Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wirus krizisiniň fonunda Türkmenistan Nowruz baýramyny köpçülikleýin belläp, býujet işgärlerini dynç günlerinden mahrum etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýäniň dürli ýurtlarynda koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen üýşmeleňler we çäreler ýatyrylýan mahaly, Türkmenistan Nowruz baýramyny köpçülikleýin bag ekmek we aýdym-sazly dabaralar bilen belledi.

Munuň bilen bir wagtda, dynç günleri bu çärelere gatnaşan býujet işgärleri özleriniň 23-nji martda işe çykmaga mejbur edilendiklerini belläp, dabaralar sebäpli dynç günlerini ýitirendiklerini aýdýarlar.

TDH-nyň maglumatyna görä, 21-nji martda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, ýazky bag ekişlik çäresine badalga berdi. Şuňa meňzeş çäreler ýurduň welaýatlarynda hem geçirildi.

Döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, Aşgabadyň etegindäki çärä prezident bilen hökümet agzalary, jemgyýetçilik işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle-de, maglumatda Ahalyň Ak bugdaý etrabynda geçirilen çärä gartaşan eneleriň we ýaşulularyň hem gatnaşyp, bag ekýän pursatlary görkezildi.

22-nji martda bolsa, ýurduň dürli künjeginde geçirilen çärelerde aýdym-sazly konsert dabaralary, sergiler geçirilip, dürli tanslar edildi, şeýle-de uludan göreş tutdurylyp, pälwanlara baýraklar berildi.

Dynç günlerinde bu çärelere gatnaşmaga mejbur edilen aşgabatly býujet işgärleriniň ençemesi şu ýyl goşmaça dynç günüň berilmändigini aýdyp, özleriniň dynç we baýramçylyk günlerinden mahrum edilendiklerini belledi.


"Ilkibaşda býujet işgärlerini üç günlük - 21-22-23-nji martda - dynç alşa iberdiler. Sebäbi bu ýyl 22-nji mart ýekşenbe, dynç gününe gabat geldi. Ýöne 22-nji martda giçlik býujet işgärleriniň tas ählisine jaň edip, prezidentiň permana gol çekmändigini we olaryň hökman işe çykmalydygyny aýtdylar. Adamlary dynç we baýramçylyk günlerinde çärä gatnaşmaga mejbur etdiler. Üstesine-de, 23-nji martda-da işe çykardylar" diýip, býujet işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy 23-nji martda aýtdy.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, her ýylyň 21-22-nji martynda Milli bahar baýramy, şol sanda Nowruz baýramy bellenilýär we bu günlerde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär.

Şu maddanyň 3-nji bölegine laýyklykda, işlenilmeýän baýramçylyk güni dynç güni (ýekşenbe) bilen gabat gelende, dynç güni baýramçylyk gününden soň gelýän iş günüdir diýlip kesgitlenilýär.

Türkmenistanda bellenilýän baýramçylyklara we çärelere býujet işgärleri indi onlarça ýyl bäri gatnaşmaga mejbur edilýär. Bu çärelere gatnaşmakdan ýüz öwren işgärlere işden kowulmak howpy abanýar.

Türkmenistanda Nowruz baýramynyň köpçülikleýin görnüşde bellenilmegi, dünýädäki koronawirus pandemiýasynyň fonunda, Merkezi Aziýa ýurtlary Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda köpçülikleýin çäreleriň, şol sanda Nowruz baýramy mynasybetli dabaralaryň ýatyrylan mahalyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG