Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk üpjünçiligi: Döwlet dükanlary pensiýalaryny nagt alýan raýatlaryň ýeňillikli söwdasyna täze talap girizdi


Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda pensiýa haklary nagt tölenýän gartaşan raýatlaryň ýeňillikli durmuş üpjünçiligine degişli täze talap girizildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Aşgabatdan habar bermegine görä, mundan beýläk, paýtagtyň birnäçe döwlet dükany ozallar diňe pension kitapçalarynyň esasynda ýeňillikli söwda etmäge hukugy bolan raýatlardan goşmaça resminama talap edýär.

“Pensiýalary öýlerine getirilip berilýän hem-de bank kartlary bolmadyk raýatlaryň döwlet dükanlaryndan edýän ýeňillikli söwdasy üçin olaryň pension kitapçalarynyň göçürmesi talap edilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şeýle talap Aşgabadyň birnäçe dükanynda girizildi, ozallar ýeňillikli söwdany amala aşyrmak üçin degişli raýatlaryň diňe pension kitapçalaryny görkezmekleri ýeterlik hasaplanýardy, mundan beýläk her söwdada olardan kitapçanyň göçürmesini tabşyrmak talap edilýär.

Azatlyk Radiosyna mundan ozal mälim bolan maglumatlara görä, Türkmenistanda ýaşy 70-den geçen raýatlar pensiýa haklaryny nagt görnüşinde bank gaznalaryndan almak mümkinçiligine eýedi.

Türkmen kanunçylygy raýatlaryň durmuş goraglylygyny kepillendirýär. Ýurduň durmuş üpjünçiligine degişli döwlet ulgamy maýyplygy bolan adamlara, durmuş goraglylygna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlara hem-de kanunda görkezilen beýleki adamlara sosial ýeňillikleri we dürli hyzmatlary bermäge borçlanýar.

Sosial üpjünçilik hyzmatlarynyň çäginde degişli raýatlara döwlet eýeçiligindäki dürli edaralarda, şol sanda döwlet dükanlarynda ýeňillikler döredilýär.

Ýöne Türkmenistanda dowam edýän azyk haryt üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklar diňe gartaşan raýatlaryň durmuş üpjünçiligine agram salmaýar, ýurt ýaşaýjylary bahalar sebäpli döwlet dükanlaryndan azyk haryt satyn almagy amatly hasaplaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurt boýunça azyk üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän problemalar barada yzygiderli habar berip gelýär.

“11-nji etrapçada ýerleşýän “Gündogar” bazarynda towuk etini, towuk buduny, günebakar ýagyny we şekeri ilki bazaryň öňünde satyp başladylar, indi bazaryň içinde satýarlar” diýip, Azatlygyň bir habarçysy aýdýar.

Bu ýerde gürrüň döwletiň hususyýetçilere garanyňda ýeňillikli bahadan wagtal-wagtal bazarlara goýberýän harytlary barada barýar.

“Soňky günlerde kart başyna (bank karty – red.) her ele 1 kilogramdan mandarin satyp başladylar (bahasy 10 manat ýaly). Gutulary gije getirýärler, (harytlary) irden sagat 8-de satyp başlaýarlar. Ýöne harytlaryň agramly bölegi gije ýitirim bolýar. Şeýle mandarinler hususy dükanlarda 50 manatdan satylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Ol alyjy şaýatlara salgylanyp, gije getirilýän käbir harytlaryň ertire çykman ýitirim edilýändigini habar berdi.

“Gije guty-guty banan getirdiler, ‘irden satarys’ diýdiler. Ýöne irden ýekeje-de guty ýokdy we banan hem satmadylar” diýip, habarçy bir alyjynyň sözlerini getirdi.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaýa nägilelik bildiren alyjy Sarp edijileriň hukuklary boýunça söwda gözegçilik gullugyna jaň edipdir. Döwlet gullugy alyjydan arza ýazmagy hem-de pasportynyň göçürmesini ýany bilen alyp öz edaralaryna gelmegi sorapdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tolgunyşygyň öňüni almak üçin obalara aýlanyp, arçynlara ilaty köşeşdirmegi tabşyrýar, olara adamlaryň azyk gytçylygy barada gürrüň etmeli däldigini düşündirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG