Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusa garşy göreşmeklerine ýardam bermek üçin garyp ýurtlaryň bergilerini yzyna tölemekleri babatda ýeňillige çagyryş edildi


Illýustrasiýa suraty. Azyk dükany
Illýustrasiýa suraty. Azyk dükany

100-den gowrak global gurama we haýyr-sahawat gaznalary dünýäniň iň garyp ýurtlarynyň koronawirus pandemiýasyny ýeňip geçmeklerine ýardam bermek üçin olaryň karz tölegleriniň ýatyrylmagyna çagyryş etdi.

Degişli beýanat 20-ler Toparynyň (G20) hökümetlerine we Halkara walýuta fonduna iberilýär. Beýanatda 2020-nji ýylyň karz tölegleriniň ýatyrylmagyna degişli birnäçe çäreleri hem-de öňümizdäki ýyllarda karzlaryň ýatyrylmagy arkaly olaryň karz ýüklerini ýeňletmek prosesini ýola goýmaga çagyryş edilýär.

“Ösüp barýan ýurtlar taryhda ozal görlüp-eşidilmedik ykdysady çökgünlige sezewar bolýar we şol bir wagtyň özünde olar saglyk bilen bagly gyssagly adatdan daşary ýagdaýa duçar bolýarlar” diýip, 7-nji aprelde ýaýradylan beýanatda aýdylýar.

Beýanata gol çeken 140 guramanyň arasynda iňlis haýyr-sahawat guramasy hem bar. Çagyryşyň beýleki goldawçylarynyň arasynda “Oxfam” we “Çagalary halas et” (Save the Children) gaznalary hem bar.

Kampaniýa 69 garyp ýurduň ýylyň galan bölegine degişli karz töleglerini, şol sanda olaryň hususy karz berijilere bolan bergilerini ýatyrmaga çagyryş edýär. Kampaniýa bu çärler bilen garyp ýurtlaryň 25 milliard dollardan, eger indiki ýyla uzadylsa olaryň 50 milliard dollarlyk bergiden boşadyljakdygyny çaklaýar.

Şeýle-de beýanatda karz tölegleriniň ýatyrylmagynyň ýa-da goşmaça maliýe serişdeleriniň tygşytlylyk ýaly ykdysady syýasata degişli şertlerden azat bolmagyna çagyryş edildi.

Bu beýanat ösüp barýan ýurtlarda koronawirusa gaýtawul bermek jogapkärçiligi tabşyrylan G20 Iş toparynyň duşuşygyndan bir gün öňe gabat geldi.

Halkara walýuta fondy we Bütindünýä banky garyp ýurtlaryň beýleki hökümetlere bolan bergileriniň togtadylmagyna bireýýäm çagyryş etdi, ýöne bu bergiler barybir öňümizdäki ýyllarda yzyna tölenmeli bolar.

Klifton munuň bilen häzirki wagtda pul tygşytlamak bilen bir hatarda,“meseläniň gaýra goýuljakdygyny we üýşen karzlar bilen iş salyşmak problemasynyň öňüniň alynýandygyny” aýtdy.

Ol karzlaryň derhal ýatyrylmagynyň pandemiýa garşy göreşmek üçin degişli ýurtlarda pul saklamagyň iň çalt usuly boljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de beýanatda saglyk krizisi gutarandan soň karz ýüküni azaltmak prosesi talap edilýär.

Halkara walýuta fondy gyssagly maliýe ulgamlarynyň üsti bilen $ 50 mililard elýeterli etdi we eýýäm 80 töweregi ýurt guramadan ýardam sorady. Bütindünýä banky hem $ 14 milliard COVID-19-a garşy göreş tölegini tassyklady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG