Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda okuwçylaryň ene-atalaryndan ýüzärlik satyn almak üçin pul ýygnalýar


Ýüzärlik
Ýüzärlik

Aşgabadyň orta mekdepleriniň ençemesinde ýygnak geçirilip, ene-atalardan beýleki zatlar bilen bir hatarda, ýüzärlik satyn almak üçin pul talap edildi.

Bu waka dünýäniň koronawirus aladalarynyň fonunda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň wirusy agzamazdan, onuň öňünde ýüzärlik bilen durmaga çagyrýan mahalyna gabat geldi.


Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri paýtagtyň mekdepleriniň aglabasynda 25-nji martda 7-8-nji synplaryň, 26-njy martda 9-10-njy synplaryň we 27-nji martda 11-nji synpyň okuwçylarynyň ene-atalary bilen ýygnak geçirilendigini aýtdy.

"Klas ýolbaşçylar ene-atalardan ýagdaýa düşünmegi haýyş edip, käbir zatlar üçin özarasynda pul ýygnamagy soradylar. Olar bu pula okuwçylar üçin apteçkanyň, 8GB fleşkanyň we wiruslary ýok etmek üçin ýüzärligiň satyn alynjakdygyny aýtdylar" diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 27-nji martda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda ol, öňkülerden tapawutlylykda bu gezek ene-atalar ýygnagynyň mekdepleriiň uly zallarynda däl-de, klaslarda geçirilendigini hem aýtdy.

"Mekdeplere Bilim ministrliginden görkezme gelip gowşupdyr. Şol görkezmede ene-atalaryň ählisini bir wagtda bir ýere jemlemek gadagan edilipdir. Bu wirus aladalary bilen bagly" diýip, habarçy aşgabatly mugallymlaryň birnäçesine salgylanyp gürüň berdi.

Habarçy ene-atalardan her synp üçin derman gutusyny, suwuk görnüşli sabyny, çygly salfetkany, el süpürgüji we 20 litrlik plastik gapda agyz suwuny almak üçin hem pul talap edilendigini belledi.

Onuň sözüne görä, häzirki wagt ene-atalar her aý aşakdaky möçberdäki puly tabşyrmaly bolýarlar:

  • Suw üçin 5 manat
  • Ýüzärlik üçin 1 manat
  • El süpürüji üçin 1 manat
  • Derman gutusy üçin 1 manat

Habarçynyň sözüne görä, mugallymlar muny wirusdan goranmak çäreleri diýip düşündirýärler. Şeýle-de, mekdeplerde we synplarda ondan goranmak üçin ýüzärligiň tütediljekdigini aýdýarlar.

Bu maglumat Hytaýdan uç alan we global pandemiýa öwrülen koronowirus aladalarynyň fonunda, türkmen hökümetiniň ýüzärlik tütetmegiň ýokanç kesellerden we wirusdan goranmakdaky aýratyn ähmiýetini tekrarlaýan mahalyna gabat geldi.

13-nji martda geçirilen hökümet maslahatynda Berdimuhamedow “ýüzärlik tütetmek däbiniň häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly pursatlarda aýratyn ähmiýetlidigine" ünsi çekip, wise-premýer P.Agamyradowa ilat arasynda degişli wagyz işlerini hemmetaraplaýyn guramagy tabşyrdy.

Munuň yzýany döwlet edaralarynda ýüzärlik tütetmek işi bat alyp, onuň bahasy hem gymmatlady. Mundan 10 gün çemesi ozal ýüzärligiň bir bogdagynyň nyrhy 1 manatdan bahalanan bolsa, häzirki wagt 15 manada ýetdi.

Belläp geçsek, ýüzärligiň wiruslaryň, şol sanda koronawirusyň adam bedenine aralaşmagynyň öňüni alýandygyny tassyklaýan ylmy iş häzrilikçe göze ilmeýär. Bu barada Bütindünýä Saglyk Guramasynyň koronawirusdan goranmak baradaky maslahatlarynda-da hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG