Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda ýüzlerçe adamlyk nobatlar “adaty ýagdaýa öwrüldi”


Türkmenabatda ýüzlerçe adam bankomatyň öňünde nobata garaşýar. 5-nji aprel, 2020 ý.

Lebap welaýatynyň merkezi şäherinde her gün bankomatlaryň we azyk haryt dükanlarynyň öňündäki ýüzlerçe adamlyk nobatlar adaty bir ýagdaýa öwrüldi diýip, sebitdäki habarçylarymyz we çeşmelerimiz maglumat berýär. Maliýe ýetmezçiligi we azyk gytçylygynyň fonundaky bu ýagdaýlaryň dowamynda adamlaryň arasynda dawa-jenjelleriň hem ýüze çykyp başlandygy bellenilýär.

“Türkmenabatda ýüzläp adam bank kartlaryndaky pullary nagtlaşdyrmak üçin ir säherden başlap bankomatlaryň öňünde nobat tutup durlar. Emma, diňe onlarça adam puluny nagtlaşdyryp bilýär. Bankomatlarda pul dessine gutarýar” diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky çeşmeleriniň biri 5-nji aprelde anonimlik şertinde maglumat berdi.

Türkmenabatda bankomatlaryň öňündäki nobat. 5-nji arpel, 2020 ý.
Türkmenabatda bankomatlaryň öňündäki nobat. 5-nji arpel, 2020 ý.

Şol bir wagtda, her bir adam bir gije-gündiziň dowamynda kartyndan diňe çäklendirilen möçberdäki maliýe serişdesini nagtlaşdyryp bilýär. Ýatlatsak, geçen aý Türkmenabadyň käbir bankomatlarynda gündelik limit 100-200 manada çenli düşürilipdi.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen bankomatlardan gündelik nagtlaşdyrmaga rugsat berilýän puluň möçberi yzygiderli çäklendirip gelýärler.

Ýurtda nagt däl hasaplaşygy boýunça söwda mümkinçilikleri hem az bolup, olar soňky döwür, şol sanda paýtagt Aşgabatda-da hasam çäklendirildi.

Bu aralykda, Türkmenabadyň döwlet azyk dükanlarynyň öňünde hem ýüzlerçe adam günübirin zerur harytlary, şol sanda uny, çigit ýagyny almak üçin uly nobatlarda garaşmaly bolýar.

Hususy söwda nokatlarynda azyk we senagat harytlarynyň bahasy, döwlet dükanlary bilen deňeşdirilende, telim esse ýokary bolany üçin, ilat harytlary döwlet dükanlaryndan almaga synanyşýar. Adamlaryň maliýe ýagdaýynyň ýiti ýaramazlaşmagynyň arasynda, raýatlaryň aglabasy arzan bahadan goýberilýän harytlara garaşly bolup galýar.

“Nobat üstünde adamlaryň arasynda dowamly dawa-jenjel ýüze çykýar. Şu gün bir erkek kişi zenan maşgala el hem gatdy. Olaryň ikisini-de gözegçilik edip duran polisiýa äkitdi” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly habarçymyz 6-njy aprelde gürrüň berdi.

Türkmenabatda polisiýa hususy söwdegärleriň dokumentlerini barlaýar. 6-njy aprel, 2020 ý.
Türkmenabatda polisiýa hususy söwdegärleriň dokumentlerini barlaýar. 6-njy aprel, 2020 ý.

Şol bir wagtda, bazarlara gözegçilik üçin ýerleşdirilen polisiýa işgärleriniň dürli bahanalary arap, hususy söwdegärlerden para almaga synanyşýandyklary hem bellenilýär.

“Polisiýa ‘Gök bazaryndaky’ hususy söwdegärleriň her birinden söwda rugsatnamasyny görkezmegi soraýar. Dokumentler görkezilse-de, polisiýa başga bahana tapman, harytlary düşürip duran günlükçilere barmagyny çommaldyp, ‘bular bilen iş şertnamaň barmy? Bikanun iş bilen meşgullanýaňmy?!” diýip, haýbat atýarlar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan habarçymyz gürrüň berdi.

Polisiýa işgärleriniň ‘bu ýagdaýlara göz ýummagy üçin’ hususy söwdegärlerden 200 manat möçberinde para talap edýändigi barada hem habarçymyz ýerli telekeçileriň birine salgylanyp maglumat berdi.

Türkmenistanda eýýäm ençeme wagt bäri dowam edip gelýän azyk krizisi häkimiýetleriň koronawirusyň ýaýramagyna garşy alyp barýan çäreleriniň fonunda has-da ýaramazlaşdy. Türkmen resmileriniň ýurtda wirusa ýolugan ýeke ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürmegine garamazdan, ýurduň serhetleri ýapyldy, paýtagta giriş-çykyş we ýurduň öz içinde-de hereket çäklendirildi. Mundan başga-da, ençeme, şol sanda azyk harytlaryny öndürýän kärhanalar ýapyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG