Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Russiýa serhetlerini ýapýar, Serbiýa $5.5 millard möçberinde ykdysady ýardam meýilleşdirýär


Russiýanyň Milli gwardiýasynyň harbylary Moskwada ikki pensioner bilen gürleşýär, 25-nji mart, 2020-nji ýyl

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 34,000-den, infeksiýa ýoluganlaryň tassyklanan sany 725,000 adamdan aşyp, hökümetler täze respirator keseliniň ýaýramagyny haýallatmaga synanyşýan wagty köpçülikleýin bökdençlikler ýüze çykýar.

Russiýa

Russiýa 30-njy martdan serhetlerini ýapdy, Moskwa 12 million ilatyny öýlerinde saklaýar, rus prawoslaw kilisesiniň ýolbaşçysy dindarlary ybadathanalardan gaça durmaga we oňa derek öýlerinde ybadat etmäge çagyrdy.

Hökümet serhetleri ýapmak çäresiniň beýlekiler bilen bir hatarda rus diplomatlaryna we ýük ulag sürüjilerine degişli däldigini aýtdy.

Moskwa häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen 30-njy martdan başlap, ýaşaýjylara has berk çäklendirmeleri yglan etdi.

Rus paýtagtynyň ýaşaýjylaryna diňe iň ýakyn dükandan azyk ýa-da derman satyn almaga, gyssagly saglyk bejergisini almaga, it gezdirmäge hem-de zibil dökmäge rugsat berler.

Işe gitmek zerurlygy bolan adamlara-da öýlerinden çykmaga rugsat berler, şeýle-de häkimiýetler ýakyn günlerde geçiş ulgamlaryny girizer.

“Ýuwaş-ýuwaşdan, ýöne yzygiderli esasda, biz ýagdaýa görä gözegçiligi güýçlendirmäge dowam ederis” diýip, şäher häkimi Sergeý Sobýanin öz web-saýtynda aýtdy.

Saglygy goraýyş edaralaryna görä, Russiýada koronawirus bilen hasaba alnanlaryň sany 1,500 adamdan geçdi, olaryň 270 sanysy täze hasaba alnan hassalardyr.

Şu wagta çenli sekiz adamyň ölümi hasaba alyndy, diýip 29-njy martda Russiýanyň koronawirusa garşy krizis merkezi aýtdy.

Sobýaniniň sözlerine görä, täze hassalaryň köpüsi (197 sanysy) Moswada hasaba alyndy we umumy infeksiýa ýoluganlaryň 1000-den gowragy Moskwada hasaba alyndy.

Rus saglyk resmileri Moskwada giňeldilen saglyk testleri sebäpli ýakyn günlerde ýurtda keselleriň sanynyň düýpli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny duýdurdy.

Russiýanyň hökümeti ähli dynç alyş we saglyk şypahanlaryny iýun aýyna çenli ýapyk saklamagy buýurdy.

Hökümet halkara howa gatnawlaryny ýatyrmak ýaly başga-da çäklendirmeleri girizdi.

Eýran

Eýranda koronawirusdan ölenleriň sany 2,757 adama ýetdi, 117 ölüm soňky 24 sagadyň içinde hasaba alyndy diýip, Eýranyň Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Kianuş Jahanpur 30-njy martda döwlet telewideniýesinde çykyş etdi hem-de bu kesel bilen resmi hasaba alnanlaryň sanynyň 41,495 adama ýetendigini sözüne goşdy.

Eýran wirusdan iň köp zyýan çeken ýurtlaryň biri bolup, bilermenler ýerli we daşary ýurt media serişdelerine berk gözegçilik edýän Yslam režiminiň ýaýradýan resmi sanlaryna şübheli çemeleşýär.

Serbiýa

Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç koronawirus pandemiýasynyň ykdysady basyşyny ýeňip geçmek üçin hökümetiň kärhanalary 5 milliard ýewro möçberinde karz we ýeňillik bilen üpjün etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Şeýle-de hökümet 18 ýaşyny dolduran her bir serb raýatyna, jemi 5 million töweregi adama, bir gezeklik 100 ýewro tölär diýip, 29-njy martda Wuçiç aýtdy.

Şu wagta çenli 7 million ilatly Serbiýada 741 adama koronawirusa ýolukdy we 13 adam bu keselden öldi.

Özbegistan

32 million ilaty bilen Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy bolan Özbegistan koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmaga ýardam bermek üçin ýurduň ähli howa menzilleriniň işini togtatdy.

Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda 30-njy martan 20-nji aprele çenli ýurduň ähli howa menzilleriniň işiniň togtadylýandygyny mälim etdi.

Hökümetiň ýörite komissiýasy Özbegistanyň şäherleriniň we şäherçeleriniň arasyndaky ähli awtoulag hereketini bireýýäm çäklendiripdi. Bu çäklendirmäniň wagt möhleti howa menzillerine degişli çäklendirmäniň wagty bilen deňdir.

Ýerli saglyk resmilerine görä, 30-njy martda Öbegistanda hasaba alnan koronawirus hassalarynyň sany 145 adama ýetdi, olaryň ikisi aradan çykdy.

Gyrgyzystan

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi 30-njy martda ýurt boýunça koronawirus pandemiýasy sebäpli bäş gün ozal girizilen komendant sagadyna uýmadyk 1087 adamy tussag edendigini aýtdy.

Bu çäklendirmelere görä, her gün agşam sagat 8-den irden sagat 7-ä çenli adamlaryň we ulaglaryň hereketi çäklendirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG