Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň häkimiýetleri hojalyk jaýlaryň haýatlaryny ýumurýar


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alnan surat
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alnan surat

Şu günler Aşgabadyň häkimiýetleri paýtagta degişli obalardaky we ýaşaýyş jaý toplumlaryndaky hojalyk jaýlaryň haýatlaryny ýumurýarlar.

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy bu çäräniň Şorda, Garadamakda, Çoganlyda, Gökjede, Bagyrda, Bekrewede we Köşide amala aşyrylýandygyny aýtdy.

“Paýtagtyň bu sebitlerinde esasan hojalyk jaýlary bolup, olaryň aglabasynyň haýatlary 2 metrden 4 metre çenli ýetýär. Häzirki wagt bu haýatlaryň ählisi sökülýär, has dogrusy ýumrulýar. Resmiler işgärler we uly traktor bilen gelip, 1 sagat içinde haýatlary umuman bolmadyk ýaly edýärler” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 24-nji martda gürrüň berdi.

Habarçy bu ýykyşlygyň indi bir ýarym aý töweregi wagt bäri dowam edýändigini we bu sebitlerde umumy hasap bilen müňlerçe hojalyk jaýynyň bardygyny hem belledi.

Onuň sözüne görä, häkimligiň resmileri haýatlary ýykmak işleriniň resminamanyň ýa-da kararyň esasynda däl-de, ýokardan we dilden berlen görkezmäniň esasynda amala aşyrylýandygyny aýdýarlar.

“Ýaşaýjylar özlerine haýatlary gurmak üçin şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan rugsatnamanyň berlendigini düşündirmäge synanyşsa-da, olary hiç kim diňlemeýär” diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, resmiler jaý eýelerine 50 santimetri beton, ýokarsy demir reşýotka, gözenek bolup, içi doly görünýän şertde jemi beýikligi 1,5 metrden ýokary bolmadyk haýatlary gurmaga rugsat beriljekdigini aýdýarlar. Ýöne olar munuň üçin şäher we etrap häkimliklerinden rugsatnama almalydyklaryny duýdurýarlar.

“Häzir ýaşaýjylaryň köpüsi haýat gurmajakdyklaryny aýdýarlar. Sebäbi olar ýumrulan haýatlaryny hem rugsatnama esasynda gurandyklaryny aýdyp, ýene bu ýagdaýyň gaýtalanmagyndan gorkýarlar. Olar öňki haýatlaryny gurmak üçin 50 müň manat çemesi çykdajy edendiklerini we täzesini gurmak üçin-de azyndan 40 müň manadyň gerekdigini aýdýarlar” diýip, habarçy belledi.

Habarçy türkmen häkimiýetleri tarapyndan haýatlary ýykylan ýaşaýyş jaý eýelerine hiç hili kompensasiýanyň tölenmändigini hem aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Aşgabat şäher häkimliginden hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginden kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Soňky 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda, has takygy prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başyna gelenden soň, Türkmenistanda ilatyň hususy ýaşaýyş jaýlaryna degişli çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň ençemesi güýje girizildi. Bularyň aglabasy dilden berlen görkezme esasynda talap edildi.

Soňky ýedi ýyl çemesi wagtyň dowamynda Aşgabadyň etegindäki Köşi, Hitrowka we Çoganly sebitleriniň ýaşaýjylaryndan öz hususy jaýlarynyň üçeklerini gyzyl ýa ýaşyl reňke boýamak talap edildi.

2018-nji ýylyň fewralynda bolsa, Aşgabatdan ortaça 30 kilometr gündogarda ýerleşýän Gäwersde-de jaýlaryň üçeklerini ýaşyla boýamak buýrugy berlipdi. Şonda türkmen häkimiýetleri buýruga boýun bolmadyk ýaşaýjylara öýlerine çekilen gazy ýa togy kesmek haýbatyny atypdylar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda bolsa, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşliginde alnyp barylýan täze gurluşyklar sebäpli onlarça gektar meýdany tutýan miweli baglar çapylyp ýok edildi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri “şäheri abadanlaşdyrmak” işleriniň çäginde täze gurluşyklaryň amala aşyrylýandygyny tekrarlaýarlar. Ýöne ýokarda aýdylanlar barada mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG