Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda azyklaryň bahalary rekord derejä ýetdi


Azatlygyň habarçylary häkimiýetleriň azyk harytlarynyň satylýan nokatlarynda gözegçiligi amala aşyrýanadyklaryny aýdýarlar.
Azatlygyň habarçylary häkimiýetleriň azyk harytlarynyň satylýan nokatlarynda gözegçiligi amala aşyrýanadyklaryny aýdýarlar.

Aşgabatda adamlar azyk önümlerini köpçülikleýin ýagdaýda satyn alýarlar. Harytlaryň bahalary gün-saýyn gymmatlap, rekord derejä ýetýär. Mundan bir gün öň, türkmen häkimiýetleri öňünden hiç hili duýduryş bermezden Aşgabat bilen ýurduň beýleki sebitleriniň arasyndaky gatnawlary togtatdylar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, bahalaryň gymmatlamagy has hem köp günebakar ýagynda duýulýar. Onuň bäş litrlik gabynyň bahasy üç esse gymmatlap, 200 manada ýetdi.

“Dükanlarda bulam-bujarlyk. Her kim alada galyp, azyk harytlaryny satyn aljak bolýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky ýene bir habarçysynyň sözlerine görä, paýtagtyň bazarlarynda towuk etiniň bahasy hem ýokarlanypdyr.

“‘Parahat’ etrapçasyndaky ‘Paýtagt’ bazarynda [towugyň] bir kilogamyny 30 manatdan satýarlar. Öý towugynyň bahasy 25 manat. Nyrhlary görkezýän ýazgylar ýok” diýip, habarçy belledi.

Azatlygyň habarçylary häkimiýetleriň azyk harytlarynyň satylýan nokatlarynda gözegçiligi amala aşyrýanadyklaryny aýdýarlar. “Teke bazarynda” harytlaryň polisiýanyň gözegçiligi astynda goýberilýändigi bellenilýär.

Aşgabatdaky söwda merkezi. Mart, 2020 ý.
Aşgabatdaky söwda merkezi. Mart, 2020 ý.

Aşgabadyň bazarlarynda: (21-nji martdaky maglumatlara laýyklykda):

  • Limonyň biri 4-5 manatdan;
  • Mandariniň bir kilogramy 40 manatdan;
  • Almanyň bir kilogramy 19 manatdan;
  • Hyýaryň bir kilogramy 9 manatdan;
  • Pomidoryň bir kilogramy 8 manatdan;
  • Sogan 5 manat 50 teňňeden;
  • Ukropyň, petruşkanyň bir gysymy 4-5 manatdan;
  • Kömelegiň bir kilogramy 35 manatdan satylýar.

Bu aralykda, Aşgabada hiç bir ulag goýberilmeýär.

“Ähli ýollar ýapyldy. Beýleki welaýatlara otlynyň ýa-da uçaryň üsti bilen gidip bolýar. Emma, sagdynlygyň barada güwanama bolmasa, hiç bir ýerä goýbermeýärler. Bu güwanamany kimiň berýändigi hem belli däl” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Mundan bir gün öň, häkimiýetler Türkmenistanyň çäginde raýatlaryň bir welaýatdan başga bir welaýata gidip-gelmegine degişli hereket çäklendirmelerini girizdi. Şol bir wagtda, bu çäreler barada öňünden hiç hili duýdurylmady. Bu barada ne hökümet resmileri, ne-de döwlet metbugaty habar berdi.

Munuň deregine, resmi metbugat mart aýynda geçirilmegi planlaşdyrylýan köpçülikleýin, şol sanda Nowruz baýramy bilen bagly dabaraly we bag nahallaryny ekmek ýaly çäreler barada maglumat berýär.

TDH-nyň 21-nji martdaky habaryna laýyklykda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, ýazky bag ekişlik çäresine badalga beripdir. Aşgabadyň etegindäki bu çärä prezident bilen birlikde hökümet agzalary, jemgyýetçilik işgärleri we ýaşlar gatnaşypdyrlar.

Dünýädäki koronawirus pandemiýasynyň fonunda Türkmenistan özünde onuň hasaba alynmandygyny aýdýan az sanly döwletleriň biri bolup dur.

2019-njy ýylyň aýagynda ýaýrap başlan koronawirus dünýäniň 166 döwletinde hasaba alyndy. Häzirki gün oňa 277 müň töweregi adam ýolugdy, ol sebäpli 11 müň 500-den hem aşa adam öldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG