Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly býujet işgärler nobatdaky çärä gatnaşyp, boş tribuna çapak çaldylar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Mary şäherinde döwlet edara-kärhanalarynyň ýüzlerçe işgäri “Ylham köşgünde” geçirilen nobatdaky köpçülikleýin çärä mejbury gatnaşmaly boldy. Olar ýurduň döwlet telekanallaryna reportažlary taýýarlamak üçin surata düşürilen çärede boş tribuna çapak çaldylar diýip, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Şu gün şäheriň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän köşkde çäre geçirildi. Zaly doldurmaly diýip, her bir edara başlygyna öz işgärlerinden 10 adam ibermeli edildi. Bu çärä onlarça edaranyň işgäri gatnaşdy. Olar düzgüne laýyk egin-eşikde, ýagny aýal-gyzlar uzyn köýnekde we erkekler gara kostýum-balakly barmaly edildi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde gürrüňdeş bolan habarçy 9-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, “Türkmenistan Bitaraplyk mekany” diýlip atlandyrylan çäre ýurduň döwlet telekanallaryna reportažlary taýýarlamak üçin surata düşürildi. Çäräniň dowamynda esasy üns bitaraplyk barada dürli diskussiýalary geçirmäge däl-de, onuň “ýokary guramaçylykly” geçirilendigi barada reportažlary taýýarlamaga gönükdirildi.

“Hemişeki çärelerde bolşy ýaly býujet işgärleri ilki bilen boş tribuna el çarpyp durmaly boldular. Olaryň çapak çalýan pursady wideo düşürildi. Bu onlarça minut dowam edýär. Şondan soň olar çäre surata düşürilip gutarýança, ellerine ýaşyl bloknot alyp, hamana, bir zatlar bellige alan bolup, bloknoda ýazýan ýaly bolup oturmaly edildiler. Çäre irden sagat 09:00-da başlap, sagat 12:00-da gutardy. Onda käbir adamlar özleriniň taýýarlan dokladlary bilen çykyş etdiler” diýip, habarçy şuňa meňzeş mazmundaky çäräniň welaýat häkimliginde hem geçirilendigini sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanda baýramçylyklaryň, çäreleriň, ýaryşlaryň ýa-da beýleki dabaralaryň “uly şowhun bilen geçirilendigi” barada döwlet telekanallaryna reportažlary taýýarlamak tejribesi ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlapdy we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň çäginde hem dowam etdirilýär.

Bu çärelere býujet işgärleri, studentler, mekdep okuwçylary, ýaşulular we çagalar baglarynyň körpeleri köpçülikleýin mejbury gatnaşdyrylýar. Olary geçirmek üçin ýurt raýatlarynyň köplenç iş, okuw ýa-da dynç alyş wagty sarp edilýär. Bu çärelere gatnaşmakdan ýüz öwren raýatlara işden ýa-da okuwdan çykarylmak howpy abanýar.

“Şu çäreler, soralýan pullar we beýleki bökdençlikler sebäpli hiç hili işläsimiz gelmeýär. Ýöne bialaç işlemeli bolýarys. Şeýle-de, hem çärä barmaly, hem-de işimizi etmeli bolýarys. Üstesine-de, çäreleriň geçiriljekdigi barada köplenç öňünden habar berilmeýär. Mysal üçin, edara başlyklary Ylham köşkdäki çäre barada gije sagat 1 bilen 2 arasynda jaň edip habar berdiler” diýip, habarçy çärä gatnaşan maryly býujet işgärleriniň biriniň sözüni sitirledi.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi käte bu çärelerde býujet işgärleriniň “mal ýaly sürülenşip durmaň” diýen ýaly kemsidiji we paýyş sözleri eşitmäge hem mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we resmi media serişdeleri bu çärelere ýurt raýatlarynyň “uly şatlyk-şowhun we ruhubelentlik” bilen gatnaşýandygyny aýtsalar-da, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG