Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapda ýylyň başyndan bäri ikinji gezek köpçülikleýin iş orunlary kemeldilýär


“Lebapda ýylyň başyndan bäri eýýäm ikinji gezek köpçülikleýin ýagdaýda iş orunlaryny kemeldilýär"

Türkmenistanda barha ýitileşýän maliýe krizisiniň we azyk gytçylygynyň arasynda döwlet kärhanalarynda iş orunlarynyň kemeldilmegi dowam etdirilýär.

Lebap welaýatynyň ondan gowrak döwlet kärhanasynda işgärleriň 25-30%-i wezipesinden çetleşdirilýär diýip, Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 2-nji aprelde maglumat berdi.

“Lebap ösümlik-ýag kärhanasynyň, nebiti gaýtadan işleýän zawodyň, awtomobil ýollary kärhanasynyň, pagta arassalaýjy we pamyk egriji fabrikleriň ençemesiniň işgär sanyny kemeltmek barada Aşgabatdan ýörite görkezme geldi” diýip, Lebap welaýat häkimligindäki çeşme anonimlik ýagdaýynda habarçymyza gürrüň berdi.

Mundan başga-da, ozal edara-kärhanalarda üç garawul üç günden çalşyp nobat çeken bolsalar, indi olaryň diňe ikisini galdyryp, beýlekisini hem işden boşatmak barada karar edilipdir.

Habarçymyz bu ýagdaýlaryň gürrüňi gidýän edaralarda parahorlyga hem ýol açandygyny belleýär.

“Edaralaryň ýolbaşçylary kim köp para hödürlese şolaryň galdyryljakdygyny aýdýarlar. Bialaç adamlar iş orunlaryny ýitirmejek bolup karz-kowala hem düşüp para üçin pul toplaýarlar” diýip, habarçymyz bu ýagdaýlary başdan geçirýän lebaplylaryň birine salgylanyp maglumat berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Lebap welaýat häkimliginden ýa-da gürrüňi gidýän edaralaryň ýolbaşçylaryndan resmi kommentariýa alyp bilmedi. Işden boşadylýan işgärleriň jemi sanyny hem anyklamak başartmady.

Bu Türkmenistanda şu ýylyň başyndan bäri döwlet edara-kärhanalarynda iş orunlarynyň kemeldilmegi boýunça ýaýbaňladylan çäreleriň diňe soňkusydyr.

Azatlyk ýanwar aýyndan bäri Marynyň käbir döwlet edara-kärhanalarynda, Lebabyň daýhan birleşiklerinde iş orunlarynyň kemeldilendigi, ýapylandygy, netijede müňlerçe adamyň işsiz galandygy barada maglumat berdi.

Bular Türkmenistanda eýýäm ençeme wagtdan bäri dowam edip gelýän, şeýle-de häkimiýetleriň koronawirusyň ýaýramagyna garşy alyp barýan çäreleriniň fonunda has-da ýaramazlaşan azyk krizisiniň fonunda bolup geçýär.

“Lebapda ýylyň başyndan bäri eýýäm ikinji gezek köpçülikleýin ýagdaýda iş orunlaryny kemeldilýär. Adamlar häzir bialaç ýagdaýda” diýip, habarçymyz 2-nji aprelde gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti, synçylaryň aýtmagyna görä, ýurtda giň ýaýran işsizlik barada ynamdar sanlary äşgär etmeýär. Ýöne Azatlyk Radiosyna anonim şertlerde maglumat beren hökümete ýakyn ynamdar çeşme 2017-nji ýylyň martynda ýurtda işsizligiň derejesiniň 60 prosent töweregindedigini habar berdi. Ondan bäri geçen döwrüň dowamynda ençeme iş ýerleri ýapyldy, ençeme ministrlik, pudak edaralary birikdirildi, dürli edara-kärhanalarda iş orunlary gysgaldyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG