Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda ýene-de metjitlerde köpçülik namazlaryna rugsat berildi


Duşenbe şäheriniň baş metjidi.
Duşenbe şäheriniň baş metjidi.

Täjigistanyň Din işleri, däpleri we dessurlary düzgünleşdirmek komiteti, geçen juma gününden, 20-nji martdan başlap, ýurduň metjitlerinde jemagat namazlaryna rugsat etdi. Öň metjitlere ýygnanmak, ol ýerde hutba aýtmak, juma namazyny hem-de jemagat namazyny okamak koronawirus keselinden ätiýaç edilip, 5-nji martdan bäri gadagandy.

«Biz infeksiýanyň ýaýramazlygy üçin, aýratyn-da COVID-19 koronawirusyň ýokuşmazlygyny nazarda tutup, ýurduň ilatyndan profilaktiki çärelere üns bermeklerini haýyş edýäris. Olar jemgyýetçilik namazy wagtynda, ähli sanitariýa kadalaryny berk berjaý etmelidirler» diýip, Din işleri, däpleri we dessurlary düzgünleşdirmek komitetiniň metbugat-sekretary Afşin Mukim Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýatlatsak, 4-nji martda Täjigistanyň Yslam merkeziniň ulamalar geňeşi koronawirusyň ýaýramak howpunyň öňüni almak maksady bilen namaz okaýan adamlara merkezi metjitlere juma namazlaryna, şeýle hem umumy jemagat namazlaryna ýygnanmakdan saklanmagy maslahat berdi. Ýöne Yslam merkeziniň ýolbaşçysy Jamoliddin Homuşi diňe jynaza namazyna fetwa berdi.

Täjigistanyň Yslam merkeziniň şol gezekki ýygnagynda, dindar adamlara teninde gyzgyny bolan halatynda ýüzugra doktora görünmegi hem köpçülik ýerlerine barmazlygy maslahat beripdi. «Dine ynanýanlar öz derdini ýaşyrmaly däldir, sebäbi musulman özüne-de, başgalara-da zyýan ýetirmeli däl» diýlip, şol ýüzlenmede aýdylýardy.

Jemagat namazlarynyň ýatyrylmagy köplerde närazylyk döretdi, olar bu barada sosial ulgamlarda öz garaýşyny ýazdylar. Olaryň pikirine görä, hökümetler koronawirusdan goranmaly diýseler-de, beýleki köpçülik ýerlerini – okuw jaýlaryny, restoranlary, söwda merkezlerini hem sport stadionlaryny ýapmaga görkezme bermändi.

Ýöne Täjigistanyň Magaryf hem ylym ministrligi ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli studentleriň hem okuwçylaryň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «marşirowkalaryň»ýatyrylýandygyny aýtdy. Ministrligiň metbugat-gullugy ol çäreleriň döwlet býujetinden gidýän serişdeleri aýap saklamak hem-de koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýändigini aýdypdy.

Şeýle-de bolsa, Hojantda, Hatlon welaýatynyň administratiw merkezi Bohtarda käbir köpçülikleýin çäreleriň, şol sanda «marşirowkalaryň» geçirilýändigini okyjylar Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň saýtyna ýazdylar.

Koronawirus geçen ýylyň dekabr aýynyň aýaklarynda, Hytaýyň Wuhan şäherinde peýda boldy. Häzire çenli ol keselden ölenleriň sany 13 müňe ýetdi. Umumylykda, ol derde ýoluganlar 300 000 adamdan aşdy. 80 müň adamyň ol dertden gutulandygy habar berilýär.

Resmi maglumata görä, Täjigistanda koronawirus bilen hiç bir adam hasaba alynmady, ýöne ol keseliň ýaýramazlygy üçin çäreler görülýär. Ýurduň Saglygy saklaýyş ministrliginiň mälim etmegine görä, 1-nji fewraldan 18-nji marta çenli dürli ýurtlardan gelen 1900 adam koronawirus barlagyndan geçirilipdir. Häzirki wagtda 464 adam karantinde saklanýar.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG