Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etrekde we Balkanabatda koronawirusyň ýüze çykandygy öňe sürülýär,  Saglyk ministrligi dymýar. Ýurt boýunça kesele garşy çäreler güýçlenýär


Balkanabatda bir saglyk merkeziniň binasy. Illýustrasiýa suraty.
Balkanabatda bir saglyk merkeziniň binasy. Illýustrasiýa suraty.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ýagdaýlardan habarly ynamdar çeşmeleri Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda we Balkanabat şäherinde koronawirus bilen näsaglan adamlaryň ýüze çykyp başlandygyny habar berýärler.

Bu maglumat boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi heniz beýanat ýaýratmady.

“COVID-19 wirusy Balkan welaýatynyň Etrek şäherine-de gelip ýetipdir. Şeýle hem, kesel wakasy Balkanabat şäherinde-de duş gelindi diýen gürrüňler bar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmesi 17-nji martda habar berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty beýleki garaşsyz çeşmelere, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tassykladyp bilmeýär.

50 müňden gowrak ilatly Etrek etraby (öňki ady Gyzyletrek) Eýran bilen araçäkleşýär. 17-nji martda çap edilen soňky malgumatlara görä, şu wagta çenli Eýranda koronawirus ýokuşan näsaglardan 988 adam aradan çykdy, 5,000-e golaý näsagyň saglyk ýagdaýy kadalaşyp, keselinden açyldy.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn beýleki bir ynamdar çeşmesi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ministrlere we janpenalaryna yzygiderli saglyk barlagyndan geçmegi tabşyrýandygyny, hatda olaryň arasynda aýdylmaýan ýerde karantin astyna alnan janpenalaryň hem bardygyny habar berýär.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň ähli künjeklerinde bu keseliň ýaýramagyna garşy çäreleriň pugtalandyrylýandygyny habar berýärler.

“Bizde häzirki wagtda koronawirusa garşy çäreler güýçlendirilýär. Her gün ýüzärlik tütetmeli, hemmeler oksilin ýagyndan peýdalanmaly, esasy köçeleriň ugrunda ýerleşýän dükanlar karantina sebäpli ýapyldy” diýip, Azatlygyň habarçysy Balkan welaýatyndan habar berdi.

Ýatlasak, ýokanç kesellere garşy ýüzärlik tütedip çäre görmek işleri 13-nji martda geçirilen hökümet maslahatynda resmi derejede gozgaldy we ilata ýüzärlik tüsseletmek we burçly unaş içmek arkaly ýokanç kesellerden goranmak maslahat berildi.

Hökümetiň ýüzärlik bilen em etmek boýunça beren maslahatynyň yzýany, bu ösümligiň bahasy ýurduň barazlarynda birden 10-15 esse gymmatlady.

“Häzir halk ýüzärlik satyn alýar. Ol ozal 1 manatdan satylýardy, häzir onuň bahasy 11-15 manat aralygynda” diýip, habarçymyz Balkan welaýatyndan ýetiren habarynda aýtdy.

“Ýüzärlik bazarlarda galmady diýen ýaly” diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Aýdylmagyna görä, oksolin ýagynyň bahasy hem gymmatlady. Ýatlasak, Azatlygyň habarçylary 3-nji martda paýtagtyň ähli döwlet edara-kärhanalarynyň girelgelerinde işgärleriň burunlaryna oksolin ýagynyň çalynandygyny habar beripdi.

Balkanly habarçymyz soňky günlerde bazarlarda iýmit önümleriniň bahalarynyň hem gymmatlandygyny habar berýär. “Kartoşkanyň 1 kilogramy 15-20 manada, sogan 10 manada çykdy. Satyjylar bu ýagdaýy serhet geçelgeleriniň ýapylmagy bilen düşündirýärler” diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda häkimiýetler, ýerli habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, şu wagtda çenli ýurda koronawirus keseleniň aralaşmagyna garşy dürli çäreleri görüp gelýär. Fewralyň başynda wirusyň ojagy – Hytaýdan ewakuasiýa edilen raýatlar ýurduň gündogar sebitinde karantin astyna alyndy, Aşgabatda ilat arasynda koronawirusdan goranmak babatynda girişilen habarlylyk kampaniýalarynyň çäginde ýerli ýaşaýjylara ýazmaça maglumat paýlandy, awtobuslar ýuwuldy, Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy köpçülikleýin transportlarda we jemgyýetçilik ýerlerde dezinfeksiýa işlerini güýçlendirdi.

Etrek etrabynda we Balkanabat şäherinde koronawirusyň ýüze çykandygy baradaky soňky maglumatlardan has ozal, 3-nji martda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabadyň Çoganlydaky Ýokanç keselleri hassahanasynda azyndan iki adamda koronawirusyň anyklanandygynyň aýdylýandygyny habar berdiler, ýöne şonda bu maglumaty saglyk resmileri dessine ret edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG