz golaýda Ahal welaýatynda gurulýan täze şäherler sebäpli onlarça gektary tutýan miwe baglygynyň çapylandygyny habar berdiler.

Türkmenistanda dürli bahanalar esasynda saýaly we miweli baglary köpçülikleýin çapmak we olaryň ýerine yssy howada düýp tutmasy kyn bolan arçalary ekmek öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe başlandy we şondan bäri dowam edýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçylaryň käbiri ösüp oturan baglary dürli bahanalar bilen çapmagyň we ýyl-ýyldan kän bag nahalyny oturtmagyň korrupsiýa, häkimiýetde birleriniň şahsy bähbitleri bilen baglydygyny öňe sürýär.

Olaryň pikiriçe, prezidentiň importy azaldyp, eksporty artdyrmak syýasatyna ters gelýändigine garamazdan, ekiljek nahallaryň köpüsi daşary ýurtlardan, uly pula import edilýär.


Eger-de daşardan getirilen her nahal 3 ABŞ dollaryna düşýändir diýsek, bu öňki iki ýylyň hersinde bag ekmäge 10 milliona golaý dollaryň harçlanandygyny aňladýar.

Bu ýyl bolsa, synçylaryň çakyna görä, 10 million düýp nahal ekilmegi bilen, nahal imprt etmek bilen bagly maliýe çykdajylary has uly bolar.

Import edilýän bag nahallarynyň başdaky satyn alyş bahasy, olary kimleriň we nireden getirýändigi, döwlet edaralarynyň baglary näçe bahadan satyn almaly bolýandygy, bu işiň maliýeleşdirilişi, ekilen baglaryň näçesiniň düýp tutýandygy we soň olaryň näçesiniň gaýtadan ekilýändigi barada açyk maglumatlaryň bolmazlygy “yssy ýurtda bag ekmek ýaly gowy syýasatda hem korrupsiýa ýol açýar” diýip, ýagdaýy ýakyndan synlaýan aşgabatly synçy, asly saragtly raýat söhbetdeşligiň soňunda aýtdy.

Azatlyk mundan öň bag nahallaryny satyn almak üçin býujet edralarynyň işgärlerinden mejbury-meýletin pul ýygnalyşy hakynda hem habar beripdi.

Resmi maglumata görä, prezidentiň karary degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmäge, olaryň ekilişine we idegine borçly edýär, emma bu işleriň nähili maliýleşdirijekdigini anyklaşdyrmaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG