Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda söwdanyň mukdary çäklendirildi


Aşgabatda adamlar çörek almak üçin nobata dur.
Aşgabatda adamlar çörek almak üçin nobata dur.

Türkmen häkimiýetleri Aşgabatda döwlet dükanlarynda nagt däl görnüşde edip bolýan hasaplaşyk usulyna çäklendirme girizdiler. Azatlygyň habarçylary bu düzgüniň 28-nji martdan başlap güýje girendigini aýdýarlar.

“Kartlar bilen azyklary satyn almaga çäklendirmeler girizildi. Gündelik diňe 80 manat möçberinde söwda edip bolýar. Mundan soň, kart petiklenýär” diýip, 28-nji mart güni giçlik Azatlygyň habarçylarynyň biri maglumat berdi.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi kursuna görä, ýurtda $1 dollar 3,5 manada deňdir.

Azatlygyň paýtagtdaky bu täze çäklendirmeler barada maglumat beren ýene bir habarçysynyň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda bu baradaky degişli görkezmäniň ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden gelendigi aýdylýar. Täze düzgüne laýyklykda, bank kartlarynyň üsti bilen bir gezek söwda edilenden soňra, nobatdaky gezek ony diňe 48 sagatdan soň amal edip bolýar.


Azatlygyň habarçylarynyň belleýşi ýaly, azyk söwdasyny diňe müşderiniň öz adyna berlen bank karty bilen amala aşyryp bolýar. “Är-aýal birek-bireginiň bank kartyndan söwda edip bilmeýärler. Bu gadagan. Her kim diňe öz kartyny ulanmaly” diýip, habarçy nygtaýar.

Ýurtdaky azyk gytçylygynyň, adam başyna satylýan harytlara girizilen çäklendirmeleriň, şeýle-de uly nobatlaryň fonunda döwlet dükanlarynda harytlaryň käbir görnüşi hasaplaşygyň diňe nagt däl görnüşinde goýberilýär.

“Öňler ýaşulular, pensiýa depderçesi bilen gelen gartaşan adamlar nobatsyz goýberilip, olara nagt görnüşde töleg etmek hem rugsat berilýärdi. Bu düzgün-de indi ýatyryldy. Diňe bank kartyň bilen töleg etmeli” diýip, 29-njy martda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri maglumat berdi.

Azyk söwdasyna girizlen bu çäklendirmeler hususy dükanlara, bazarlara we dermanhanalara degişli däl.


Azatlygyň habarçylary döwlet dükanlarynda un, çörek, ösümlik ýagy, ýumurtga, towuk budy ýaly harytlara heniz hem uly nobatlaryň saklanyp galýandygyny aýdýarlar. Azyk harytlar adam başyna çäklendirilen görnüşde, şeýle-de günüň diňe belli bir kesgitlenen wagty aralygynda satylýar.

“Ir bilen 07:00-de açylýan dükanlar harytlaryny şol bada satyp başlamaýarlar. Olar sekizde goýberilip başlanýar. Bu ähli dükanlarda şeýle. Şol bir wagtda başladylar, şol bir wagtda-da tamamladylar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.

Hususy söwda nokatlarynda azyk we senagat harytlarynyň bahasy, döwlet dükanlary bilen deňeşdirilende, telim esse ýokary. Şol sebäpli ilat harytlary döwlet dükanlaryndan almaga synanyşýar. Ýurtda ilatyň maliýe ýagdaýynyň ýiti ýaramazlaşmagynyň arasynda, raýatlaryň aglabasy arzan bahadan goýberilýän harytlara garaşly bolup galýar.

Türkmenistanda eýýäm ençeme wagt bäri dowam edip gelýän azyk krizisi häkimiýetleriň koronawirusyň ýaýramagyna garşy alyp barýan çäreleriniň fonunda has-da ýaramazlaşdy. Türkmen resmileriniň ýurtda wirusa ýolugan ýeke ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürmegine garamazdan, ýurduň serhetleri ýapyldy, paýtagta giriş-çykyş we ýurduň öz içinde-de hereket çäklendirildi. Mundan başga-da, ençeme, şol sanda azyk harytlaryny öndürýän kärhanalar ýapyldy.

Bu aralykda, hususy söwda nokatlarynda bahalar rekord derejä ýetýär. Günebakar ýagy, towuk eti we beýleki harytlaryň nyrhy ençeme esse ýokarlandy. Bazarlarda polisiýa gözegçiligi amala aşyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG